BAT

BAT [ba:t], 1. Bir işi ýerine ýetirmek üçin jemlenen gaýrat, güýç, gujur, kuwwat, hereket.

Jahana jar bolan rewolýutsiýaň Beýik ýeňişiniň güýçli, bady bar (N. Pom-ma, Saýlanan eserler).

Bat gerek mundan ötmäge, Guş gerek kowup ýetmäge («Görogly» eposy).

Ýel ýelkene bat berip, gämini öňe itekleýär.

2. Bir işiň ýerine ýetirilişiniň çägi, möçberi, derejesi, gerimi.

Hakykaty berk tutup, Haýdaýarys bat bilen, Planlary doldurýas, Göreş dip ýat bilen («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»).

3. Haýbat. Syndyrdylar zalymlaryň badyny, Baýlardan ýer-suwun aldy ýoksullar (Mollamurt, Saýlanan eserler).

<> Bady  gaçmak — bady ýatmak, sussy basylmak, haýbaty gowşamak. Onuň bady gaçdy («Kolhoz günleri»).

Badyny almak — badyny ýatyrmak. sussuny basmak, haýbatyny gowşatmak. Ýa walla, gele-gelmene badymy alýarsyň-ow («Kolhoz günleri»).

Bat bermek — 1) bir zadyň badyny güýçlendirmek, hereketini güýçlendirmek;

2) birini öwüp götergilemek.

Bat bilen — bar güýjüň bilen, bat alyp. Ine şol ýaby! — diýip, bat bilen ýaba topulypdyr («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»). Şol wagt möjek atyň artky aýagyna ýakynlaşyp seredýär weli, at hem ýagşyja çemine salyp, goşa toýnagy bilen möjegiň maňlaýyna bat bilen depýär («Turkmen halk ertekiler ýygyndysy»).

Özüňe bat bermek — haýbatly görünjek bolmak, haýbatlanmak, hondan bärsi bolup görünmek. Ol özüne bat berýän adamdy.


BATALIST, Harby hereketleri suratlandyrýan hudožnik.


BATALЬO'N, harby. Polkuň sostawyna girýäý bir näçe rotadan düzülen goşun bölumi. Kontrrewolýutsion kazaklar, ýunkerler, musulman batalьonlary derbi-dagyn edildi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Olaryň hemmesi bir batalьondan ekeni («Sowet edebiýaty»žurnaly).


BATARE'ÝA, 1- harby. Bir näçe toplary, minomýotlary bar bolan artilleriýa ýa-da minomýotçylar bölümi. Her bir batareýa öz nyşanlamaly ýerini bilýär (O. Gonçar, Baýdak göterijiler). Minomýotçylar batareýasy.

2. Birikdirilen bir tipli galьwanik elementleriň ýa-da akkumulýatorlaryk toplumy.

Onuň çopan üçin belli bahasynyň ýokdugyny, ýöne batareýasynyň 36 sagatlykdygyny, täzesini tapmagyň bolsa kyn düşýändigini aýtdy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Radiopriýomnigi we onuň batareýasyny hiç kime satmagyn! («Tokmak» žurýaaly).


BATAREÝAÇY, harby. Batareýa bölüminiň urşujysy, artillerist, topçy. Batareýaçylar geldiler.


BATBÖREK [ba:tbörek], Bir tagta kagyzyň ýüzüne ýuka agaç bölejigi atanaklaýyn ýelmenip, uzyn ýüplük berkidilip howa goýberilýän uçar, oýnawaç.

Oglanlar batbörek uçurýardylar.


BATGA, I. Ygal ýa-da zeý suwy ýygnanmak zerarly emele gelýän kiçiräk palçykly ýer.

Onuň egri aýaklary batgadan sogrulýan ýaly ädilip, jansyz gözleri küle taşlanan mäz ýaly sämäp göründi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Ýagyş ýagyp palçyk, laý, lüýk bolan ýer. Ýol batga bolmadyk bolsa, biz gunorta bolmanka, şähere barardyk.


BATGALANMAK, Ygal ýagmak ýa suw gitmek zerarly batga bolmak, batgalyga öwrülmek.

Suwarymly ýerleriň şorlanmak we batgalanmak hadysasyny ýok etmäge mümkinçilik berýär (F. G. Sewostьýanow, Türkmenistanda gowaçanyň suwarylyşy).


