BAS

BAS, sazç. 1. Basyk ýogyn sesli saz guraly.

2.Ýogyn ses we ýogyn sesli aýdym aýdýan adam.


BASA-BAS, Märekäniň, köpçüligiň arasynda dyknyşyk, gyslyşyk zerarly bolýan itekleşik.

Märekäniň arasynda basa-bas peýda boldy.


BASA-BASLYK, Gyslyşyk zerarly biri-biriňi iteklemeklik, dyknyşyklyk.


BASALAMAK, Bir zadyň üstünden basyp geçmek, depelemek. Orda oglan-uşagy at toýnagy bilen basalaýar-dy (SSSR -taryhy).


BASALAŞDYRMAK, Basalap çykmak, yzly-yzyna basalamak, depeleşdirmek.


BASALAŞMAK, Biri-birini basjak bolup oýun edişmek, biri-biriň bilen dalaşmak.

Biri-biri bilen basalaşyp ýörän ýigitleriň, nökerleriň şowhunlary uzakdan, bagyň beýleki burçundan eşidilýärdi (Aýbek, Nowaýy).


BASALYK, Aram, göwunlik, rahatlyk, ynjalyk, çydam.

Emma il-günden utanyp, ýüregine basalyk berýär (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

Men özüme basalyk berjek boldum (M. Gorьkiý, Eserler).

Emma ol özüni mertlerçe saklap, beýlekilere-de basalyk bolýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Men birden gaharlanyp, gygyrsam gygyrypdyryn-da, sen bäri maňa basalyk bolsaň bolmaýarmy? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


BASALYKLY, Aramly, öz-özüne göwunlik berýän, çydamly.

Siziň haýsyňyz menden basalykly bolsaňyz, Gyzdurdynyň sözlerini eşidip, çydam edip durýan bolsaňyz duruň-da (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


BASGANÇAK, 1. Aýak basyp ýokary çykmak we aşak düşmek maksady bilen daşdan ýa-da agaçdan keseligine goýlup ýasalan gurluş, merdiwan.

Men basgançakdan tiz-tiz ýokary çykdym-da, otaga girdim («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Şol mahal arka ýüzdäki tamlaryň biriniň agaç basgançagyndan düşüp, özüne bakan ugran gara göz gyz, şol gospitalyň naçalniginiň edarasynda gören gyzydy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

Şu jaýyň sag gapdalyndaky sarymtyl ýylmanak daşdan örülen ajaýyp basgançaklardan ýöräp ýokary çykdy (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).

2. Bir zadyň ösüş, orun tutuş ýa-da guramaçylyk derejesi.

Partiýanyts XX gurultaýyndan soň, edebiýata ýolbaşçylyk etmeklik täze basgançaga ýokary göterilýär («Sowet edebiýaty» žurnaly). Emma munuň özi okuwçylaryň ylma bolan höwesini ösdürmegiň we terbiýelemegiň diňe birinji basgançagydyr (I. T. Ogorodnikrw, P. N. Şimbirew, Pedagogika).


BASGY, 1. Dyknyşyk, basa-bas.

2. Özüni ýitirip çaşmaklyk, başagaýlyk, aljyraňňylyk. Ynançly berkitmeleri ýumrulyp böwsülenden soň, özleriniň basgy bolup gaçan goşunlaryny halas etmek üçin Nemetsler rezerwlerini söweşe süren bolmaga çemeli (A. Gowşu-dow, Mähri—Wepa).

Hiý, şeýle-de bir basgy astynda galmak bormy? (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BASGYLAMAK, 1. Bir zady depeläp ýere ýatyrmak, depelemek. Feodallar daýhanlaryň ekin meýdanlaryny basgylaýardylar (Orta asyrlar taryhy). Agşamlary bolsa aýaklaryny temiz ýuwup, hamyr basgylaýardy, suw çekýärdi (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

2. göç. m. Äsgermezlik edip horlamak, azar bermek, ezmek. Oktýabrь rewolýutsiýasyndan öň ekspluatatorlar garyplary basgylaýardylar.


BASGYLANMAK, 1. Aýak astynda galmak, depelenmek.

