BAR

BAR [ba:r] I, 1. Biriniň ýa-da bir zadyň bolmagyny aňladýan söz.

Garaberdi, obanyň içine aýlan, kim bar, kim ýok, derrew bilip gel! (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

Häzir şu döwürde, biziň zamanda, Bir beýik döwlet bar ýagty-jahanda («Oktýabrь ýalkymy»).

2. Bir zadyň bardygyna gaýtargy berlende ulanylýan jogap sözi — Kitabyň barmy? — Bar.

<> Bar bol — «arma» diýlende berilýän jogap. Bar bol, Hesel eje, özüňiz hem armaň-da (D. Agamämmedow, Goşgular we pьesalar).


BAR [ba:r] II, Ähli, hemme, bütin.

Gudok bar güýji bilen Turbasyn ýaryp barýar (A. Nyýazow, Şygyrlar). Işlerimiziň bary düzeldi.


BAR III, Atmosfera basyşynyň birligi.


BAR IV, Köplenç dik durlup iýlip-içilýän kiçijik restoran.


BARABA'N, teh. Mehanizmiň bölegi, detaly, mehanizmlerdäki içi boş tsilindr.

Rewersiw mehanizmiň tormozlaýjy barabanmyň işleýşini çaltlandyrmak bolarmy? («Sowet edebiýaty» žurnaly). Baraban ýakory.


BARABAR, Başga bir zat bilen deň, deň derejede bolan, başga bir zada laýyk, muwapyk, deň bolan. Kolhozçylar 1952-nji ýylda 1080 kwadrat metre barabar meýdanda teplitsa gurdular (N. S. Hruşew, SSSR--iň oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek çäreleri hakynda). Litseý okuwçylary alty ýyl içinde uniwersitet bilimine barabar doly umumy bilim almalydylar (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).

Şol aý-da kollektiw plandan daşary önüm bermek baradaky borçnamanyň üçden birine barabar önüm işläp çykardy («Sowet Türkmenistany» gazýeti).


BARA-BARA, Wagt geçdigiçe, dowam etdigiçe, gitdigiçe, ahyr soňunda.

Bara-bara aýajygym bent etdi, Gerdenime pelek urdy neşäni (Mollamurt, Saýlanan eserler).

Ýöriş açar bara-bara, Çöller keser mezil ara («Görogly» eposy).


BARABARLAMAK, Deň etmek, meňzeş etmek, mukdar taýdan laýyk etmek.


BARABARLAŞDYRMAK, Barabarlap çykmak, meňzeş edip goýuşdyrmak, deňleşdirmek.


BARABARLAŞMAK, Barabar bolmak, biriniň yzyndan ýetmek, birine ýa-da bir zada deňleşmek, laýyk bolmak, muwapyk bolmak.


BARABARLYK, Bir meňzeşlik, laýyk gelmeklik, deňlik, kybapdaşlyk, muwapyklyk.

Ony täzeden joşdurmak üçin daş sypatyň gözelligi, ýaşlaryň barabarlygy, edep-terbiýäniň kybapdaşlygy gerek (Şekspir, Otello).


BARABARSYZLYK, Meňzeş dällik, laýyk gelmezlik, tekiz dällik, deňsizlik.


BARADA [ba:rada], «Hakda, dogruda, babatda, barasynda, taýdan, tarapdan, boýunça» diýen manyny aňladýan poslelog. Aýna-da Artygyň ömri barada az oýlanmaýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Biziň ýurdumyzda keselliler we garrylar barada uly alada edilýär.


BARAK I, Wagtlaýyn ýaşamak üçin salnan jaý. Barak tipli bir pessejik jaýyň ýanynda aýak çekdik («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BARAK  I, dial. ser. Sakarbalak.


BARASYNDA [ba:rasynda], ser. Barada.

Lomonosow tebigat ylmy barasynda köp açyşlar etdi.


BARGA I, Suwuk ýapaşak örküçlenip akýan ýeri.


BARGA II, maldarç. Döl alyş kampaniýasyndan ir bolan guzy, goçdan ir çykan goýundan bolan guzy. Körpe guzularyň arasynda barga guzy hem bar.


BARDA [ba:rda], Ýukajyk perde, örtük.

Ol rogowitsanyň aňyrsyna çekilen ýuka bardadyr (S. K. Karanow, Beterlän irikli göz agyry).


BARDY-GELDI, Belki, eger, megerem.

Bu şi üçin bardy-geldi jeza çekmeli-de bolsa, prawlenie çlenleriniň hemmesi deň çeker.

