BAG

BAG [ba:g] I, 1. Uly agaçlar, ösümlik. Aşgabat bürenip gök begres baga, Säheriň çagynda ýaş gelin ýaly («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ýaşyl don geýindi ýalaňaç baglar (B. Kerbabaew, Aýlar).

Her ýerde iýmişli baglar göründi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Dürli agaçlar, güller ekilip gögerdilen uçastok.

Gülälekli gök meýdan, salkyn baglar sende bar (N. Pomma, Saý-lanan eserler).

Täze bagymyzy suwlandyrýan çeşmämiziň gözbaşy biziň obamyzdan 6—7 kilometr uzaklyk-da, Köpetdagyň içinde ýerleşýär (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).

Eger kärendesine bag alnan bolsa, onda hasylyň iki essesini bermelidi (Gadymy dünýä taryhy).

3. Gezmek, dynç almak üçin alleýaly agaçlyk, güllükler.

Baýly agşam naharyny iýenden soň, bag tarapa gitmekçi bolup, turup ugrady (B. Gurbanow, Du-şuşyd)

<> Çagalar bagy — ser. Ç a g a.

Ol bu gün birinji gezek çagalar bagyna gidýärdi («Bahar»). Mamagül hem çagalar bagynda terbiýeçi bolup işleýär (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


BAG [ba:g] II, Örülip ýa işilip edilýän hem-de baglamak, daňmak üçin ulanylýan ýüp, daňy.

Baglary gyrlan ganly goş haltajyk bilen beýleki tapan nyşanlaryny çykaryp ortada goýdy (A. Gowşudow, Mähri— Wepa).

<> B a g a bakmak — ser. B a k m a k.

Bu adam bulary baga bakyp, semredip ýören eken («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»).

Aýak bagy — ser. A ýa k. Sen oňa aýak bagy bolma.


BAGAŽ, 1. Ýolagçynyň ýany bilen alyp gidýän ýa-da ulag bilen iberýän ýüki.

2. göç. m. Biriniň bilim derejesi. Ol özüniň köne bagažma daýanýardy.


BAGAŽNIK, Welosipediň, mototsikliň ýa-da awtomobiliň yzyndaky ýük goýulýan ýeri. Yzynda, bagažnikde bolsa matros otyrdy («Pioner» žurnaly).


BAGANA, Täze dogan ýaşajyk guzynyň buýraly derisi.

Bagana bejerýän aýallar öz işlerine türgenleşipdirler («Sowet edebiýaty» žurnaly). Bagana tabşyrmaklyk plany artygy bilen ýerine ýetirildi («Sowet Türkmenistany» gazýeti). Bagana telpegini çykaryp, garyny silkdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


BAG-BAKJA [ba:g-bakja], Miweli we miwesiz agaçlar, dürli bossan ekinleri ekilen ýer uçastogy, bag-bossan.

Soň bir döwürde bolsa, aşagyna gün düşmez bag-bakja peýda bolupdyr (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Töweregi bag-bakja, gülzar bolsa hem, öz erkine goýberilmän, güýç bilen saklanýan adam üçin ol ýeri zyndan bolar (A. Gowşudow, Köpetdagyts eteginde).


BAG-BAKJALYK [ba:g-bakjalyk], Bag-bakja ekilen ýerler, bag hem bossan ekilen ýerler, bag-bossanlyk.

Ýüregim bag-bakjalygy isleýär. Bag-bakjalygyň aňyrsyna göz ýetmez («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BAGBAN  [ba:gba:n],   1.Bagy bejerýän, idedýän  we oňa seredýän adam.

Garry bagban dört sany adamynyň gelýänini gördi (A.Gowşudow,  Köpetdagyň  eteginde)

bagbanyna Nar ata  diýilýär (N.Pomma, soň bildim). Ol haýatdaky üzüm dalbarlaryna timar berip ýören bagbana gygyrdi (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

2. göç. m. Öz ýurdunyň eýesi, hojaýyny.


