SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AGI

AGITA'TOR, Köpçülik arasynda agitatsiýa işini alyp barýan adam. Agitator  halkyň iň mähriban myhmanydyr («Edebiýat»).


AGITATORLYK, Agitatsiýa işini alyp barmaklyk, agitator bolup işlemeklik. Onuň agitatorlyk işini gowy alyp barşy barada hem gürrüň edýärler («Sowet edebiýaty» žurnaly).


AGITATSION, Agitatsiýa degişli bolan, agitirlemek häsiýeti bar bolan. Ata Salyhyň döreden eserleri agitatsion häsiýetlidir.


AGITA'TSIÝA, Bir ideýany ýa-da şygary halk köpçüligine ýaýratmaklygy maksat edinýän hem-de köpçüligi syýasy taýdan terbiýelemek we olary möhüm jemgyýetçilik-syýasy meseleleri çözmeklige çekmek maksady bilen alnyp barylýan iş. Agitatsiýany has giňden guramak gerek (M. Gorьkiý, Ene),


AGITBRIGA'DA, Köpçülik arasynda agitatsiýa işlerini alyp barmak üçin düzülen brigada, agitatorlar brigadasy. Ýolöten raýkomy ýeri meýdanlaryndaky maldarlara medeniýetli hyzmat etmek üçin agitbrigada düzdi («Sowet Türkmenistany» gazeti). Agitbrigada öz işine başlady.


AGITGRUPPA, Agitatsiýa işlerini alyp barýan topar. Agitgruppa agitatsiýa işlerini geçirmek üçin raýonlara ugrady.


AGITIRLEMEK, 1. Köpçülik arasynda agitatsiýa işini alyp barmak, agitatsiýa işini alyp barmak bilen meşgul bolmak.

2. Birini bir zada yrmak. Mesele aýdyň, bizi agitirläp oturasy iş ýok («Kolhoz günleri»).


AGITIRLENMEK, Köpçülik arasynda agitatsion iş geçirilmek, agitatsiýa alnyp barylmak.


AGITKAMPA'NIÝA, Agitatsion kampaniýa, agitatsiýa işini geçirmek kampaniýasy.


AGITKOLLEKTI'W, Agitatorlar kollektiwi. Agit-kollektiwiň işi dogry ýola goýlupdyr.


AGITPUNKT, Agitatsion punkt, ilat arasynda agitatsiýa-köpçülik işlerini alyp barmak boýunça punkt. Kolhozlarda agitpunktlar işleýer.