Bardy-geldi şeýle bolaýsa, biz Wepa şahyry hemişelik ýitireris («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Bardy-geldi. bir işigaýtgynçylyk bolaýanda-da, gallasyzlykdan, açlykdan beter belaň üstünden barman — diýip düşündi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Bardy-geldi kolhoz başlygyny göräýse, yzyndan galmaýar (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


BARDYGYÇA, Gitdigiçe, barha.

Bardygyça görkelýen bu görnükli görkümiz, Degredaşyň sakçydyr, saklajakdyrys, Watanym («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»).


BARJA, Başga bir gäminiň yzyna tirkelýän ýalpak düýpli tirkeg ýük gämisi.

Ynha görseň äpet-äpet barjalary özlerinden on esse dagy kiçijik, emma güýçli parohodjyklar dartyp gelýärler. Dürli gural ýükli barja egşerip, Ymtylýardy Krasnowodsk portuna («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BARIÝ, him. Himiki element, kümüş reňkli ýumşak metal.


BARIN,  Rewolýutsiýadan öňki Russiýada: ekspluatator synpyndan bolan ýer eýesi, hojaýyn. Daýhan bariniň ýerini sürüpdir (SSSR taryhy). Onegin Peterburg-da barin maşgalasynda eneden doglupdyr («Edebiýat»).


BARINLIK, Bariniň derejesi, hukugy, ýagdaýy.


BARINÇILIK, ser.  Barinlik.


BARI'T, Tebigy mineral. Ine  häzir  hem toýuň  galyndysyna barit goşulmagynyň gerekdigini burawlaýja  aýtmagy-da şol sebäplidi. Wahtada duranlar ýetişibildiklerinden guýa barit oklaýardylar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BARITO'N, 1. Misden ýasalan orta owazly saz guraly. 2. Orta owazly ses, heň.


BARK: bark urmak: — 1) ýaldyramak, öwüsmek, öwşün atmak, şöhle bermek.

Çyralar bark urup, bolanda agşam, Göýä her bir ýerde ýanýar million şem (W. W. Maýakowskiý, Amerika hakynda). Entek turmaň, eý bark urýan ýyldyzlar (Şekspir, Otello);

2) ýakymly, güýçli ys ýaýramak, gelmek, kükemek. Al-ýaşyl bürenip, bahar ysy bilen bark urýan ýerde onuň gözüne gowaça meýdanyndan başga zat görünmeýän bolara çemeli («Sowet edebiýaty» žurnaly). Uzak ýoluň iki ýanyny boýlap, Howany doldurýar bark urýan ysy (B. Kerbabaew, Aýlar).


BARKA, Ýük daşamak üçin palubasyz ýasy düýpli agaç gämi.


BARKA'S, deňizç. 1. Kürekli gaýyk. 2. Bug bilen ýöreýän kater, ýük çekýän motorly kiçiräk gämi. Barkas togtan badyna, biz motory ýatyrdyk. Säher balykçylar çekerler torun, Dürli balyklardan dolar barkas-da («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BARKASÇY, Barkas ýasaýan ussa, barkasyň eýesi ýa-da barkas sürüji.


BARLAW [ba:rlaw], ser. B a r l a g. Ryza şanyň döreden diktatorlygy hem edýän ýadebirzulumlary baradaky hakykat hiç bir tsenzuranyň barlawyndan geçmän, dilden aýdylýan rowaýatlaryň, hekaýalaryň üstünden şäherlere we kentlere ýaýraýardy (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


BARLAG [ba:rlag], 1. Bir zadyň dogrulygyny gözegçilik ýa-da synag arkaly anyklamaklyk.

Profsoýuzlaryň oblast soweti tarapyndan. guralan barlag jemgyýetçilik kontrolýorlarynyň köpüsiniň ýeterlik işleýändiklerini görkezdi («Sowet Türkmenistany» gazýeti).

2. Ylmy esasda öwrenmeklik barada alnyp barylýan derňew.

Biziň zamanymyzyň taryhçylary ýadawsyz barlaglar geçirip, Nar çeşmäniň, Kör çeşme bolmagynyň düýp sebäbini anyklaşdyrdylar (N. Pomma, Sebäbini soň bildim). Kapitanyň buýrugy boýunça radioçylar radio goýluşyna barlaglar geçirmäge başladylar (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Ylmy-barlag işini geçirmäge gelipdirler (B. Pürliew, Ilkinji gün).


BARLAGÇY [ba:rlagçy], Barlag işini geçirýän adam ýa-da komissiýa.