BAGBANLYK {ba:gba:nlyk],  Bagbanyň käri,  ýagdaýy.


BAGBANÇYLYK [ba:gba:nçylyk], ser. Bagbanlyk.

Maňa bagbançylyk hakynda gaty gyzykly gürrüň edip berdi (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).

Ýewropada bagbançylyk, gök ekinçilik ýaýrapdyr (Orta asyrlar taryhy).


BAG-BOSSAN [ba:g-bossa:n], ser. Bag-bakja.

Bag-bossana suw bermäge gidýärsiň (R. Seýidow, Bagtlylar). Garagumy bag-bossan edýäris biz («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).


BAG-BOSSANLYK [ba:g-bossa:nlyk], ser. B a g-b a k j a l y k.


BAGGOÝUN [ba:ggoýun], Huruşlyk üçin elde bakylýan goýun.

Çerkez bakan baggoýnuny öldürdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Işigiňde göleli sygyr, telim baggoýnuň bar (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Bag-goýunlar gapylarda daňylgylygyna galdy (B. Kerba-baew, Aýgytly ädim).


BAGJYK [ba:gjyk], Geýimiň, egin-eşigiň ýakasyna ilik ýerine edilýän inçejik bag.

Gulakjynymyň nemlenen bagjygy doňdy («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Halnazar sandyrap başlan elleri bilen donunyň bagjygyny çekdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BAGJYKLYK [ba:gjyklyk], Ýaka ildirilýän aşagy şelpeli ilgençek.


BAGZY, kön. s. ser. K ä b i r.


BAGLAÝJY [ba:glaýjy], gram. Sözleri ýa-da sözlemleri özara baglanyşdyrmaga hyzmat edýän kömekçi söz.


BAGLAMAK [ba:glamak], 1. Daňyp goýmak, daňyp berkitmek, daňmak.

Myrat, Tanýa itleriniň ýüpüni agaja baglap, ýap-ýaňja ornaşypdylar («Mydam taýýar» gazeti).

Ol geçini bir agaja baglap, näzenin aýaklaryny şildiräp akýan suwa sokup oturdy (Aýbek, Nowaýy).

2.Bogup  berkitmek, bogmak. Gözel çemen baglaýar.

3.Ýapyp berkitmek, gulplamak (gapy we ş. m. hakynda).Bar, oglum, gapylary baglap gel!

4. gram. Baglaýjylyk roluny ýerine ýetirmek. Goşulmalar esasan söz ýasamaga we sözlemde sözleri biri-birlerine baglamaga hyzmat edýärler.

5. Ýoluny almak, öňüni ýapmak, öňüni tutmak.Ýoly ot çabyradyjy toply grek floty baglapdyr (SSSR taryhy).

6. göç. m. Bent etmek, bendiwan etmek.Awtor Mahymy Tahyra päk söýgi bilen berk baglaýar-

(«Edebiýat»).

<>    Aýagyny    baglamak — ser. A ýa k.

Indi Hoşgeldiniň aýagyny baglamasaň, muny saklap bilmersiň (A.  Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). 

Bil baglamak— ser. B i l.   Ol öz ýoldaşlaryna bil baglaýardy.

Biliňi   baglamak — taýýar bolmak, häzir bolup durmak. Al ýarag, berk guşa, bagla biliňi! (Mol-

lamurt,   Saýlanan eserler). 

Ganat  baglamak  — ser. G a n a t. Ol begenjinden ýaňa diňe bir ganat baglap uçup bilmedi   («Tokm'ak»     žurnaly).    

Ýüregi bire baglamak — ser. Ý ü r e k. Gaýrata galaýyn, joralarym hem kömek  bererler diýip,  ýüregimi bire bagladym («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).

U m y t    b a g l a m a k — ser. U m y t. Iň agyr günlerinde kakasyna umyt baglady (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Çopan ogly).


BAGLANMAK [ba:glanmak], 1. Daňlyp berkidilmek, daňlyp goýulmak. Düýeleriň hemmesi baglandy.