BATGALYK, Batgaly ýerler, batgasy köp ýer. Komandir özüniň bir näçe ýigitlerini goşup, Gurdy we onuň ýoldaşlaryny batgalygyň üstünden geçýän ýoda salyp ugratdy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Adamlar agaçlary kesmäge, çadyrlary dikmäge we batgalyklary guratmaga girişipdirler («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Çägesöw we batgalyk topraklar kaliý dökünlerine aýratyn-da mätäçdir (M. N. Skatkin, Jansyz tebigat).


BATI'ST, Tow berlen ýüplükden dokalýan ýukajyk nah mata.

Ol bir kilogram pagtadan 20 metr batist ýa-da 55 sany elýaglyk etmek bolýandygyny eşidende bolsa, haýranlar galdy («Pioner» žurnaly).


BATLANDYRMAK [ba:tlandyrmak], 1. Güýçli hereket etdirmek, möwç aldyrmak, bat aldyrmak, güýjetmek.

Maşynyň ýöreýşini batlandyryp, şofior meniň ýüzüme seretdi.

2. Öňküsinden gataltmak, güýçlendirmek (ses hakynda). Ol sesini batlandyrdy.


BATLANMAK [ba:tlanmak], 1. Güýçli hereket etmek, möwç almak, bat almak, güýjemek.

Tolkun atýan Kaspi deňziň ýüzünde, Taýmilyň batlanyp öňe süründi (N. Pomma, Saýlanan eserler).

2. Gatalmak, batly çykmak (ses hakynda). Onuň sandyraýan sesi sarsdyryjy güýç bilen batlandy (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Goý barha batlansyn dizeliň sesi («Sowet edebiýaty» žuryaly).


BATLY [ba:tly], 1. Möwç urýan, güýçli, joşgunly .

Batly gitmek öňe, Derrew ýetjekler deňe (A. Kekilov saýlanan eseler)- Gopbamlaryň halyn agraltdy bu dem, aryn alýanlaryň batly gollary (A. S. Puşkin, saýlanan eserler).

2. Gaty, haýbatly, bat bilen, çalt, tiz. Az salym geçenden soň, batly «Ura!» sesi ýaňlandyrdy (A. Gowşudow, Mahri—Wepa). Birdenkä bolsa Iwan Çernyşowyň batly komandasy (B. Keobabarw- Aýgytly ädim). Bu gün ýene batly gadam urýarsyň («Sowet edebiýaty» žurnaly).

3. Ulumsy, tekepbir, badyhowa.


BATLYLYK [ba:tlylyk], 1. Möwç urujylyk, güýçlülik, joşgunlylyk.

2. Haýbatlylyk, çaltlyk, tizlik.


BATMAK, 1. Suwa çümmek, gark bolmak.

Ol özüni batyp barýan gäminiň üstünde durýan ýaly duýýardy (N. Jumaew, Ak derek).

2. Palçyga girmek, laýa bulaşamak, çägä gömülmek, çümmek.

Onuň ýalaňaç aýagy ýabyň çägesöw çygly raýyşyna batypdyr (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Kartalaryň takyk däldigi üçin, batan ýük maşyny üçin gahary geldi. Ol ürgün çägä batyp, öňe-yza urunýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).

3. Görünmez bolmak, ýaşmak (asman planetalary hakda). Aý batanda, adamlar hem ýatdylar (N. Pomma, Saýlanan eserler). Uzak günläp dumly-duşa ot sowurýan gyzgyn Gün ýaňyja batypdy (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Ömrüzaýa ýyldyz kimin bataýyn, Şu ýerlerde hiç kararym ýok meniň («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»).

4. Uly zyýan çekmek, zyýan görmek. Söwda edip batmak.

5. Sanjylmak, çümmek, dürtülmek. Elime tiken batdy.

* Gaýga batmak — ser. G a ý g y.

Artygyň gaýga batanyna dözüp bilmedik Aýna: — Wiý, oglan, saňa näme bolaýdy? — diýip sorasy geldi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Gama batmak — ser. G a m. Ýene-de Ýegorjyk birden gama batdy (A. P. Çehow, Saýlanan eserler). Gara dere batm a k — ser. D e r.

Bir haýukdan soň, ýorganyň içinde gara dere batyp, hopugyp ýerinden galdy (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

Iňkise batmak—ser. Iňkis.

Birdenkä-de agyr iňkise batdym («Tokmak» žurnaly).

Ýüregine batmak — ser. Ý ü r e k.