BARLAMAK [ba:rlamak], 1. Bir zadyň dogrulygyny anyklamak üçin derňew geçirmek, derňäp görmek. Ony siziň işiňizi barlaýan komissiýanyň hem başlygy edip belläpdirler (B. Pürliew, Ilkinji gün).

Bu keşdäniň daşyndan garasaň, göýä bir açylyp oturan güle meňzeýärdi, el bilen barlamasaň, onuň matadygy hem mälim däldi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

2. Synap görmek, synagdan geçirmek, synamak.

Traktoryň işleýşini barladylar.

3. Gözden geçirmek, sermeläp görmek, agtarmak. Hojam eli bilen gapdalyny barlady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Soň şu eňegi ýaglyk bilen daňylgy adam döwekçileriň goşuny barlamaga başlady (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

4. Ylmy esasda öwrenmek maksady bilen barlag işini alyp barmak, derňemek.

Donoryň hem-de syrkawyň ganyny deslap barlamak.


BARLANMAK [baflanmak], 1.Derňew geçirilmek, derňelmek.

Biziň sektorymyzyň ýanwarь hem fewralь aýlarynda eden işi barlandy.

2. Synag edilmek,synalyp görülmek. Okuwa girýänleriň rus dilini bilşile ri barlandy.

3. Gözden geçirilmek, agtarylmak. sermelenip görülmek. Olaryň öýi barlandy.

4. Ylmy esasda öwrenmek maksady bilen barlag işi geçirilmek, derňelmek.

Nebitdagyň nebit zapaslary barlandy. Gara-gum kanalynyň geçýän ugry alymlar tarapyndan barlandy.


BARLATMAK [ba:rlatmak], 1. Barlag işini geçirtmek, bir zadyň dogrulygyny anyklatmak.

2. Synag etdirmek, synap gördürmek. Priýomnigiň işleýşini barlatmak.

3. Gözden geçirtmek, agtartmak, sermeläp gördürmek. Gijelikde çylbyr ýaly çyrlatdy, Tokaýlary, jeňňelleri barlatdy (N. Pomma, Saýlanan eserler).

4. Ylmy esasda öwrenmek maksady bilen barlag işini geçirtmek, derňetmek. Garabogazkölüni alymlara barlatdylar. Syrkawyň ganyny barlatdylar.


BARLAŞDYRMAK [ba:rlaşdyrmak], Barlap çykmak, synag edip görmek, hemmesini gözden geçirmek, agtaryp çykmak, sermeşdirip görmek, derňeşdirmek.

Gulman arçyn itiň endamyny eli bilen barlaşdyrdy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


BARLAŞMAK (ba:rlaşmak], Birine bir zady barlamaga derňäp görmäge, gözegçilik geçirmäge, agtaryşdyrmaga, synag etmäge kömekleşmek.


BARLY [ba:rly], Zada mätäç bolmadyk, baý, gurply.

Reaktsion hem barly gatlaklaryň içinden çykan studentler germanlara, iňlislere, amerikanlara gol ýapýardylar (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

Barlynyň bazary ýanynda (nakyl).


BARLYLYK [ba:rlylyk], Zada mätäç dällik, gurplulyk, baýlyk.


BARLYŞDYRMAK, 1. Iki tarapy ylalaşdyrmak, ýaraşdyrmak.

Küle girrigi öz gyzy hem giýewisi bilen barlyşdyryp, öýlerine gitdiler (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

2. Iki tarapy hem razy etmek, razylaşdyrmak. Araçylar dükançylar bilen olaryň arasyny barlyşdyrmakdan ýa-da olaryň gabaraly zatlaryny göterişmekden muzd alýardylar (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

3. Birleşdirip bir ugra gönükdirmek, birleşdirmek.


BARLYŞMAK, 1. Ylalaşyk guramak, ýaraşyk etmek, aragatnaşyk saklamak.

Gyrlyşmakdan peýda ýok, barlyşalyň — diýdi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Barlyşmaly ýa yza çekilmeli — diýip teklip edenleriň her birine ol üzül-kesil jogap berdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Iki taraplaýyn razy bolmak, razylaşmak. Olar barlyşypdyrlar.

3. Durmuş gurmak, är-heleý bolmak. Sen ýene Ýolli bilen barlyşaýsaň niçik bolýar? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

Onýyllyk mekdebi-de bile gutaryp, biri-biri bilen söýşüp barlyşdylar (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


BARLYŞYK, Ylalaşyk, ýaraşyk, ylalaşykly aragatnaşyk. Dökülen ganlary duşmançylyk, kine saklamak guratman, diňe milletler,jynslar arasyndaky ebedi barlyşyk guradyp biler (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Ýa azaşyp, ýa-da aldaw salmaga, Ýa-da ol barlyşyk isläp gelipmi? (B. Kerbabaew, Aýlar).


