BAK

BAK I, Suwuk zat guýulýan uly gap. Jaýyň ortasynda çuňlugy alty metr we giňligi dört metr howza meňzeş bak bar («Sowet edebiýaty» žurnaly). Benzin baklarynyň içi doludy.


BAK II, Gäminiň ýokarky palubasynyň öňdäki bölegi.


BAKA [baka:], Tarap, garşy, ugur.

Annaguly Gözeliň sesini eşidip, oňa baka sowuldy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Olar beýik dagyň egrem-egrem jülgesi bilen dogry günorta baka ýöreýärdiler (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


BAKALEÝA, Azyk harytlary (çaý, un, süýji, kofe we ş. m.).


BAKALY [baka:ly], «Göreli, hany» diýen many aňladýan kömekçi söz.

Meniň paltomy çykar bakaly! (A. P.Çehow, Saýlanan eserler). Gämini kenara ýana bakaly! (Şekspir, Otello).


BAKAN [baka:n] I, ser. B a k a. Al asmandan günbatara bakan ýaňja eňňit eden mähnet Günüň tomusky howry biraz öçen ýaly syzylýardy. Aýsoltan geýimini goltuklap, hammama bakan gitdi (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


BAKAN II, Atyň we ş. m. toýnagynyň ýokary iç ýüzündäki oýtak ýer, çukurjyk.


BAKGAL [bakga:l], Dukan satyjysy, ownuk zatlary satýan söwdagär.

Ana, ol bakgal ýanyndaky çokga sakgal, ýaňagy çykyk. çal— Aryf Buharydyr (Aýbek, Nowaýy).


BAKDYRMAK, 1. Ýoluna seretdirmek, gözletmek, garatmak.

2. Birine idetdirmek, äňetdirmek.

Oduny ýygana ýakdyr, maly gazanana bakdyr (nakyl).


BAKJA, Gök ekin ekilen ýer, bossan.

Aga, men pikir edýän: — Şu bakjada gawun-garpyz köpmüke, ýa asmanda ýyldyz? (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

<> Balalar b a k ž a s y — ser. B a l a. Nazar öň balalar bakjasyn-da terbiýelenip, häzir başlangyç mekdebiň okuwçysy-dy (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


BAKJAKLAMAK, Daş-töweregiňe, gapdallaryňa seretmek, garanjaklamak.

On iki ýaşly sary maňyz çaga hiç bir zadyň manysyna düşünmän, gorkuly gözleri bilen bakjaklap seretdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Bakjaklama sagyň bilen soluňa, Tä gelinçän, garaşaryn ýoluňa (Çary Aşyr, Poemalar).


BAKJAKLAŞMAK, Köp bolup bakjaklamak, bilelikde bakjaklamak, garanjaklaşmak.

Atlar märekänin, ortasy bilen asta-asta seňkildäp, iki baka bakjaklaşyp ugranlarynda, bütin märekäniň ünsüni özüne çekipdiler (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BAKJAÇYLYK, Oba hojalygynyň gök ekinleri ösdürip ýetişdirýän pudagy.


BAKMAK, 1. Birine ýa-da bir zada seretmek, garamak, äňetmek.

Şofior — ýaş ýigit-de, ýolagçy gyzda kabinadan giň meýdana bakýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Ak mapraç aýal gaňrylyp bakdy (N. Pomma, Sebäbini soň bildiy).

2. Gözegçilik etmek, terbiýeläp ýetişdirmek, garaşyk etmek.

Bir garyş oglandym, bakdyň bejerdiň, Senden başga howandarym ýok meniň /«Türkmen halk şahyrana döredijiligi»). Olary çekdirme bilen bakdy (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

3. Idetmek. Raýonyň köp kolhozlarynda sagylýan sygyrlary ýatakda bakmak we göleleri enelerinden. aýry idetmek guralypdyr («Sowet Türkmenistany» gazýeti) Çölde goýun-guzy bakýan çopanlar, Hemmäňe köp salam Ata Salyhdan (Ata Salyh, Saýlanan eserler).

Bisähet gün at bakmasaň, sähetli gün at tapdyrmaz (nakyl).

  • Baga bakmak — köp et, ýag almak üçin gyşyň başlaryna çenli daňyp bakmak (mal-gara hak-da)
  • Bäri bakmak — ser. B ä r i. Pökgeniň az-kem bäri bakýany bildirdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň ete-ginde).