Şol sowuk söz hanjar ýaly onuň ýüregine batýardy, maýda-maýda dograýardy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

Maňza  b a t m a k — ser. M a ň y z. Biriniň göwnüne ýakan zat beýlekisiniň maňzyna batmaýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Meniň bu sözlerim onuň maňzyna batmadyk bolara çemeli (B. Pürliew, Ilkinji gün).

Oýa batm a k — ser. Pikire batmak.

Ol başam barmagyny agzyna ýetirip, uly oýa batdy («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).

Pikire batmak — ser. P i k i r. Ol öýe girip, birentek wagtlap çuň, pikire batyp oturdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Uka batmak — ser. U k y.

Indi ynjalyp, süýji uka batdy (R. Seýidow, Bagtlylar).


BATMAN [ba:tman], kön. s. Takmynan ýigrimi kilograma barabar bolan agyrlyk ölçegi.

Halwanyň batmanyny bir tine hiç kim almandyr (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Harman alanymda altmyş batman bugdaý bereýin — diýip, dor alaşany aldy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Serçe semräp, batman çykmaa (nakyl).


BATNYKLY, Hoş ýakýan, mylaýym, ýakymly. Batnykly gürrüň etmek. Batnykly sözlemek.


BATNYKSYZ, Ýakymsyz, erbet, kelçik, suwjuk, gelşiksiz.

Güljahan onuň bu batnyksyz hereketlerine, ýaňsylap gülşüne, nakys gepleýşine tiz düşündi (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).


BATNYKSYZLYK, Ýakymsyzlyk, erbetlik, mähirsizlik, kilçiklik, gelşiksizlik.

Eger onuň batnyksyzlygyny doly aýtjak bolsaň, onda şeýle başlamaly (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Batnyksyzlyk etmek.


BATON, Süýrüräk  ak çörek.


BATRAK, Baýyň hojalygynda işleýän hakyna tutma işçi.

Düýnki batrak — ynha men bu gün obaň eýesi (A. Kekilow, Saýlanan eserler). Bir batrak bir baýyň gyzyna aşyk bolýar (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Allaberdi baý Mämmedi 1921-nji ýylda ýer-suw paýlaşygy boljak, baýlaryň ýer-suwy batraklara beriljek habaryny eşidip, işiginden kowupdyr (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


BATRAKLYK, Batrak bolup işlemeklik, batrakçylyk, batragyň ýagdaýy.


BATRAKÇYLYK, ser. B a t r a k l y k.

 Ol baýyň gapysynda batrakçylyk edip ösüpdir («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Öz ataňyň baýyň gapysynda batrakçylyk edip, nähili ejirler çekendigini göz öňüne getir ahyry («Kolhoz günleri»).


BATRAÇKO'M, kän. s. Oktýabrь rewolýutsiýasyndan soň batraklaryň hak-hukuklaryny baý we kulaklardan goramak üçin düzülen batraklar komiteti.


BATYL [ba:tyl], kön. s. 1. Görmekden mahrum, sokur kör, kör, kary.

2. göç. m. Hiç bir zatdan habarsyz, hiç ýeri görmedik, yza galan, sowatsyz.

Öňki wagtda näçe jepa çekse-de, rahatlyk görmedi, gözi batyldy (N. Pomma, Saýlanan eserler).

3. göç. m. Bagly, ýapyk. Açylsyn batyl ýollaryň!


BATYMLY, Ýakymly, täsirli, manyly.

Syrdam boýly, harby geýimli aýal, Batymly ses bilen ýuwaş sözleýär (A. Atajanow, Iki poema).


BATYMSYZ, Çylka, ýakymsyz, täsirsiz, ýakmaz. Batymsyz adam. Batymsyz gürrüň.


BATYR [ba:tyr], Batyrlyk görkezýän, ýürekli, gorkmazak.

Emma ol geçelge ýönekeý, aňsatja geçäýmeli ýer bolman, gaty hatar ýer ekeni, ondan diňe batyrlar geçip biljek ekeni (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

Batyr ýigit — köp işrleri, Döretdiň sen, türkmen halky (Durdy Gylyç, Goşgular).

Söýgüli Watanym — Türkmenistanym, Ozal salam bolsun batyr halkyňa (N. Pomma, Saýlanan eserler). Batyr ýarasyz bolmaz (nakyl).

At ýortuşda belli, gurt — ýyrtyşda; er göreşde belli, batyr — söweşde (nakyl).

