Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ISTEREM


Eý byradarlar, hudadan lutfy-yhsan isterem,

Hastaýy-zaram weli, derdimge derman isterem,

Bilbili-bihanaman, bagy-gülüstan isterem,

Göwherli-lagly-zümmeret tapgaly kän isterem.

Bu bozulmyş köňlümin tagtyga soltan isterem.


Serwi boýlym bolmasa, gül berki ragnany neteý,

Istegim Leýlidir, özge kaddy zybany neteý,

Aşyky-zaram hakyky, maly-dünýäni neteý,

Andan aýry sünbüli-reýhany, zybany neteý,

Ger miýesser bolsa ýarym, birge döwran isterem.


Sakyýa-wahdet elinden içmişem jamy-şerap,

Çaykdym ol sähraýa, oldum içre mesti-harap,

Maksadym-görsem nigarymnyň jamalyn bir garap,

Ýüz-ýüze düşgeç, tutaşyp, boldy bu bagrym kebap.

Bezmi-waslyda anyn okyrga destan isterem.


Bar idý köňlüumde kim bir inçe esrary-nahan,

Äşgere eýledim  syrym  aldyna eý şahy-jahan!

Arzyny diýr düşbü Mejnun, ha ýagşydyr ha ýaman,

Eşit arzymny meniň, eý gamgüsarym Leýli jan,

Çekmişem hijran jepasyn  wasly-janan isterem.