AGZA [agza:], 1. Belli gruppang sanynda durmak. Gurama agzalary gepleşmäge ýygnandylar. 2. gram. Sözlemde belli soraga jogap bolup, özara baglanyşyp gelýän sözler (eýe, habar, aýyklaýjylar). Sözlem agzalary iki topara bölünýärler. 3. anat. Beden organlary, syna. Onuň on iki agzasynyň bary birden gowşady. Onuň bir gysym topragyny men öz göwrämiň bir agzasyna deňeýän (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). * Baş a g z a gram. sözlemde eýe we habar. Deňdeş . Agza gram. sözlemde deň sintaktik ähmiýete eýe bolan agzalar. AGZALA [agza:la], Agzybir däl, ylalaşyksyz, oňşuksyz. Agzala bolup ýaşaşmak bolmaz. Agzybire taňry bir, agzalany gaňrybir (nakyl). AGZALALYK [agza:lalyk], Agzybir dällik, ylalaşyksyzlyk, oňşuksyzlyk. Angliýanyň hökümdar topar larynyň arasyndaky agzalalyklar güýçlenýär («Sowet Türkmenistany» gazýeti). Ýaşulularyň käbirleriniň agzalalykdan heder edip, ikirjeňlemegine garaman, köpçülik bolup Halnazardan däne dilemäge müwessa goýdular (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Agzalalyk döredijilikli işe päsgel berýär. AGZALAÇYLYK [agza:laçylyk], Ser. A g z a l al y k. Agzalaçylyk bolmazlygy üçin, Tehrana doly sostawda girmek ýagşy (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Aýylganç howp grek döwletleriniň köpüsine özleriniň adatdaky agzalaçylyklaryny wagtlaýynça ýatdan çykarmaga mejbur etdi (Gadymy dünýä taryhy). AGZAMAK, Bir zat barada gürrüň etmek, aýtmak, ýatlamak. Nikolaýy agzanoklarmy? diýip, ene ýuwaşlyk bilen sorady (M. Gorьkiý, Ene). Mundan bir ýyl öňkini bolsa agzajak hem däl (M. ibrahimow, Ol gün geler). Ol gozgalaňdan şonsuz gaýdanyny agzanda, sesiniň ysgyny gaçdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Gurt agzasaň, gurt geler (nakyl). AGZALMAK, Bir zat barada gürrüň edilmek, aýdylmak, ýatlanmak. Ýigrenji ýagy bilen ýaraşyk sözüniň agzalmagynyň özi hem utanç (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Agşamky ýygnakda käbir kömçilikler hakda hem agzaldy we olary tiz wagtda ýok etmeklik üçin, degişli karar kabul edildi. AGZYBIR [agzybi:r], Dostlukly, ylalaşykly, oňşukly, bir maksatly. Olar örän agzybir ýaşaýan ekenler («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»). Watana wepadar, goňşa gadyrdan, Agzybir halky bar, özi gahryman («Oktýabrь ýalkymy»). Agzybire taňry bir, agzalany gaňrybir (nakyl). AGZYBIRLIK [agzybi-.rlik], Dostluk, ylalaşyklylyk, oňşuklylyk, bir maksatlylyk, Olaryň ikisi-de agzybirlikde zähmet çekdiler («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Agzybirlik hemme zatdan güýçlüdir («Sowet edebiýaty» žurnaly). Söweşde basylmaz göreşjeň ýaşlar, Agzybirlik. bilen jemlenýän güýçler (Ata Salyh, Saýlanan eserler). AGZYSARY [agzysa:ry], Kämillik ýaşyna ýetmedik, pikir alyşmak üçin heniz ýaş we tejribesiz. Gören agzysarynyň sözüne gitseň, ahyrda gazanjagyň şu bolar («Kolhoz günleri»). Seniň ýaly agzysary oglanyň elinden şol gyzy alyp bilmesem, men hem ussa adymy taşlaryn (A. Durdyew, Saýlanan eserler). AGZYSARYLYK [agzysa:rylyk], Kämillik ýaşyna ýetmedik, pikir alyşmak üçin heniz ýetişen dällik, tejribesizlik. Sen şu ýaşda hem agzysarylyk edýärsiň! |