2. Boglup daňylmak bogulmak. Bede desseleri baglanypdyr.

3. Ýapylan bolmak, ýapylmak, gulplanmak. Magazin baglandy. Çörek dukany eýýäm baglanypdyr.

4. Öňi alynmak, öňi ýapylmak, öňi tutulmak, beklenmek. Gaçynyň ýykylan ýeri baglandy. Böwet baglandy.

5. göç m. Bent bolmak, bendiwan bolmak.


BAGLANYŞYK [bagglanyşyk], 1. Özara gatnaşyk, biri-birine bolan gatnaşyk, aragatnaşyk.

Bir umumy ýakynlyk, baglanyşyk bardyr («Görogly» eposy). Onuň olar bilen nähili baglanyşygy bar.

2. Biri-birine baglylyk, biri-birine esaslananlyk, biri-birine garaşlylyk.

3. Logika we grammatika taýdan yzygiderli, manyly ýazylyş.


BAGLANYŞYKLY [ba:glanyşykly], 1. Aragatnaşyk saklaýan, gatnaşykly bolan, aragatnaşykly.

Ol bütin goşunyň söweşi bilen baglanyşykly (A. Atajanow, Iki poema).

2. Bir zada esaslanan, biri-birine bagly bolan, asyly bolan, dahylly bolan.

Okatmak işini durmuşa baglanyşykly etmäge çalyşýardy (I. T. Ogorodnikow, P. N. Şimbiriow, Pedagogika.). Maslahat Kaspi basseýniniň problemasy bilen baglanyşykly dokladlary diňledi («Sowet Turkmenistany» gazýeti). Onuň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly «Kemine we Kazy» operasy döredildi («Edebiýat»).

3. Logika we grammatika taýdan yzygiderli, manyly bolan.


BAGLANYŞYKLYLYK [batlanyşyklylyk], 1. Aragatnaşykda bolmaklyk, gatnaşyk saklamaklyk.

2. Bir zada esaslananlyk, biri-birine baglylyk, baglanyşygy barlyk, asylylyk, dahyllylyk.

3. Logika we grammatika taýdan yzygiderlilik, manylylyk.


BAGLANYŞYKSYZ [ba.tlanyşyksyz].1. Aragatnaşyk saklamaýan, gatnaşygy bolmadyk, aragatnaşyksyz.

2.Hiç zada esaslanmadyk, baglanyşygy ýok bolan, dahyly bolmadyk.

3. Logika we grammatika taýdan yzygiderli däl, biri-birini tutmaýan, manysyz.

Ene bu gyzyň baglanyşyksyz, çalt gürrüňine üns bilen gulak asýardy. (M. Gorьkiý, Ene).


BAGLATMAK [bagglatmak], 1. Daňdyryp berkitdirmek, daňdyrmak. Mallary gazyga baglatmak.

2. Bogduryp berkitdirmek, bogdurmak. Çemen baglatmak.

3.Gulplatmak, ýapdyrmak(gapy, sandyk   we ş. m. hakynda). Dükany baglatmak.

4. Öňüni aldyrmak, öňüni bekletmek, öňüni tutdurmak.Böwedi baglatmak. Suwuň böwsen ýerini baglatmak.


BAGLAŞMAK [ba:glaşmak], 1. Birine bir zady daňyşmak, daňmaga kömekleşmek (ulag, gap-gaç we ş. m. hakynda).

2. Iki tarapyň razylygy boýunça gazanylan ylalaşyk şertnamasyna gol çekip kabul etmek. Oleg 911-nji ýylda Wizantiýa bilen peýdaly ylalaşyk baglaşypdyr (SSSR taryhy). Taýpa ýygnagy ýaraşyk baglaşypdyr (Gadymьg dünýä taryhy).


BAGLY [ba:gly], 1. Baglanyp goýlan, daňylgy. Gazykda bagly gara göle gözüni mölerdip seredýär (A. Gowşudow, Köpetdagyn eteginde).

2. Ýapyk, gulply, berkidilen. Düýn men baranymda, Jereniň gapysy baglydy.

