<
BAH

BAHA, 1. Bir zadyň gymmaty, nyrhy.

Pagtanyň sortuny garyşdyrsak, bahasy peseler («Kolhoz günleri»). Bir bogdak gülüň bahasy näçe? — diýip, ondan soraýar (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).

2. Okuwçylaryň bilim derejesini görkezýän belgi. Ekzamenlerde baha bilimiňe göre goýulýar.

3. Bir zadyn ähmiýetini, roluny, derejesini kesgitleýiş. Adama daşyndan seredip, baha bermeli däl ekeni (B. Pürliew, Ilkinji gün). Seýdi bedewiň şol döwürde durmuşdaky tutýan ornuna hem uly baha beripdir («Edebiýat»). Her kim bu habara özüçe baha berdi (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).

<>Baha kesmek — nyrhyny belli etmek, nyrh kesmek.

Bahasyny ýetirmek — laýyk bahasyny bermek.

Belli bahasy ýok — örän gowy, örän ähmiýetli. Onuň çopan üçin belli bahasinyň iokdugyny aýtdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BAHADAŞ, Deň bahaly, bahasy bir meňzeş bolan, nyrhdaş.

Olara daş oblastlardan özleriniňke asla bahadaş bolmadyk başga ýerler berlipdir (SSSR taryhy).


BAHALAMAK, Bir zadyň bahasyny, gymmatyny kesgitlemek, nyrh kesmek, bahasyny aýtmak.

Ol goýnuny gymmat bahalaýar. Arzan bahalamak.


BAHALANMAK, Bahasy aýdylmak, gymmaty kesgitlenmek, nyrhy kesilmek.

Ýaş we sagat gullar gymmat bahalanypdyr (Gadymy dunýä taryhy).


BAHALATMAK, Bir zadyň bahasyny aýtdyrmak, gymmatyny kesgitletmek, nyrh kesdirmek, nyrhyny soramak. Atyny görüp, bahaladyp alaly («Görogly» eposy).


BAHALAŞMAK, Baha kesmek barada çekeleşmek, mala öz bahaňy berip aljak bolmak.


BAHALY, 1. Bahasy gymmat, gymmat baha.

Generalyň itleri gymmat bahaly tohum itler, munuň bolsa näme-digini şeýtan bilsin! (A. P. Çehow, Saýlanan eserler). Olary gymmat bahaly daşlardan ýasalan zatlardan doldurypdyrlar (Gadymy dünýä taryhy).

2. Gowy, gymmatly, gerekli, möhüm. Ol şeýle adamlardan öwrenen gymmat bahali zatlarynyň hemmesini beýleka kolhozlara geçirer (N. S. Hruщew, Pagtanyň öndürilşini mundan beýläk-de artdyrmak ugrunda). Gyzyklanýan hojalyklar üçin ykdysady peýdanyň doly bahaly hasabyny ýöretmek talap edilýär («Sowet Türkmenistaiy» gazýeti).


BAHANA, Ýalan sebäp, esassyz delil, bolgusyz sebäp.

Işlemäge gelen bolsaň, bahana etme-de işläber (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Mähriniň ejesi: — Bu gyz okuwyň başlananyny duýmandyr — diýip, bahana etdi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Her gün işden gelende bolgusyz bahanalar tapyp, güni aýal ýaly iňirdäp, käte hem sak-suk edip, Mamagüle azar ýamanyny bererdi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).

Bahanam «akja bäbek» — bildir bolsaň bolmadymy (nakyl).

<> Bahana aramak — bir maksat bilen bahana gözlemek. esassyz delil tapjak bolmak. Bahana ýok ýerinden bahana arap brigadirlikden boşady (N. Pomma, Sebä-bini soň bildim). Ol gülmek üçin diňe bahana araýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BAHANALAMAK, Bir zady bahana etmek, ýerliksiz sebäp, delil görkezmek.

Giçde-girimde mekdep bahanalap çykanyňy görsem, toýnagyňy gyraryn (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


BAHANAÇY, Ýalandan bahana gözleýän, bahana araýan adam. Bahanaçy adam.


BAHAR, ser. ÝAZ.

Bahar gelýär, ýaz başlanýar, gyş çykýar (Mollamurt, Saýlanan eserler). Hiç sowulmaz bahar-ýazym (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Mylaýym bahar şemaly ýowşan, bozagan bilen garaganyň turşumtyk ysyny garyşdyryp getirýärdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Bahar öz möwsümini paýawlady, tomsuň ýandyryjy jöwza yssysy başlandy (A. Gowşudow, Mähri-—Wepa).


BAHASYZ, 1. Baha kesilmedik, bahasy belli bolmadyk (haryt hakynda).

2. Bahasyna ýetip bolmaýan, örän gowy, gymmat baha.

Emma seni — bir bahasyz göwheri, Diri şamçyragy söndüräýsem men (Şekspir, Otello).

3. Derege ýaramaýan, bolgusyz. Bahasyz haryt. Bahasyz zat.


BAHAÇYL, Öz harytlaryny gymmat satýan, gymmatçyl. Ol bahaçyl söwdagärdi.


BAH-OW [bah-o:w], Geň galmagy aňladýan ümlük.


BAHYL [bahy:l], 1. Gysganç. Bahyl wezirleriň gözi teňňe bilen gidipdir (Myraly). Suw bermen guýusyn gulplady bahyl, Suwy daşdan çekip, içdim ýarym ýyl («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Baý malyny bahyl gysganar (nakyl).

Bahyl baýda berim bolmaz (nakyl). Biriniň işiniň şowly bolmagyny görübilmeýän, görip. Men oňa bahyl däl, guş bolup uçsun («Tokmak» žurnaly).

Görip — bahyl adamlary ýigrenýärin (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

Bahylyň bagy gögermez; gögersede, miwe bermez (nakyl).

Ýandagy ýaýkatma, bahyly baýnatma (nakyl).


BAHYLLYK [bahy:llyk], 1. Gysgançlyk. Mende bahyllyk peýda boldy (M.ÝU. Lermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymany).

2. Göriplik, görübilmezlik.


BAHYLÇYLYK   [bahьglçylyk], ser,B a h y l l y k.

Görýärmiň, sen şeýle ýürekden söýşenlere-de bahylçylyk etdiň(N.Pomma, Sebäbini soň bildim).  

Ol Öweziň bize çaý-çilim  berenini bahylçylyk edipdir(«Görogly»  eposy).


BAHYM, ser. B a s y m I.

Wepa, bahym mekdebi gutarýarys diýip, Mährijamal nämedir ýene bir zatlar aýtmekçi boldy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Tur aýaga, bahym bol, Tiz ýöre öke tarap (A. Kekilow, Saýlanan eserler).