BAL

BAL I, 1. Ary maşgalasynyň her hili gül şirelerinden hasyl edýän süýji maddasy, önümi, hesel.

Boçkalar doludyr ary balyndan, Telerler titreýär gurçuk gülünden (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler).

Bal suýji, baldan bala süýji (nakyl). «Bal»diýen bilen agyz süýjemez (nakyl).

Bal tutan barmagyny ýalar (nakyl). Arynyň zäherin çekmedik, balyň gadyryn ne-bilsin (nakyl).

2. gepl. d. Örän süýji, tagamly, oňat. Çorba bala dönüpdir.

Bal güne batmak — ser. G ü n.

Seni oda atyp, men özüm bal günüme batjakmy? (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

Baly goýalmak— 1)gowy bişmek. Kolhozyň bag-bakjalaryndaky ir-iýmişleriň baly goýaldy (A. Gowşudow, Saýlanan zserler);

2) akyly jemlenmek, akyly durlanmak.

Gulaga bal bolup dammak — ser. G u l a k. Onuň geplän gepleri Muhammediň gulagyna bal bolup damdy (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).

Sözden bal dammak — ser. Söz. Bilimiň güýjünden bal damýar sözden, Şolara syn ediň, türkmen gyzlary! (Mollamurt, Saýlanan eserler).


BAL II, Uly tans agşamy. Korolyň köşgünde ballaryň we her hili tomaşalaryň yzy üzülmändir (Orta asyrlar taryhy).


BAL III, 1. Tebigy hadysanyň güýjüni, derejesini belleýän, görkezýän ölçeg birligi.

Aşgabatdaky ýer titremäniň güýji 7—8 bala etdi.

2. Okuw jaýlarynda, sport işinde tsifra bilen bellenýän baha. Bäş bally sistema.


BALA [ba:la] I, Çaga, perzent.

Zähmetkeş balasy pioner ýaşlar (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Aşyr jan, sen hem meniň balam!

(B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Balam, indi saňa öýlenmäge wagt ýetipdir (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Balalarym, kakaňyzy hem unutmaň («Tokmak» žurnaly). Bal süýji, baldan bala süýji. (nakyl).

<> Balalar bakjasy — mekdebe çenli ýaşdaky çagalary terbiýeleýän edara.

Nazar öň balalar bakjasynda terbiýelenip, häzir başlangyç mekdebiň okuwçysydy (A. Durdyez, Saýlanan eserler).


BALA [ba:la] II, Uguň ýonulyp, tüýnügiň gözlerine geýdirilýän ujy.

Öýüň çagarygy gurum bilen doludy, uklaryň balalary ikinji gezek çykarylypdyr.

Onuň, öý kökleri gyrlyşyp ýatyrdy, balalary synyk-synykdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BALAGUŞ   [ba:laguş],   Elguşuň çagasy, ýaş elguş.


BALAK,   Göwräniň, bilden aşaky bölegine geýnlýän eşik, jalbar.

Ol dar balak geýeni halamaýarmyş,(N. Saryhanow, Saýlanan eserler).

B a l a k   ý ü p i— aýal maşgalalaryň gara ýüpden örüp, balaklarynyň agzyna tutýan lentasy.


BALAKLYK, Balak üçin mata.

Gandymyň göwnündeki arzuwy: ýorganlykdan, balaklykdan çalçalaryny hyryndykyn doldurjakdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BALALA'ÝKA, Üç tarly, üç burç formaly saz guraly.

Ol biziň balalaýkamyz kysymyndaky sazyny çalyp otyr.


BALALAIKAÇY, Balalaýka çalýak adam.


BALA'NS, Edaranyň ýa-da kärhananyň belli möhletli pul serişdesi hakyndaky jemleýji wedomosty.

Ot-iým balansy girdeji we çykdajy bölümlerden ybaratdyr.


BALANSIRLEMEK, 1. buhg. Balans duzmek, mukdaryň jemini sazlamak.

2. Deňagramlylyk saklamak, deň gelmek, taý gelmek.


BALANSIRLENMEK, 1. Balans düzülmek, mukdar, jem sazlanmak.

2. Deňagramlylyk saklanmak, taý gelmek.


BALANSIRLETMEK, 1. Balans  düzdürmek, sazlatmak.

2. Deňagramlylyk saklatmak, taý getirtmek. 


BALASYZLYK [ba:lasyzlyk|, ser. Ç a g a s y z l y k.


BALAHANA [balaha:na], Bir gat jaýyň üstünden salynýan kiçijik tam.