Abadan gaýgy-hasratdan ýaňa, bir gijäniň içinde edil basgylanan maýsa ýaly bolup süllerdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. gäç. m. Äsgermezlik edilip horlanmak, azar berilmek, ezilmek.

Çydamsyz bir ýagdaýda aýak astynda basgylanýar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). .


BASGYLATMAK, 1. Aýak astynda galdyrmak, depeletmek.

2. göç. m. Äsgermezlik edip horlatmak, azar berdirmek, ezdirmek.


BASGYLAŞMAK, Aýak astyna alyp basgylamaga, depelemäge kömekleşmek.


BASGYÇ, Sorýan kagyz berkidilen ýazuw enjamy, sorguç. Dökülen syýany basgyç bilen sordurmak.


BASDYRMAK, 1.Aýak astynda galdyrmak, üstünden agram saldyrmak, depeletmek.

Guduzlar jemlenip atyn sürdüler, Garyby basdyryp hem-de urdular (N. Pomma, Saýlanan eserler).

2. Türmä saldyrmak. Bigünä adamy basdyrdylar.

3. Rejeläp üsti-üstüne goýdurmak, biri-biriniň üstünde ýerleşdirtmek. Kude basdyrmak. Bede basdyrmak. Odun basdyrmak.

<> Gaýga basdyrmak — ser. G a ý g y. Gara görnüm ýörseň, gaýga basdyrar, Töweregňe seredýärsiň, eşekli (Durdy Gylyç, Goşgular) .

Ota basdyrmak —ser. O t 1. Ota basdyran ýerleriň-e bar eken («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Suwa basdyrmak — suw basmagyna ýol bermek. Gowaça meýdanlaryny suwa basdyrýar («Kolhoz gün

leri»).


BASKETBOL, sport. Sütüne berkidilen tor korzinka, el bilen top zyňyp düşürmek şerti bilen iki komanda arasynda oýnalýan oýun.

Basketbol we sportuň beýleki görnüşleri boýunça sportsmenleriň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi («Ýaş kommunist» gazýeti). Meýdançada futbol, basketbol oýunlaryndan başga-da, sportuň dürli görnüşleri üçin bellenen ýerleri görýärsiň («Pioner» žurnaly).


BASKETBOLÇY, Basketbol oýnuny oýnaýan adam, basketbol oýnuna gatnaşyjy.


BASKLAR, Ispaniýanyň demirgazyk-günbatar we Frantsiýanyň günorta-gunbatar raýonlarynyň esasy ilatyny düzýän ýerli halk.


BASLYK, dokm. Haly dokalanda: çitimden soň darak kakylanda, erşi gyrmazlyk üçin erşiň arasyndan öllenip geçirilýän ýüplük.

Aýnanyň çitimi doldy. On-dan soň baslyk ötürip, dartysyny berk çekdi-de, darak urmaga oturdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BASLYKDYRMAK, 1. Bir zady biri-biriniň üstüne basyp goýup heňletmek, dymjykdyrmak (ot-iým, iýmit hakynda).

2. Köp mukdarda bir ýere üýşürmek, toplamak, ýygnamak.

Harytlary skladda baslykdyryp goýmak.


BASLYKMAK, 1. Biri-biriniň üstüne basylyp goýlup dymjykmak, heklemek (ot-iým, iýmit hakynda).

2. Köp mukdarda ýygnanmak, toplanmak, üýşmek. Bir näçe aýlap baslygyp ýatan garlar eräp akýardylar (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


BASMA, Çap etmekde ulanylýan, çap etmekde peýdalanylýan, çap edilip ýazylan.

Pökgen dört burç möhrüň ýokarsynda basma harplar bilen «nika» diýlip ýazylan haty zordan okap bildi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

<>Daş basma — ser. D a ş I. Hatda onuň kitaplarynyň arasynda owadan matalara gaplanan köne arap harplary bilen ýazylan daş basma kitaplary-da bardy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


BASMAK, 1. Agram salmak, üstünden aşaklygyna gysmak.