3. Birine ýa-da bir zada garaşly, asyly bolan. Naharlaryň assortimentiniň köp bolmagy we hiliniň gowy bolmagy, birinji nobatda, aşpezlere baglydyr («Sowet Türkmenistany» gazýeti).

<> Goly bagly — ser. Gol I. Goly bagly bendidik, Barymyz azat etdi, Ygtyýar hem erk berdi, Gamly göwni şat etdi (Mollamurt, Saýlanan eserler). SSSR-iň işçisi hem daýhany, Goly bagly gardaşlarňyz unutmaň! (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler).

Gözi bagly — ser. Göz. Erk berdi, bagly gözüňiz açdy. Ýaşaň, aýal-gyzlar, zamanyň geldi (Durdy Gylyç, Goşgular).


BAGLYK [ba:glyk], Miweli ýa-da miwesiz agaçlaryň köp ekilen uçastogy ýeri, köp agaç biten meýdan. Gür baglyklaň arasyndan akýar ýene köp sanly ýap (R. Seýidow, Lebap gyzy). Ýüzlendi görünýän güri baglyga, Gezmäge sapaly, hezil çaglyga (N. Pomma, Saýlanan eserler).

Baýram dagy gür baglyk obanyň içinden çykyp, gowaça meýdanyna ugradylar (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


BAGLYLYK [ba.tlylyk], 1. Birine, bir ýagdaýa, hadysa, sebäbe bagly bolmaklyk, garaşlylyk.

2. Biri-biri bilen baglanyşykda, gatnaşykda bolmaklyk, degişlilik. Obýektiw dünýäniň hemme zatlary, hadysalar ählumumy aragatnaşykda we özara baglylykda bolýarlar (S. N. Winogradow, A. F. Kuzьmin, Logika). Taryhy we milli aýratynlyklara baglylykda sotsialistik gurluşygyň anyk problemalaryny çözmekligiň dürli-dürli metodlarynyň ulanylyp bilinjekdigini görkezýär («Sowet Türkmenistany» gazýeti).


BAGRÖÝKEN, anat. Adamyň ýa-da haýwanyň bokurdagy bilen birleşýän bagry, öýkeni, ýüregi we ş. m. * Bagröýkeni agzyndan çykmak — ögäp gaýtarmak, gusmak. Bagröýkenim agzymdan çykyp gelýär— diýip, Meret küýki üsgüren bolýar (N. Pomma, Saýlanan eserler).

Bagröýkeni görünmek 1)  örän iglemek, horlanmak; 2) garyplygy mälim bolup durmak.


BAGT, 1. Durmuşdan razylyk, ýaşaýyşdan hoşallyk, kanagatly durmuş, şatlykly ýagdaý.

Bagt berip, öň ezilen bir käne, Könäniň köküni guratdy kanun (N. Pomma, Saýlanan eserler).

2. Üstünlik, rowaçlyk, şowlulyk, abraý, hormat.

<>Bagt guşy uç-m a k — bagty oýanmak, işi şowuna duşup başlamak.

Bagta tewekgellik etmek — bagty synap görmek, töwekgellik bilen bir işi etmäge synanyşmak.

Näme-de bolsa bagta töwekgellik edip, haty eltip bermeli («Görogly» eposy).

Tämiz söýgiň ady heý-de öçermi? Bagt guşy hiç sebäpsiz uçarmy? (D. Baýmyradow, Söýgi we mekirlik). Bagty açyklyk — işi rowaçlylyk. Ol gyzynyň açyk bagtlylygyny isleýärdi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

Bagty gara — eden işi ugra barmaýan, şowuna düşmeýän.

Garyp bilbil, bagty. gara, Ýüregime salma ýara («Görog-ly» eposy).

Bagty getirmek — edeni ugruna bolmak, işi şowuna duşmek. Onuň bagty getirdi.