Biz balahanada ýaşaýarys.


BALA-ÇAGA [bala-ça.ta], Oglan-uşak, çagajyklar.

Men günäsiz bala-çagalaryň gyrylmagyna dözmeýän (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BALGAZ, bot. Ýasy ýaprakly, iýilýän ajymtyk ot.


BALDAK, bot. Ösümligiň şaha ýaýradýan esasy bölegi.

Ol aýlanyp ýörkä, ekinleriň baldagyna çyrmaşan çyrmaşygyň pete-pet üstünden geläýse nätjek («Tok-mak» žurnaly). Oba boýunça ýumşak we gaty baldakly ot taýýarlamagyň planlary ýerine ýetirildi («Sowet Turkmenistany» gazýeti).

Gülälekleriň, diňe baldaklary somalyşyp galypdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BALDYZ [ba:ldyz], Gelniň adamsynyň kiçi aýal dogany.

Jamal eje öz baldyzy bilen bileleşip, haly dokap başlady (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

Bu meniň baldyzym, ol ikisi hem oba gyzlary (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

Kellesi agyrsa gelnejesiniň, Baldyzy üstünde kükrek gererdi («Sowet edebiýaty» žurialy).


BALDYR, Aýagyň injik bilen dyzyň arasyndaky ýumry etli ýeri. Ädiganiň gonjy baldyrynyň ýumry etinden geçmän, ýygyrt-ýygyrt bolup dur (N. Pomma, Gaýlak hyzzyn).

Çagalaryň baldyrlary, butlary, ikiýan gapdallary, gollary-da açykdy (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


BALDYRLAK, Baldyry ýogyn, ýumry baldyrly. Baldyrlak aýal.


BALERI'NA, Balet artistkasy.

Ol hezir Türkmen döwlet opera we balet teatrynyň balerinasy. (R. Alyew, Sülgüniň hatlary).


BALET, sungat. 1. Sahnada oýnalýan tans sungaty.

2. Diňe tans etmek we üm hereketi arkaly ýerine ýetirilýän sazly teatral oýun. Ol üç ýyldan bäri Leningradyň balet studiýasynda okaýar ekeni (R. Alyew, Sülguniç hatlary).

Bu gün Türkmen döwlet opera we balet teatry nebitçileriň medeniýet öýünde «Aldar köse» baletini goýýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BALETME'ISTER, Baletde tans oýnuny goýujy.


BALETMEISTERLIK, Baletmeýsteriň käri, ýagdaýy.


BALJAK, Gylyjy berk saklamak üçin gynyň agzyndaky demir gurşaw.

Olar gylyçlarynyň, baljaklaryna ýapyşýarlar («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Ol kümüş gynly. gylyjyň baljak taýyny özüne bakan öwürdi-de gobsundy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BALKO'N, 1. Jaýyň ýokarky gatynyň gapysynyň agzynda gurlan daşy aýlawly eýwan.

Aşgabat şährin-de — bagt mekanymda, Belent, päk howaly, giň balkonymda («Oktýabrь ýalkymy»).

Ol penjiräniň öňüne geçip, balkona çykdy (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

Ýokarda bir näçe gat galereýalar, balkonlar bolup, adam garşylaýan we ugradýan jemende şolaryň üstünde ýaglyklaryny bulap durýar (W. W. Maýakowskiý, Amerika hakynda).

2. Teatrda tomaşaçylar oturýan orta ýarusdaky ýer, Ozal bir wagtky ýaly, arakesmede gyzlar biri-birinden öň barjak bolup, balkonlara eňmeýärdiler («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BALKYLDAMAK, Öwşün atyp ýaldyramak, alaryp mylaýym görünmek (göz, ýyldyzlar hakynda). Potdynyň kösä çekiji kinaýaly göreji ýene balkyldap seretdi. Maýsanyň gözleri çaga çebşiňki ýaly balkyldady (B, Kerbabaew, Aýsoltan).

Seniň balkyldaýan. gara gözleriň — garaňky göwnümiň yşygy (B. Kerbabaew Aýgytly ädim).


BALKYLDATMAK, Öwşünli ýaldyratmak, alartmak.

Gözüň balkyldadyp her ýan garaýar («Sowet edebiýaty»žurnaly).Ýaşly gözlerini ejesine tapyşan çagaňky

ýaly balkyldatdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BALKYLDAŞMAK, Ýaldyraşyp durmak, görünmek. Aýsyz dury asmanyň ýyldyzlary öz kanunlary boýunça. asudalyk bilen balkyldaşýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BALLA'DA, 1. edeb. Hekaýa mazmunly şygyr eseriniň bir görnüşi.

