BAÝ

BAÝ [ba:ý] I, 1. Mal-mülk eýesi, garyplary, batraklary ekspluatirleýän barly adam. Ilkidurmuş obşinasynda baý-da, garyp-da ýok eken (SSSR taryhy). Bir wagt ol baý hukukdan kesilen mahaly, men oba sowetiniň mürzesidim (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

Baýyň berenin görmedim, hudaýyň — keremin (nakyl).

Baý täze don geýse: «Gutly bolsun!» diýerler;garyp täze don geýse:«Nirden aldyň?»diýerler (nakyl). Bahyl baýda berim bolmaz (nakyl).  

2. orän gurply, köp hasylly, zady bol; oba hojalygy we halk hojalygy ýeterlik derejede ösen. Köp millet ýerleşen jaýdyr bu döwlet, Beýik maksatlara baýdyr bu döwlet («Oktýabrь ýalkymy»). Müsür obşinalarynda baý maşgalalar peýda bolupdyrlar (Gadymy dünýä tarhy)- Duşmanlar içinden bäri bakýarlar, Bu baý meýdanlara nazar dikýärler (A. Haýydow, Gök asman).

* Dile baý — ser. D i l II.

Begenç, seniň diliň örän Çeper meňzetmelere örän baý (B. Kerbabaew,Aýsoltan)


BAÝ II ;Haýran galmagy,geň galmagy, täsin galmagy aňlatýan ümlük. Baý bu günüň  yssydygyny!

Baý munuň dilini (Şekspir Otello),Baý Ene sen hem içagy bolan bolsaň, bir eýýäm alardyň (D. Durdyew, Saýlanan eserler).


BAÝ III, Elbetde, hökman. Sürýän traktoryň şu bolsa,-baý, dynç alarsyň-a! (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Baý, azap çekendirin-ä! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BAÝ-BAÝ, Begenji, şatlygy, geň galmagy aňladýan ümlük.

Baý-baý, gutly bolsun, halypa! Hany bir ýeriň-den tur, göreýin! («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Baý-baý, köp getiripsiňiz! Pyýada geldiňizmi? (M. Gorьkiý, Ene).


BAÝGUŞ [ba:ýguş], zool. Köplenç harabalykda ýaşaýan uly tegelek gözli, tokga kelleli, egri çüňkli guş. Golaýjyk.da bir baýguşuň, Çakyr sesine diň saldy (Çary Aşyr, Ganly saka). Dälije bir gün sygryny bakyp ýörkä, bir baýguşa duş gelýär («Türkmen halь ertekiler ýygyndysy»).

Baýguşuň rysgaly agzyna geler (nakyl).


BAÝGUŞLUK [ba:ýguşluk], ser. B a ý g u ş h a n a  1.


BAÝGUŞHANA [ba:ýguşha:na], 1. Baýguşlaryn, mekany, baýguşlaryň ýaşaýan ýeri.

2. göç. m. Haraba, harabalyk. Nusaý baýguşhana bolupdyr («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BAÝDAK, Bir döwlete, edara, gurama degişli, agaja berkidilen belli bir reňkdäki mata.

Gyrmyzy baýdagyň pasyrdysy onuň göwnüni göterýär («Kolhoz günleri»). Jaýyň iň depesinde bolsa al baýdak pasyrdaýar (N. Jumaew, Ak derek). Zakaspiniň merkezi— Aşgabatda gyzyl baýdak pasyrdady (B. Kerbabaew, Aý gytly ädim.)


BAÝKA,  ýüzi tüýjümek ýumşak nah mata.


BAÝLAŞDYRMAK [ba:ýlaşdyrmak], 1. Has baý etmek, mally-mülkli etmek, ösdürmek, gurplandyrmak.

2.Bir zadyň ýeterlik derejede üstüni doldurmak, köpeltmek, artdyrmak. Üýtgeşik akylly we örän bilimli

adam bolan Çaadaew bilen gürrüňleşmegi şahyry ruhy dünýäsini baýlaşdyrýardy  (A.S.Puşkin,Saýlanan   eserler).Institutyň fonduny ýyyňщ-ýylyna hekaýalar, aýdymlar, nakyllar, dessanlar bilen baýlaşdyrmak gerek.


BAÝLAŞMAK [ba:ýlaşmak], 1. Baý bolmak, mally-mülkli bolmak, gurplanmak.

Olar garyplaryň hasabyna baýlaşypdyrlar (SSSR taryhy).

2. Belli bir derejede bir zadyň üsti ýetirilmek, düşünjesi artmak, iş başarjaňlyk taýdan kämilleşmek, ösmek. Lermontowiň dunýägaraýşy baýlaşýar («Edebiýat»).


BAÝLYK [ba:ýlyk] I, 1. Mal,mülklülik, gurplulyk, zatlylyk.

Ýarympatriarhal, ýarymfeodal jemgyýetiň diňe baýlyk, beglik üçin çalşan ekspluatator toparynyň boş ýaşaýyşlaryny beýan edýär («Edebiýat»).

2. Maddy-material zatlar, gymmatly zatlar, pul we ş. m. Pagta ummasyz baýlykdyr («Kolhoz günleri»)

Bu otagyň baýlygy meni geň galdyrdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).

3.Aň-düşünje,tejribe, kämillik taýdan ösenlik.

Beýik rus şahyrynyň ölmez-ýitmez eserleri adamzadyň baýlygyny artdyrdy.(A.S.Puşkin,Saýlanan eserler).


BAÝLYK [ba:ýlyk] II, Araby goýnuň guýrugynyň ujundaky ösüntgi, guýrujak.