Bagty daş ýarmak — ser. Bagty getirmek. Mahlasy onuň bagty daş ýarýardy («Tokmak» žurnaly). Bagty ýatan — şowsuzlyga, betbagtlyga sezewar bolan. Bagtymyz ýatdy, ýoldaşlar, Gök ekinleri gün ýakar (Çary Aşyr, Ganly saka).

Bagtyny açmak — 1) işini şowly etmek, rowaçlandyrmak; 2)Durmuşa çykarmak, äre bermek.   

Eger sende heniz belgili bir zat ýok bolsa, meniň bagtymyň ýüzüne öz elim bilen çeken gara perdämi    syrarsyň, bagtymy açarsyň, şatlandyrarsyň (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

Bagtyny    ýatyrmak  — çykgynsyz ýagdaýa  salmak, işini gaýtarmak.


BAGTA-BAGT, Näme bolsa-da, nähili bolsa-da, başa näme gelse-de.

Wladimiriň gözüne ýaş aýlandy; ol bagta-bagt sürüp ugrady (A. S. Puşkin, Saýlanan,eserler).


BAGTLY, 1. Bagta eýe bolan, bagty bar bolan, bagtyýar.

Biziň ýurdumyzyň çagalary dünýede iň bagtly çagalardyr («Pioner» žurnaly). Sen bize hyzmat etseň, dünýede iň bir bagtly adam bolup çykjagyňa ynan (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

2. Işi rowaç alýan, üstünlikli, şowly, hoşbagt.

Näzlim, golaý gelýär bagtly günler (B. Kerbabaew, Aýlar). Meniň ýüregimde zerrejik. bozgaklyk bolman, men bagtly ýaşaýyş ýoluna gadam urýan ahyry (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

Bagtly sähet gözlemez (nakyl).


BAGTLYLYK,  1. Bagtly bolmaklyk, bagty barlyk.

2.Rowaçlylyk, şowlulyk.

Dostum, seniň duýgyň belent hem tämiz, adamzat üçin şol-da uly bir bagtlylyk (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Onuň yzynda sepil bolmag-a beýlede dursun, onuň guly bolmak hem bagtlylyk («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BAGTOKLY [ba:gtokly], Huruşlyk üçin elde bakylýan tokly.

Bagtoklularyny agşamlaryna kuhnýa salýar (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


BAGTSYZ, 1. Bagty bolmadyk, betbagt.

Ol özüni ären bagtsyz hasap edýärdi we aglasy gelýärdi (A. P. Çehow, Saýlanan eserler).

2. Işi rowaç däl, işi şowuna düşmeýän, paşmaýan.


BAGTSYZLYK, 1. Bagtsyz bolmaklyk, betbagtlyk.

Öz halkynyň taryhy bagtsyzlyklaryna şulary sebäp bilýärdi (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

2. Rowaçsyzlyk, şowsuzlyk. Seniň darsdabanyň meniň gapyma degeli beri, bagtsyzlyk üstüne bagtsyzlyk. Baýlaryň başyna gelen bagtsyzlyk Gandym ýalylaryň bir neçesine wagtlaýyn bagt getirdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BAGTYÝAR [bagtyýa:r], ser. B a g t l y.

Bagtyýar bu Jeren eje, Öň köp horluk gören eje (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler). Biz seniň arkaňdan azat ýaşaýas, Biz bagtyýar, biz şeýle şat ýaşaýas. Päk ýürek ynsany bagtyýar edýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).

BAGÇYLYK [ba:gçylyk], 1. Oba hojalygynyň bag ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan pudagy. Ýaşuly, bu kitap bagçylygy ösdürmek hakda gürrüň berýär («Sowet Türkmenistany» gazeti).

2. ser. B a g l y k.


BAGŞY, Türkmen milli aýdym-sazlaryny, dessanlaryny aýtmakda halkyň içinde tanalyp, özüni görkezen adam, aýdymçy.

Bagşy aga, ýadap gelensiňiz, jaýlyrak oturyň (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Bagşy ilki bilen pessaý heňe tutup, nowaýydan heň etdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Bagşynyňky «haý» bilen, mollanytsky «waý» bilen (nakyl).

