BAN

BANAN, bot. Uly miweli we uly ýaprakly uzyn tropik ösümlik we onuň miwesi.


BANDA, Jenaýatçy galtamanlar topary, garakçylar topary. Zamana egrisi — Gitler bandasy. Azdy, azgynlykdan başlady urşa (A. Kekilow, Egri azar, dogry ozar).


BANDAŽ, med. 1. Bedeniň aýry-aýry böleklerini gerekli ýagdaýda saklamak üçin ýörite ýumşak daňy.

2. Maşynyň böleklerine, wagonlaryň tigirlerine zaýalanmazlyk üçin geýdirilýän metal guşak.


BANDEROL, Kagyza dolanyp, poçta üsti bilen iberilýän bukja.


BANDI'T, Banda gatnaşyjy, ýaragly talaňçy.


BANDITI'ZM, Banditleriň käri, galtamançylyk, garakçylyk.


BANDITLIK, ser. Banditçilik


BANDITÇILIK, Talaňçylyk, galtamançylyk işini alyp barmaklyk.


BANDURA, sazç. Çirtilip çalynýan köp tarly ukrain halk saz guraly.

Gaýalaryň arasyndaky sosna agaçlary banduranyň tarlary ýaly güňleç güwläp başladylar (0. Gonçar, Baýdak göterijiler).


BANDURAÇY, Bandura çalýan sazanda.


BANK I, malie. 1. döwlet maýalaryny jemleýän iri kredit edarasy.

Düýn men işçilere aýlyk bermek üçin bankdan pul alyp geldim («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Kapitalistik ýurtlarda: berilýän ssuda maýalaryny jemleýän hem-de girdeji we artyk peýda almak üçin olary kapitalistleriň ygtyýaryna berýän edara.


BANK II, kart. Kart oýnunda orta goýulýan pul.

Iki şaýy, üç şaýy bank goýlup, ýigrimi bir oýnalýardy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Bir sapar. ekspeditsiýa wagtynda ol, gije ýassygyň üstünde kart oýnap, bank goýýardy — diýip, gürrüň berýärdiler (M. ÝU. Lermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymany).


BA'NKA, 1. Suwuk jisim guýulýan çüýşe ýa-da demir gap.

Hoşgeldi özüniň çüýşe bankalarda we başga gaplarda tejribe üçin ösdüren ösümliklerini güneşe çykaryşdyrdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Ol ýerde bir banka suwa ýatyrylaýa ülje bardy (O. Gonçar, Baýdak göterijiler). Konserw bankalary awtomatik usul bilen gapaklanýar.

2. med. Syrkawyň arkasyna Urulýan kiçijik çüýşe gap. Wraç onuň arkasyna banka goýmagy buýurdy.


BANKE'T, Biriniň ýa-da bir wakanyň hormatyna bagaşlanyp berilýän dabaraly nahar, oturylyşyk.

Ýaryşda üstün çykanlaryň hormatyna banket guruldy.


BANKIR, Kapitalistik ýurtlarda bankyň eýesi ýa-da iri aktsioner.

Has baý dellallar bankirlere öwrülipdirler  (Orta asyrlar taryhy).


BANKNOT, malie. Pul dolanyşygynda puluň deregini tutýan protsentsiz kredit bileti.


BANKRO'T, 1. Kapitalistik ýurtlarda: karzyny tölemäge gurbaty çatmadyk bergidar, bergä batan söwdagär, baý.

Her haýsy. bankrot galypdyr-da, edere iş, gidere ýol tapman, şu ýerde bir elpe-şelpelik bardyr diýip, burunlaryny gysdyrýarlar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. göç. m. Özüniň jemgyýetçilik işinde we hususy durmuşynda hatyradan düşen adam.


BANKROTLYK., 1) Kapitalistik jemgyýetde: bergi-borjuny tölemeklige ýagdaýy bolmazlyk, batmaklyk. 2. göç. m. Puja çykmaklyk, başa barmazlyk, şowsuzlyk.


BANT, Halka salnyp daňlan lenta. Saçlaryna bant daňlan gyzjagazlar oýnaşyp ýördüler.