BARLYŞYKSYZ, 1. Ylalaşyksyz, ýaraşyksyz. Görogly soltanlara garşy barlyşyksyz göreş edýärdi (Görogly» eposy). Ol ikisi barlyşyksyz duşmandy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Üzül-kesil, rehimsiz, antagonistik, birsyhly.

Biziň öňe gitmegimizi bökdeýän zatlara garşy barlyşyksyz göreş alyp barmaga çagyrýar.(Sowet  edebiýaty»  žurnaly).


BARLYŞYKÇY, Ylalaşyk. ýaraşyk edýän tarap ýa-da adam.


BARMAK I, anat. Penjäniň ýa-da daraklygyň aýry-airy bogunly bölekleri, el-aýagyň gutarýan ujy.

Eliniň başam barmagy bilen knopkany basdy . («Sowet edebiýaty» žurnaly).

On barmagyň hünärli köp zatlary döredýär (N. Pomma, Saýlanan eserler).

Başam barmak baş getir (sanawaç).

Bilen bilenin işlär, bilmedik barmagyn dişlär (nakyl).    Bal tutan barmagyny ýalar (nakyl).

<> Barmak dişlemek — 1) geň galmak, haýran bolmak; 2) eden işiňe ökünmek.

Bäş barmagyň ýaly bilmek — örän gowy bilmek. Ol maşynyň ähli böleklerini bäş barmagy ýaly bilýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BARMAK II, 1. Bir ýere ýa-da biriniň ýanyna gelmek, gitmek, etmek.

Siz ýoldaşyňyzyň ýanyna barmak isleýärsiňizmi? Myhman ýerime bardym-da, iş oňarmaýanligymy aýtdym (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).

Bar, okaram gel, okaram, barmasaň, gelmeseň, ara ýolda döwül, okaram (sanawaç).

2. Belli bir derejede, depginde öňe hereket etmek, gitmek.

Bularyň döwek işleri şowly barýardy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

3. Kömekçi işlik funktsiýasynda ysnyşyp gelýän işligi bilen birlikde ýakynlaşmagy görkezýär.

Alyp barmak, bolup barmak, ýakyp barmak, ýetip barmak we ş. m.

*  Baryp  ýatan — iň gowy ýa-da in erbet, aňrybaşy.

Etek alty öň ýedi bolup barmak—hasanaklap barmak, alakjap barmak.

Hak öýüne barmak — gurban bolmak, ölmek.


BAROGRA'MMA, Barografyň ýazyp alýan howa basyşynyň diagrammasy.


BAROGRAF., fiz. Atmosfera basyş güýjüni özi ýazýan barometr.

Ondan başga-da, özleriniň görkezişlerini ýazýan barometrler — barograflar ýasalýar («Fizika kursy»).


BAROMETR, fiz. Atmosfera basyşyny ölçeýän abzal. Basyşy ölçemek üçin bolan abzallara barometrler diýilýer («Fizika kursy»).


BAROMETRIK, Barometre esaslanan, barometre degişli bolan. Barometrik basyş.


BAROMETROGRAF, fiz. Atmosfera ýagdaýyny öz-özünden belleýän abzal.


BARON, Graflykdan aşaky dworýanlyk tituly. Boronlar korola garşy harby hereketler başlapdyrlar (Orta asyrlar taryhy).


BARONE'SSA, Baronyň aýaly  ýa-da gyzy.


BARONLYK, Baronyň ýagdaýy, derejesi.


BAROSKOP, fiz. Atmosfera basyşyny takmynan görkezýän barometr.


BARRIKADA, tar. Köçe urşy wagtynda duşmandan goranmak üçin edilýän berkitme.

Hemmeleri zorlap köçelere barrikada gurmaga sürýärdiler (O. Gonçar,Baýdak göterijiler).

Mawy şol wagt barrikadadady(B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BARS, Pişikler maşgalasyndan bolan, gaplaňa meňzeş ýyrtyjy ýabany haýwan.

Bars, barsa meňzeýän goýunçy itdi, Gije-gündiz dowarlary saklardy.

Üýpjegini-üýrmejegini bilmän, taýzaryp dur göýä kituwli bars dek («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BARHA [barha:], Gitdikçe, bardykça, günsaýyn, gün-günden.

Çeper höwesjeňleriň işi barha gowulanyp başlady («Mydam taýýar» gazýeti). Märekäniň göwni barha göçýärdi (B. Kerbabaew, Aýlar). Barha güýlenip barýan ýel olary howsala salypdy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


BARÇA, kön. s. Hemme, ähli, bary.