Indi çep pedaly bas-da, goýberme, çetki sag pedaly ýuwaşja bas — diýdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Sag eline laýyk gelip duran ýylpyldawuk metallary basdy (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

Ýandagy bassan, küde bolar, bedeni bassaň — pide (nakyl).

2. Üstün çykmak, boýun egdirmek, ýeňmek.

Iki golsuz, bir aýaksyz adamyny basmak bolsa duşmana has hem ýeňil düşjegini bilýärin (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

3. Çalmak, ýapyşdyrmak. Derrew esgi ýakyp basyň, daňyň ~ diýdi (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

4. Bir ýere toplamak, üýşürmek, toplanmak, üýşmek. Olaryň yk tarapyny. gar basypdyr («Sowet edebiýaty» žurnaly). Oty bassyrmanyň üstüne basdym. Ýandak basmak. Odun basmak.

5. Aralaşmak, örtmek. Ol çal saçly, ýüzüni ýygyrt basan adam bolupdyr («Tokmak» žurnaly).

Eti garynja basypdyr.

6. Türmä salmak, tussag etmek.

7. Ýüklemek, urmak. Eziz bolup duran düzgünsiz nyzamy bozup, atlary eşelona basmaga höküm berdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

<> Basan ýerinden ot çykmak — gaýratly, edenli bolmak, dogumly bolmak.

Ýaş gözleri ýanyp duran, basan ýerinden ot çykýan gelniň demi-demine ýetmeýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Bagra basmak — ser. B a g y r.

Knýaz zyba gyzy bagryna basdy (A. S. Puşkin, Ertekiler).

Gaýra basmak — yza süýşmek, yza çekilmek, arkan çekilmek.

Gara basmak — ser. Gara.

Adam arkan düşüp ýatan wagtynda, ony gara basýar («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).

Dag basmak— ser. D a g II. Gurduň endamyna daglar basmaga başladylar (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

Der basmak — ser. D e r. Ony gara der basdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Keçe basmak — ser. K e ç e. Aýalym aýalyňa keçe basyşýar, ol ne iş dälmi? («Tokmak» žurnaly).

Uky basmak — ser. U k y. Uky basan guş görende, ýyldyrym dek uçup barar («Mydam taýýar» gazýeti) Yzyny basyp ýatma k— hil, mukdar, dereje taýdan bäri ýanynda bolmak, deňräk bolmak.

Soltansöýün ýöne bir soltan bolman, Myralynyň yzyny basyp ýatan şahyr ekeni (Myraly).


BASMARLAMAK, 1. Biri-biriniň üstünden basyşdyrmak, üsti-üstüne goýuşdyrmak.

2. Howp astyna almak, howatyrlandyrmak. Turjak gopgunyň howpy ony barha basmarlaýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Basmarlap barýan agyr gorky enäniň kalbyny gurşap aldy (M. Gorьkiý, Ene).

3. Sütem, zorluk, jebir etjek bolmak.


BASMAHANA [basmaha:na], kön. s. ser. T i p o g r a f i ýa.


BASMAÇY, galtaman. Harabada basmaçylar mesgen tutdy, (Çary Aşyr, Poemalar). Basmaçylaryň uly topary ol oba çozup geldi («Sowet Turkmenistany» gazýeti).


BASMAÇYLYK galtamançylyk.

«Kokant awtonomiýasy» dargandan soň, Ferganada basmaçylyk hereketi döredi (B.Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BA'SNÝA, Nesihat berýän, kinaýaly gysgajyk hekaýa, şygyr.

Krylow 1788-nji ýylda basnýa ýazmaga başlapdyr («Edebiýat»). Batyr «ÝOlbars we tilki» diýen basnýany labyzly okady («Pioner» žurnaly).


BASRYK, 1. Atyň üstüni basyrmak üçin ulanylýan keçe, atkeçe.

Ýaryşdan gelen aty basryk bilen basyrdylar.

2. ser. Bassyrma 2.


BASSAŞ, 1.Biri-biriniň yzyndan doglan, tirkeşik (çaga barada). Ol biri-biriniň yzyndan emele gelen bassaş ýaş çagalaryny eklemek üçin iliň ýerini-suwuny ýarpasyna ekip, daýhançylyk hem etdi (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Pälwan aradan çykansoň bolsa, yzynda bir gyzy, iki sany bassaşa ogly — häzirki Kesedir Ýallaw galdy. («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).