<> Bagşa «Göter!» diýmek — bagşynyň has batly aýtmagyny haýyş etmek.


BAGŞYÝÖWŞAN, bot. Dagda bitýän yslyja ot.


BAGŞYÇYLYK, Bagşynyň käri, bagşylyk seneti. On bäş ýyl bagşyçylyk etdim, hiç kimde şeýle ses ýokdy (A. P. Çehow, Saýlanan eserler). Horaz bagşy ýetmşi ýaşa golaý ömrüniň agramyny bagşyçylyk bilen geçiripdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BAGY-BOSSAN [ba:gy-bossa:n], Gök ekinleriň,  ir-imişleriň köp bitýän ýeri.

Durdy Gylyç düzer dessan, Miweledi bagy-bossan (Durdy Gylyç, Goşgular).


BAGY-BOSSANLYK [ba:gy-bossa:nlyk], Bag-bossan biten ýer, baglyk.


BAGYR, anat. 1. Adamda, haýwanlarda sag gapyrganyň aşagynda, garyn bilen kükregiň aralygynda ýerleşip, öt işläp çykarýan organizm, jiger. Garnyň, ýanynda bagyr erleşýer (W. F. Şalaew, N. A. Rykow, doologiýa).

2. göç. m. Gujak, kükrek, döş.

Duşman özüniň ganly hanjaryny Watanyň bagryna dirän wagty, gorkunç howpun, Watanyň üstüne abanan wagty, Wepa ýaly gujurly ýigitler heý durup bilermi! (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

* Bagra basmak—gujaga gysmak , gujaklamak. Aýsoltan gowaçany emaý bilen çekdi-de bagryna basdy (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Gutlaýaryn gyzym! — diýip, meni bagryna basdy (B. Pürliýew ILKINJI GÜN) Knýazь zyba gyzy bagryna basdy (A.S.Puşkin Ertekiler). Seni gyzkaň bagryma basjakdym welin, bolmady (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).

Bagry buz,Doň ýürek,Mähirsiz.Bagry buz sözleri zu, dişleri dürdäne gözel («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»).

 Bagryňy ýakmak — ser.Bagryňy kebap etmek.

Waý, bu meni nätdi? Edil bagrymy ýakdy-da goýaýdy (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

Bagryn badaşmak — ser. Badaşmak.

Eziz bilen biziň bagrymyz badaşmandyr (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Bagryň bilensüýşmek—1) görünmezlik maksady bilen ýüzin ýatyp, öňe hereket etmek. Ýol boýy bagryň bilen süýşüp ýöremelidi;

2) zordan ýöremek, hereket etmek (ýadawlyk, syrkawlyk we ş. m. sebäpli).

Bagryňy kebap etmek— juda köp azap çekmek, ynjamak, ýanyp-bişmek.

Buhar Emiriniň zulmy, Etdi bagrymyzy kebap (R. Seýidow, Eserler).

Bagry tütemek — gaty gynanmak, ýanmak, köýmek.

Göripleriň bagry tütäp örtensin pygan edip, Ýeňiş bilen işiň öňe sürgün, söýgülim, bu gün! (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler).

Bagyr awusy — çaganyň aradan çykmagy zerarly ene-ata tarapyndan bildirilýän çuň gynanç, çekilýän azar, gam.

Balam, bagyr awusy ýaman zat (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

Gara bagyr bolmak — örän yhlas bilen ýapyşmak, janypkeş bolmak.

Gara bagyr — mähriban, gaty içgin, yhlasly.


BAGYRAK [ba:gyrak], 1. Hemişe bagyryp ýören, köp bagyrýan.

2. göç. m. Hemişe zeýrenip, aglap ýören (adam hakda).


BAGYRMAK [ba:gyrmak], 1. Gygyryp ses çykarmak, gygyrmak (käbir haýwanlar hakynda).

Öýde öçügsi çyranyň ýagtysyna tahýa tikip oturan Amansoltan daşar-da düýäniň bagyranyny eşidip tisginip gitdi («Sowet Türkmenistany» gazýeti).