Barça haýwan saýasynda, Mesgenli, mydarly daglar («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»).

Barça daýhan baýramy zähmetkeş toýy geldi (Mollamurt, Saýlanan eserler}.

Guwanç bilen jaýdakylaň barçasy, bakýar oňa ýaş gyz sözleýän wagty (R. Seýidow, Bagtlylar).


BARŞYK, ser. B a r l y ş y k.


BARŞŞINA, Krepostnoýçylyk hukugy wagtynda: daýhanlaryň pomeşşikleriň ýerlerini mejbury mugt işläp bermekleri. Daýhanlary krepostnoýçylyga öwrüpdirler we barşşina işlerini ýerine ýetiripdirler (SSSR taryhy). Hatda I. Petrowiç barşşinany ýatyryp, örän çaklaňja obrok belledi (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler.)


BARY [ba:ry], Ählisi, hemmesi, jemi.

Baryňa köp salam Ata Salyhdan (Ata Salyh, Saýlanan eserler).

Harmanlarnyň samandan köp gyzyly, Ilatynytň bary goýun-guzuly (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler). Şäherdeki dilmaçlaryň, rus dilini bilýänleriň bary mobilizlendi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

<> Bary bilen bazar eýlemek — bary bilen oňşuk etmek, bar zat bilen oňmak, kanagatlanmak. Garly aga meni goýbermejek boldy. Bari bilen bazar eýläp, gürleşip oturmagy ýüreginden syzdyryp ýalbardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BARYBERMEK, 1. Ýuwaş-ýuwaş ýöräp gelibermek, gidibermek, ýöräbermek.

Panteleý, muny öz ýanyňa, haltalaryň üstüne mündür, goý, ol ýuwaş-ýuwaşdan barybersin, biz bolsak, soň ýeteris (A. P. Çehow, Saýlanan eserler).

Yzymdan gelenlerine garaşman, ýorgan-düşegi göterip barybermeli boldum («Sowet edebiýaty» žurnaly). 2. Baryp-gelip aragatnaşyk edibermek, ýakynlaşyk açyp başlamak.

Barybersene, seni Mamagül kowasy ýok (N. Pomma, TaýlaK hyzzyn).

«Ýagşy görýär» diýip, baryberme, «berýär-ow» diýip, alyberme (nakyl).


BARYBIR [ba:rybir], Nähili-de bolsa, her zat-da bolsa, her niçik-de bolsa, tapawudy ýok.

Barybir, urup bilmersiň (J. Akyew, Mergeniň ogly). Barybir, günüň-gününe bir garnyň dok bolsa, bir garnyň aç (M. Gorьkiý, Ene). Biz, barybir, olaryň yzyndan ýetip biljek däl (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BARY-ÝOGY [ba:ry-ýo:gi],  Bar bolany, ählisi, hemmesi, jemi.

Bary-ýogy biraz salymdan soň, bu ýerde-de baş uzeliň beton desgalarynyň tutuş bir kompleksi peýda bolýar («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).

Wladimir yola beletdi, ol bary-ýogy ýigrimi minutlyk ýoldy (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).


BARYLMAK, Bir ýere gidilmek, biriniň ýanyna ýetilmek.

Ine Mämmet aganyňka myhmançylyga barylýan ýol («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BARYP, Gadym eýýamda, ir wagt, bir eýýäm.

Hytaý baryp iki müň ýyl mundan ozal Gretsiýa, Rim, Hindistan, Arabystan ýaly döwletler bilen giň söwda alyp barypdyr («Sowet Türkmenistany» gazýeti).


BARYŞ-GELIŞ, Dostlukly gatnaşyk, aragatnaşyk.


BARYŞDYRMAK, 1.ser.B a r l y ş d y r m a k. Tersleşenleri baryşdyrmak.

2. Köp ýere baryp görmek, aýlanyp çykmak. Barmaly ýerine baryşdyrypdyr.


BARYŞDYRYJY, Ýaraşdyryjy, ylalaşdyryjy.


BARYŞMAK, 1. ser. Barlyşmak.

2. Bir ýere üýşüp barmak, ýygnanyşmak.


BARÝER, sport. Böküp geçmek üçin gurlan päsgelçilik.

Çep gapdalyndaky, giden düzlükde bolsa atlarьyň barýerden böküşini gördi (A. Durdyew, Saýlanan eserler). At münüp, çybyk kesmäge we atyny barýerden bökdürmäge welin, onuň duran ýeridi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).