* Dili b a t y r — ser. D i l. Garlynyň pikiriçe, ogullarynyň iň dili batyry hem ýeke sözlüsi Myratdy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


BATYRGAÝ [ba:tyrgaý], Hiç zatdan çekinmän, gorkman hereket edýän, gaýduwsyz, dogumly, batyrlarça.

Batyrgaý topular, sagynyp durmaz, Işine ökdedir ýaş komsomollar (Ata Salyh, Saýlanan eserler).

Biz kynçylyklara garşy batyrgaý göreşýäris.


BATYRGAÝLANMAK [ba:tyrgaýlanmak], Gaýratlanmak, dogumlanmak.

Patyşanyň ýaranlary batyrgaýlandylar («Mydam taýýar» gazýeti).


BATYRGAÝLYK [ba:tyrgaýlyk], Batyrgaý bolmaklyk, gorkmazaklyk, dogumlylyk, gaýduwsyzlyk.

Men öňde baryjy, progressiw zatlary batyrgaýlyk bilen özleşdirýerin.


BATYRLANMAK [ba:tyrlanmak], Edermen bolmak, dogumlanmak, gujurlanmak.

Şonuň üçin hem ol batyrgaýlyk bilen jogap berdi (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


BATYRLYK [ba:tyrlyk], Edermenlik, gahrymanlyk, gaýratlylyk, gorkmazaklyk.

Batyrlygyň etmezligini ýaşlar hemme zatdan erbet görýärler (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler). Aýsoltana habar gatmaga batyrlyk edip bilmeýärdi (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

<> Batyrlyk satmak—batyrsyramak, özüni batyr hasap etmek. Onuň ýaly ýalçy itler batyrlyk satmasynlar («Sowet edebiýaty» žurnaly). Annadurdy biderek batyrlyk satanyna puşman edip, ýöwselläp başlady (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


BATYRMAK, 1. Suwa ýa-da suwuk zada çümdürmek; gark etmek.

Nowgorodly Mişa özüniň ýoldaşlary bilen birlikde üç sany şwed gämisini batyrypdyr (SSSR taryhy). Baldaklaryny suwa batyryp oturan üzüm agaçlarynyň aşagyndaky kenarda Hallar otyrdy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Olar çöregi bölekleşdirip,jamdaky çorba batyryp, şide bilen iýýärdi ler (M. Ibrahimow, Ol gün geler}.

2. Degirmek, bulamak (palçyga, laýa). Aýagyňy laýa batyrmak.

3. Çümdürmek, sançmak, urdurmak. Aýagyna tiken batyrdy.

4. Uly zyýan çekdirmek, bergidar etmek. Söwdasyny batyryp, gedaý gezipdir (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


BATYRSUMAK [ba:tyrsumak], Bolgusyz batyrlyk satýan, özüni batyr hasaplaýan (adam). Indi bular 1941-nji ýyldaky elleri çermelgi batyrsumaklar däl (O. Gonçar, Baýdak göterijiler).


BATYRSYRAMAK [ba:tyrsyramak], Ýürekli bolan bolmak, batyr bolan bolmak, gorkmadyksyramak. Biderek batyrsyramak nemä gerek.


BATYRÇYLYK [bagtyrçylyk], ser. B a t y r l y k. Batyrçylyklardan gürrüňler başlanan mahalynda bolsa, şu iki dost çaga gulaklaryny gerip, maza alyp gürrüň diňleýärdiler (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).

Onuň ertekileriniň we hekaýalarynyň için-de batyrçylyk, edermenlik, gaýduwsyzlyk, wepalilyk häsiýetde bolan gahrymanlar dinçileriň dykgatyny özüne çekýär (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


BATYRYLMAK, 1. Suwa ýa-da suwuklyga çumdürilmek; gark edilmek.

2. Öl edilmek, ezilmek. Dükanyň yk tarapynda bolsa gumuň üstünde suwa batyrylan küşt esgisi ýazylýardy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).

3. Bankrotlyga eltilmek, bergidar edilmek.


BATYRYNMAK, Birine degip bilmek, lak atyp bilmek.

Olaryň hiç biri maňa batyrynyp biljek däller. Ol şeýle arkasy barka, bir adam özüne batyrynyp biler oý etmedi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Olar dört bolany üçin hiç bir oglan olara batyrynyp hem bilmedi (B. Kerbabaew, Japbaklar).