2. Biri-birinden kem galmajak bolýan, biri-birini gysganýan, bäsdeş.

Olar biri-birine bassaş ýalydylar.


BASSAŞLYK, 1. Biri-biriň yzyndan dogulmaklyk, tirkeşiklik (çaga barada).

2. Biri-birinden kem galmajak bolmaklyk, biri-birini gysganmaklyk, bäsdeşlik.

Olar ters bolmasalar-da, bassaşlyklary bardy (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Ol kiçijik. agtygynyň dogumlydygyna bassaşlyk etdi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


BASSE'ÝN, 1. Uly howuz. Şäheriň suw basseýni estafetanyň iň çylşyrymly etaplarydy («Mydam taýýar» gazýeti).

2. geogr. Derýanyň deňze, köle gelip guýýan ýeri.

Maslahat Kaspi basseýniň problemasy bilen baglanyşykly dokladlary diňledi («Sowet Türkmenistany» gazýeti). Kuznetsk basseýni. Obь derýasynyň sag goşandy bolan Tomь derýasynyň basseýninde ýerleşendir («SSSR-iň ykdysady geografiýasy»).

3. geol. Dag jynslarynyň ýatan oblasty, ýeri.

Garaganda we Podmoskowýe basseýninde köp kömür çykarýarys (M. N. Skatkin, Jansyz tebigat).


BASSYR, Yzly-yzyna, gaýta-gaýta.

Aşgabatlylar oýnuň birinji ýarymynda bassyr dört pökgini derwezeden geçirdiler («Sowet Türkmenistany» gazýeti).


BASSYRMA, 1. Yssydan we ygaldan goramak üçin mal daňylýan, maşyn, gural goýulýan dört töweregi açyk, üsti basyrylgy jaý.

Bassyrmanyň aşagynda duran bir maşynyň töwereginde şofior aýlanyp, maşyny süpürişdirip ýördi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Şu ýyl dowarlaryň gyşladyljak ýerlerinde on bassyrma we agyl guruldy («Sowet Türkmenistany» gazýeti).

2. Matanyň gyrasyna salynýan tikin.


BASTION, harby. Bäş burçly gala ýa-da meýdan harby berkitmesi.


BASYBALYJY, Basybalyjylyk syýasatyny ýöredýän adam, agressor.


BASYBALYJYLYK, Kesekiniň ýurduny, ýerini zorluk bilen basyp almaklyk syýasaty.

Ol uly basybalyjylyk, ýörüşlerini edipdir (Orta asyrlar taryhy).


BASYK I, med. Köplenç çagalarda bolýan bogaz agyry keseli, angina.

Basygy hem basmasaň, özüňi basar (nakyl).


BASYK II, Ýuwaş, gyryk, boguk, agras, basyklaç.

Dur, men häzir dolanyp gelerin — diýip, basyk ses bilen aýtdym («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Garakçylar, birehim zalymlar! — diýip, basyk seslendi-de, hamsygyp aglady (M. Gorьkiý, Ene). <> Sussy basyk — ser. Sust.

Ol gamgyndy, sussy. basykdy (M. Gorьkiý, Ene).


BASYKLAÇ, ser. Basyk II.

Diňe märekäniň yzky hatarlarynda basyklaç hümürdi eşidilýärdi (M. Gorьkiý, Ene).


BASYLMAK, 1. Agram salynmak, üstüne agram düşmek, basgylanmak, depelenmek.

2. Bir ýere üýşürilmek, üsti-üstüne toplanyp goýulmak. Tamyň üstüne bede basylypdyr.

3. Asgyn düşmek, ýeňilmek. Men işden basylamok (B. Pürliew, Ilkinji gün). Ol işden basylmagy bilmeýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).

* S u s-suň basylmak — ser. S u s t. Wolodýanyň öňküden-de beter sussy basyldy («Mydam taýýar» gazýeti).


BASYM I, Tiz wagtyň içinde, derrew, tiz, çalt, bahym.