Goýun iti Bars hakynda ballada («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. sazç. Saz eserlerinin bir görnüşi.


BALLA'ST,detsizç. Gäminiň durnuklylygyny üpjün edýän agyrlyk, ýük.

2. Aerostatyň ýokary galyş belentligini regulirleýän çägeli halta.


BALLISTIK, harby. Ballistika degişli bolan. Ballistik eýeri çyzyk.


BALLI'STIKA, harby. Snarýadlaryň, okun atylyp gidişiniň kanuny hakyndaky ylym.


BALLON I, 1. Çüýşe ýa-da metal gap. Kislorod salynýan ballon.

2. aw. Aerostatyň gaz doldurylýan gaby.


BALLO'N II, Awtomobiliň daşky rezin tigri. Maşynyň yzky tigirleriniň ballonlary könelipdir.


BALLOTIRLEMEK,  Sese  goýmak.


BALLOTIRLENMEK, Sese goýulmak.


BALHY, bot. Iri ýaprakly, dänesiz ak miweli tut agajy.

Balhy tut bar, her ýapragy el ýaly (Ata Salyh, Saýlanan eserler).

Tut agaçlarynyň beýleki görnüşlerinden tapawutlylykda balhy tut dänesiz miwe berýär.


BALÇY, Balçylyk işi bilen meşgullanýan adam. Meniň agam kolhozda balçy bolup işleýär.


BALÇYLYK, Oba hojalygynyň bal arylaryny köpeltmek işi bilen meşgullanýan pudagy.


BALYK [ba:lyk], zool. Jabralary bilen dem alýan, suwda ýaşaýan oňurgaly haýwanlaryň umumy ady. Wah, hawa-la, heý balyk hem suwsuz oňarmy? (B. Purliew, Ilkinji gün). Men maşgalamyň gündeki iýjegini balyk tutup, gündekisini günde tapýardym (Ata Salyh, Saýlanan eserler).

Balygyň diriligi suw bilen (na-kyl).    Balyk başyndan porsar (nakyl).


BALYKGULAK [ba:lykgulak], Oňurgasyz jandarlaryň käbiriniň endamynda bolýan gowşurylan öwüç görnüşli gorag örtügi we şol möjejigiň özi.

Iýmit üçin adamlar bilelikde balykgulaklar, mör-möjekler, miweler we iýilýän kökler ýygnaýar ekenler (SSSR taryhy).


BALYKÇY [ba:lykçy], Balyk tutmaklyk işi bilen meşgullanýan adam.

Kaspidäki balykçylaň öýüne,Myhmanlyga gämi bilen geçeris (K. Gurbaknepesow, Soldatyň ýüregi). Balykçy müň tümenlik düýş görse, balygyna ýorar (nakyl).

Balykçy balykçyny daşdan görer (nakyl).


BALYKÇYLYK [ba:lykçylyk], Oba hojalygynyň balyk tutmak bilen meşgullanýan pudagy.

Germanlar we slawýanlar balykçylyk bilen meşgul bolupdyrlar(Orta asyrlar taryhy).

Munuň, özi balykçylyga, suw transportyna, oba hojalygyna ep-esli zyýan ýetirip biler diýen netije getirýär («Sowet Türkmenistany» gazýeti).


BALЬZA'M, 1. Efir ýagy eredilen smoladan emele gelýän madda, şire.

2. Ýara bitirýän serişde, derman.


BALZAMI'N, bot. Dekoratiw görnüşinde ekilýän tropik ösümligi.


BALZAMIRLEMEK, Meýdiň çüýremekliginiň öňüni almaklyk we ony uzak wagtlap saklamaklyk üçin oňa aýratyn derman siňdirmek.

Olar öleniň meýdini balzamirleýän ekenler (Gadymy dünýä taryhy).


BALZAMIRLENMEK, Meýdiň zaýalanmazlygy üçin aýratyn derman siňdirilmek.


BALNEOLOG, med. Balneologiýadan spetsialist.


BALNEOLOGIK, med. Balneologiýa degişli bolan.


BALЬNEOLOGIÝA, med. Mineral suwlaryň we palçyklaryň himiki sostawyny hem-de kesel bejeriş serişdedigini öwrenýän ylym.


BALNEOTERAPIÝA, med. Mineral suwlar, palçyklar we wannalar arkaly keseli bejeriş.