BAKNA, 1. Tabyn, garaşly, bagly. Danil öz knýazlygynyň saklanmagyny kemsidilmek bilen satyn alypdyr, emma bakna ýagdaý bilen razylaşmandyr (SSSR taryhy). Başganyň eline bakna bolmakdan gutarýandygyna düşunýär (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).

2. Imperialistik döwletler tarapyndan basylyp alnyp, ekspluatirlenýän, ezilýän (ýurt).


BAKNALYK, Basylyp alnyp ekspluatirlenmeklik, tabyn edilmeklik, garaşlylyk. Holoplaryň krepostnoý baknalyklaryny ýene has güýçlendiripdir (SSSR ta-ryhy).


BAKNAÇYLYK, ser. B a k n a l y k. Daýhanlar ozalkysy ýaly pomeşşikleriň krepostnoý baknaçylygynda galypdyrlar. Emma bu, göýä, azat ýaly daýhanlar hem hakykatda knýazdan feodalçylyk baknaçylygy ýagdaýynda bolupdyrlar (SSSR taryhy).


BAKTERIO'LOG, Bakteriologiýadan spetsialist.


BAKTERIOLOGIK, Bakteriologiýa degişli bolan.


BAKTERIOLOGIÝA, Bakteriýalar  hakyndaky  ylym.


BAKTERIOFAG, Bakteriýalary ýok etmekde kömek edýän madda.


BAKTERIÝA, Diňe mikroskopda görünýän ownujak, ýönekeýje organizm.


BAKY [ba:ky], 1. Hemişelik, mydamalyk, müdimi.

Köneler dek bagta atmaýas paly, Baky sapa berdi hakykat ýoly («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»). Baky bina etdiň millionlap WUZ-y, Ylymdyr, bilim-dir joşlaryň seniň (N. Pomma, Saýlanan eserler). <>Baky öý — ser. Ö ý. Belki, bu garry tä ömri paýaw bolýança, iň soňky baky barjak öýi — gabra hem şol päli-niýeti bilen ýoldaş bolup barar (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


BAKY II, 1. Semretmek üçin edilýän ideg. Munuň özi tomus bakylardan soňra semiz, agyr agramly we az sanly mal bilen et postawkasyny ýerine ýetirmege kolhozlara mümkinçilik berer (N. S. Hruщew, SSSR-iň oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek çäreleri hakynda).

2. Otluk meýdan, öri.

Gylýal toparlaryny sähra — meýdan bakysyna kowar ekenler (SSSR tary-hy).

<> Baka goýmak—maly semretmek üçin ýörite idetmek, bakmak.

Biz baka goýlan goýun ýaly iýip-içip ýatmalymy? (B. Seýtäkow, Gyz salgydy).


BAKYLMAK, Semretmek maksady bilen iýmitlendirilmek, idedilmek. Doňuzlar gök ekin önümleriniň galyndylary bilen oňat bakylypdyr («Sowet Türkmenistany» gazýeti). Bu meýdanda bakylýan semiz sygyrlar gök tolkunlaryň arasynda ýüzüp ýöräne meňzeýärdi. (Ň. Jumaew, Ak derek).


BAKYLY, Ýörite idedilen, baka goýlan, bakylan(mal hakynda).


BAKYNMAK, Özüň üçin mal bakmak, özüň üçin idetmek.


BAKYR, kön. s. Mis. Pylan ýerde bakyr bar. barsaň oakyr-da ýok, takyr-da (nakyl).


BAKYŞ, Birine ýa-da bir zada siňe serediş, garaýyş.

Bu sessiz bakyşdan olaryň janlary aram tapan ýaly boldy (B. Pürliew, Ilkinji gün).


BAKYŞDYRMAK. Seredip çykmak. gözleşdirmek, äňedişdirmek, seredişdirmek.


BAKYŞMAK, 1. Biri-biriňe ýa-da bir zada bilelik-de seretmek, äňedişmek.

Olar ýygy-ýygydan sagatlaryna bakyşyp nobatçylyk çekýärdiler. Otyr olar garşy-garşy bakyşyp Bir-birlerne içlerini döküşp («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Bakmakda birine kömekleşmek.

Sen muny bakyşypmydyň, ýakyşypmydyň? («Görogly» eposy).