<
BAZ

BAZ [ba:z], zool. kön. s. Algyr guş, elguş. Sizsiňiz Watanyň algyr bazlary (N. Pomma, Saýlanan eserler).


BAZA, 1. Bir zadyň esasy çeşmesi, esas.

Watanmyň ýazyjysy, sözüň bazasy, Dünýä "täsir etdi dilniň mazasy (N. Pomma, Saýlanan eserler).

2. Düýp, esas, fundament (gurluşyk hakynda).

3. Käbir edara, kärhana ady. Döwlet bazasyna ugradylýan inçe süýümli ýüpek pagta ine şeýle göreş arkaly ösdürilip ýetişdirildi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ol bu ýere ýygnalan pagtalary baza ugratmaga gelen eken (B. Pürliew, Ilkinji gün). Sapar pagta bazasynda şofior bolup işleýär.

4. Harytlaryň, materiallaryň saklanýan ýeri, sklad. Holodilьnikler, söwda bazalary salnyp başlandy («Tokmak» žurnaly).


BAZALT, Wulkanlardan emele gelýän gaty dag jisimi.


BAZAR [ba:zar], Zat satylýan we satyn alynýan ýer, meýdança.

Kakam bilen bazara gidenimizde, ol maňa kemput alyp bererdi (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Birinji kolhoz bazarynyň orta gürpräginde biri-birine ýanaşyk iki çaýhana ýerleşýär («Tokmak» žurnaly).

Bazara bar, bagtyňy gör (nakyl).

Çagaly öý — bazar, çagasyz öý — mazar (nakyl).

<> Bazar gurmak — 1) söwda etmek, satmak; 2) jedel etmek, dawalaşmak, gykylyk-gopgun turuzmak. Täze durmuş, täzelikler bolupdyr, Üstümde bazary gurma, atam jan! (A. Kekilow, Saýlanan eserler).

Bary bilen bazar eýl e m e k — ser. B a r y.

Garly aga meni goýbermejek boldy. Bary bilen bazar eýläp, gürleşip oturmagy ýüreginden syzdyryp ýalbardy. Men bary bilen bazar eýledim, oňatja, arassa geýindim («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BAZARKOM, Bazar komiteti, bazaryň başlygy. Agam bazarkom bolup işleýär.


BAZARLAMAK [ba:zarlamak], Bazara baryp, gerek ýarak zadyny alyp gaýtmak.

Aý, şu gün keýpine bazarlap gelsem diýýärin (X. Ysmaýylow, Iki atanyň ogly).

Olar bazarlap gelipdirler (N. Pomma, Taýlak hyzzьga).


BAZARLY [ba:zarly], Hyrydary köp bolan, gowy geçýän, oňat alynýan. Bazarly harit. Bazarly mal.


BAZARÇY [ba:zarçy], Zat almak ýa-da satmak üçin bazara gidýän adam.

Bazarçylar öýli-öýüne dargap başlady.


BAZBENT [ba:zbent] Çagalaryň kürtesiniň arkasyna dakylýan üsti gaşly, gyrasy zynjyr düwmeli, tegelek, gyzylly kümüş şaý.

Bukjanyň içinden ýüzüne tylla çaýylyp ýasalan kümüş ýaý, bazbent we başga şular ýaly şelpeli çaga şaýlary çykdy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


BAZZY-BUZZY, Ugurly-utgasyz, bazzyk-buzzuk, düşnükli-düşnüksiz. Bazzy-buzzy geplemek.


BAZZYK-BUZZUK, ser. B a z y-b u z z y.

Ol agzy nasly ýaly bazzyk-buzzuk edip gepledi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Bazzyk-buzzuk naýyjar iňňildi çaý içim salym dowam etdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BAZZYLDY, ser. B a z y r d y.


BAZIS I, syýasy. Jemgyetiň öz ösüşiniň belli bir etapyndaky ykdysady gurluşy.


BA'ZIS II, arhit. ser. B a z a 2.


BAZLAMAK, ser. Bazyrdamak.


BAZLATMAK, ser. Bazyrdatmak.

* ýüzüne bazladyp basma k—ser. ý ü z I. Meniň näme kemçiligim bar bolsa, ýüzüme bazladyp bas-da dyn! (II. Pomma, Sebäbini soň bildim). Basýas günäsini ýüzüne bazladyp («Tokmak» žurnaly).


BAZYRDAMAK, Bazyrdyly ses çykmak, bazyrdyly seslenmek, bazlamak. Ot bazyrdap ýanýar. Öl odun ýanan-da bazyrdaýar


BAZYRDATMAK, Bazyrdyly ses çykarmak, bazyrdyly seslendirmek. Bazyrdadyp ot ýakmak.


BAZYRDY, Öl odun ýananda ýa-da oduň, közüň, gyzan demriň üstüne suwuk zat dökülende çykýan ses.