2. göç. m. Gygyryp zeýrenmek, käýinmek, aglamak.

Bagyryp aglarlyk hallary bardy (Mollamurt, Saýlanan eserler). Bu garryja pahyr, näme ederina bilmän, bagyryp başlapdyr («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»). Gygyrdy, bagyrdy, etdi galmagal (A. Atajanow, Iki poema).


BAGYRTLAK, zool. Döşüni ýere berip ýapyrylyp ýatýan, petekesiniň aşagy garaja aw guşy.

Biz agşama çenli ýene bir näçe bagyrtlak awladyk («Pioner» žurnaly). Tüweleýi görüp, howsala düşen we onuň nämedigine düşünip bilmän, otuň içinden çykyp, bir bagyrtlak uçup gitdi (A. P. Çehow, Saýlanan eserler).


BAGYRTLAMAK, 1. Bir zady ýa-da birini kükregiň aşagyna alyp ýatmak.

Gapany bagyrtlap ýatan möjek gözlerini töweregine aýlady (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

2. göç. m. Ýere ýapyrylmak. Ýer bagyrtlap gelýän tanklar göründi (K. Işanow, Watan üçin).


BAGYRTMAK [ba:gyrtmak], 1. Düýäni bagyrmaga sezewar etmek.

2. göç. m. Birini gaty ses bilen aglatmak, gygyrtmak, zeýrendirmek.


BAGYRYBERMEK [ba:gyrybermek], 1. Gygyryp ses edibermek. Ýanyna baranlarynda, ýagyr düýe bagyryberdi.

2. göç. m. Gygyryp zeýrenibermek, aglabermek. Nädersiň, agzyny göge tutup bagyryberse! (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Ol gyssanjyna bagyryberdi.


BAGYRYŞMAK [ba:gyryşmak], 1. Gaty ses bilen gygyryşmak.

2. göç. m. Bir näçe bolup närazylyk bildirmek, zeýrenişmek, aglaşmak.

Şuňa meňzeş baýar adamyny henize çenli gören däldiris— diýip bagyryşýarlar («Tokmak» žurnaly).


BAGYŞBAG [bagyşba:g], Üzügiň aşagyndaky baglar (gara öý hakynda).

Ýaňy arkaýynlanypdyk, birden «bagyşbagy üzüldi, elbagy gyryldy» diýip, heleý dady-perýat etmäge başlady (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


BAGYŞLAMAK, 1. Biriniň günäsini ötmek, günäsini geçmek.

Ol öz doganynyň bu gödekligini bagişlap bilmedi (B. Pürliew, Ilkinži gün). Seniň şu dereje ýeten türkmen gyzy boldugyňa şek ýetirjek bolan bolsam, elbetde, sen meni bagyşlarsyň (A. Gowşudow, Saýlanan'eserler).

2. Bir zady peşgeş bermek, sylag hökmünde bermek, bagyş etmek.

Sapak çekilen ýigit hem ümeçi gelin-gyzlara bir zat bagyşlamaga borçly bolardy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

3. Bir zadyň ýa-da biriniň şanyna bagyş etmek, bir zadyň hormatyna teklip etmek, niýetlemek.

Zelili bu temada ýazan şygyrlarynyň köpüsina ýaşlykda söýşen gyzy Döndä bagyşlapdyr. Ol iň gözel, iň şirin sözlerden çemen baglaýar. Ol çemeni özüniň taryp edýän gözeline bagyşlaýar («Edebiýat»).


BAGYŞLANMAK. 1. Biriniň günäsi ötülmek.

2. Peşgeş berilmek, sylag hökmünde berilmek.

3. Bir zadyň ýa-da biriniň şanyna, hormatyna bagyş edilmek, niýetlenmek. Lenine bagyşlanyp ýazylan goşgy.


BAGYŞLATMAK, 1. Biriniň günäsini ötdürmek, geçdirmek.

2. Peşgeş berdirmek, sylag hökmunde berdirmek.