Ýaroslaw ölenden soňra (1054), basym onuň deržawasy dargap başlapdyr (SSSR taryhy). Sabyr et,oglum, howlukma, basym bolar («Görogly» eposy).


BASYM II, lingw.Sözleriň belli bir bognunyň beýleki bogunlardan batlyrak, zarply aýdylmagy.

Türkmen dilinde basym köplenç sözüň soňky bognuna düşýer.

2. Işleniş, basylyş aýratynlyk (keçe hakda). Keçäniň basymyny ýetirmeseň, ol gowşak bolýar

<> Logiki basym — batly ýa-da manyly aýdylýan söz ýa-da sözlem.


BASYMLY, lingw. Basym bilen aýdylýan, basymy bar bolan.


BASYRGANMAK, Ukuda ýatyrkaň samramak, gorkuly düýş görüp samyrdamak.

Küýündäki möjekler hem onuň düýşüne girip, basyrganypdyr (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Erbet basyrganyp, ýaman düýş görüpdirin («Görogly» eposy). Ýegorjyk özüniň basyrganýandygyny aňyp, gözlerini açdy (A. P. Çehow, Saýlanan eserler).


BASYRMAK, 1. Biriniň ýa-da bir zadyň üstüni ýapmak, örtmek.

Bu keserip ýatan dagy basyryp duran, ok ursaň geçmejek sosna agaçlary diňe Sowet häkimietiniň ýyllary içinde ýetişdi (N. Pomma, Sebäbini soň bildim). Tok uran adamy gum bilen basyrmak zyýanlydyr («Sowet Turkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Döläniň üstüni basyrmak.

2. Syry gizlemek, günäni ýaşyrmak, kemçiligi, ýalňyşlygy paş etmezlik. Kemçiligits üstüni basyrmak bolmaz.

3. Jüýje çykartmak üçin kürk bolan towugyň aşagyna ýumurtga salyp oturtmak.

Men şol ýagyşlyk ýylyň ýazy iki towuk basyrdym (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

4. Gatyk etmek üçin bişen süýde gönezlik atyp, gabyň üstüni örtup goýmak. Gyzym, sen okuwyňa gitmänkäň, süýdi bişir-de, basyryp goý! (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Ondan soň geçi agşam süýdüni bişirip, basyryp, gowy gatykdan bir ýanlyk edip, ertesi arkasyna göterip, kazynyň ýanyna gidipdir («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»).


BASYRYLMAK, 1. Bir zadyň üsti örtülmek, ýapylmak.

Gamyş bilen basyrylan süýnmek öýüň aňyrsyndan goýy gara tüsse ullakan burumlar bilen çykyp, haýallyk. bilen ýokary galýardy (A. P. Çehow, Saýlanan eserler). Üsti gar bilen basyrylan dag gerişleri ýaly ak altyn depeleri gözüňi gamaşdyrýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Syr gizlenmek, günä ýaşyrylmak. kemçilik, ýalňyşlyk paş edimezlik, üsti açylmazlyk.

3. Kürk bolan towugyň aşagyna ýumurtga salynmak. Kürk bolan towuklaryň hemmesi basyryldy.


BASYRYNMAK, 1. Ýapynmak, örtünmek, bürenmek. Ol maňa gyzarylyp: — Süregiňe ýetdirdiň — diýip, başyny basyrynyyp ýatdy (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

2. Syryňy gizlemek, günäňi ýaşyrmak.


BASYŞ, fiz. Bir zadyň üstüne, ýüzüne täsir edýän güýç, zarba, gazlaryn, suwuklyklaryň maýyşgaklyk derejesi. Gazlaryň basyşynyň termik koeffitsienti («Fizika kursy»). Suw transportynyň kämilleşdirilmegi ýata hem akar suwdaky basyşyň ýaýraýyş kanunlarynyň öwrenilmegine getirdi («Fizika kursy»).


BASYŞMAK, Bir zady bir ýere üýşürmäge, toplap üsti-üstüne goýmaga kömekleşmek, basmaga kömekleşmek. Küde basyşmak.

Ol maňa odun basyşdy. Men Oraza ýandak basyşdym.