BAJ

BAJA [ba:ža], Aýallary dogan bolan adamlara degişlilikde ulanylýan at.

Ol ýegnini gysdy-da: — Ýarama duz sepmesene, baja — diýdi (K. Jumaew, Ak derek).


BAJAK [ba:jak], Çaýyr we ş. m. otlaryň ownuk kökleri bilen örtülen ýeriň üstki gatlagy, depilende dargamaýan çaýyrly kesek bölegi.

Ýaňy iki ädim äden-de, bajaga büdräp ýykyldy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Ýabyň içindäki bajaklary we böwürslenleri hiç zat goýman aýralyň (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


BAJY, Aýal dogan, uýa.

Men gidýän, düýe bakýan, Bajym suwlaryn çekýär (A. Nyýazow, Şygyrlar). Gözüňi açdyň-da, gözlediň ajy, Gyza gardaş bolduň, aýala— bajy. (Mollamurt, Saýlanan eserler).