GELMEZ  LEÝLI
										
										Halypam berdi bir habar,
										Gelmez Leýli  Mejnun diýip,
										Janyma saldy çoh derdi,
										Gelmez Leýli  Mejnun  diýip.
										
										Ýar ýoluna düşdi perde,
										Oglan başym  galdy derde,
										Karar etmen  men  bu ýerde,
										Gelmez Leýli  Mejnun diýip.
										
										Ýol başynda saklap durardy,
										Mejnunyň halyn sorardy,
										Gaýgydan ýüzüm saraldy,
										Gelmez Leýli  Mejnun diýip.
										
										Kaýs diýer ilden-ile,
										Rakypdanam edip gile,
										Mejnun bolup,çyksam çöle,
										Gelmez Leýli  Mejnun diýip.