           

BAÝNAMAK, Bol-elinlikde döwran sürmek, keýpi-sapada ýaşamak, hezil etmek.

Onuň gudratyna şek ýetiren adamlar hiç mahal baýnamazdylar (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).


BAÝNATMAK, Bol-elinlikde döwran sürdürmek, keýpi-sapada ýaşatmak, hezil etdirmek. «Ýandagy ýaýnatma, bahyly baýnatma» diýipdirler (N. Pomma, Sebäbink soň bildim).


BAÝRAK, 1. Ýaryşda ýa-da başga bir zatda üstün çykandygy üçin bellenýän sylag.

Men bu ýyl hem baýragy başga adama gidermen (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

Fabrigiň kollektiwi oňat netijeler görkezen-digi üçin, III kwartalda üçünji baýraga mynasyp boldy («Sowet Turkmenistany» gazýeti).

2. Belli bir işi ýerine ýetirendigi üçin, sylag hökmünde berilýän hak — pul ýa-da zat.

Ýeri, sen aýt, ony saňa sowgat edip bereen adamyň baýragyna näme berersiň? (M. ÝU. Lermontow, Biziň zamanьşyzyň gahrymany).

<> Baýrak meýdany — ýaryş geçirilýän meýdan. Atlar baýrak meýdanyna çykdylar («Kolhoz günleri»).

Keçe baýragy — keçe-keçe, ýüzük oýnunda berilýän baýrak.

Ýüzük oýunçylary bolsa, keçe baýragy hantamadyr (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


BAÝRAKLYK, Baýrak üçin bellenen pul we ş. m. zat.


BAÝRAKÇY, Baýrak almaga gatnaşýan adam.

Obanyň aşak ýanyndaky gumsalt düz meýdana baýrakçy ertir bilen doly ýaly ýagyp başlady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BAÝRAM, 1. Bir ajaýyp wakanyň şanyna, ýadygärligine bagyşlanyp, döwlet tarapyndan iş güni däl diýlip bellenen dabaraly geçirilýän gün.

Mekdebiň okuwçylary-da, mugallymlar kollektiwi-de bu goşa baýrama oňat taýýarlykly geldiler («Sowet Türkmenistany» gazýeti).

2. Adat, däp boýunça aýratyn bellenilýän dabaraly gün.

Biz, leninçi ýaş pioner, Täze ýyly baýram edýäs (N. Omadow, Bagt güneşi).


BAÝRAMÇYLYK, Biriniň ýa-da bir zadyň hormatyna, şanyna, hatyrasyna baýram geçirilýän günler. Baýramçylygy örän gowy geçireris (N. Pomma, Sebäbini soň bildim). Baýramçylyk wagtynda ähli Gretsiýadan täjirler Olimpiýa ýygnanypdyrlar (Gadymy dünýä taryhy).


BAÝRONIZM, 1. Iňlis şahyry Baýronyň täsiri bilen XIX asyryň başlarynda edebiýatda ýüze çykan akym. 2. Ruhupeslik, umytsyzlyk.


BAÝRY, Başdaş, ilkinji (aýal).

Aýjamal diýen baýry aýaly hem äriniň üstüne heňkirip başlady (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Ýöne weli, baýry heleýi oňa uzak ýol bermändi. Öýüň işigine çykyp, synlap, günülik ody bilen tutaşyp duran baýry aýaly: — Sen meniň ärilmi elimden aldyň, bal günüňe batdymy? Agla gyrnak, agla! — diýip, gyjyt beresi geldi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BAÝRYNMAK, Baýlyga, gazanylan üstünlige, şowuna düşen işe ulumsylyk bilen buýsanmak, şöhratpa-razlyk etmek.

Nurjahan eje, ol döwletine, malyna baýrynyp çaýkanýa (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BAÝTAL, zool. Urkaçy gylýal. Durdymyrat biriniň taýly baýtaly çapdyryp, suwa gelýänini gördi (A.

Durdyew, Saýlanan eserler). Tohum baýtallar, uzyn guýruklaryny ýazyp, allaniredir garaşýardylar (B.

Kerbabaew, Aýsoltan).


BAÝ-FEODAL [ba:ý-feodal], Feodalizm jemgyýetiniň ekspluatatorlary.

* Baý-feodalgözi bilen garamak — köne däp-adat bilen garamak, biriniň hukugyny kemeltmek. Aýalyna baý-feodal gözi bilen garaýar («Tokmak» žurnaly).


BAÝ-FEODALÇYLYK [ba:ý-feodalçylyk], Feodalizm döwründäki önümçilik serişdelerine bolan hususyýetçilik gatnaşygy, düzgüni.


BAÝYR, Dag etegindäki belentli-pesli depe, pes ýapgyt dagjagaz.

Hoşgeldi bu gün düme ekinlerine aýlanyp baýyr hem daglara çenli gezipdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Gözellik bar baýyrynda, düzün-de, Jaýlar salynypdyr dagyň ýüzünde (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Aşgabadyň baýyrlary, daglar eýýäm al-ýaşil bolup gülledi (Ata Gowşudow, Mähri— Wepa).


BAÝYRLYK, Baýyrly ýer, köp baýyr ýerleşen dag etegi.

Kiçi Balkanyň etegindäki baýyrlykda nebit wyşkalary somalyşyp görünýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Bäş ýyl geçip-geçmänkä, eňňit baýyrlygyň ýerinde äpet domnalar we martenler asmana galar («Ýaş kommunist» gazeti).