SÖZLÜG ,,, N-HARPY;

NAB

NAG

NAD

NAŽ

NAJ

NAZ

NAÝ

NAK

NAL

NAM

NAN

NAR

NAS

NAT

NAH

NAÇ


NAÇA'LЬNIK, Bir zada ýolbaşçylyk edýän, bir işi dolandyrýan wezipeli adam. Starşiý naçalьnik bizi ýetip gelýän täze ýyl bilen gutlady («Sowet edebiýaty» žurnaly). Goşuna komandirlik eden harby naçalьnikler bolupdyrlar (Gadymy dünýä taryhy). Göni öz naçalьniginden habar sorady (B. Kerbabaew, Aýgytly zdim). Ol ýüzuniň ugruna postuň naçalьnigini hem görüp geçmekçi boldy (A. Gowşudow, Mähri — Wepa).


NAÇALЬNIKLIK, Naçalьnigiň wezipesi, käri.


NAÇAR [na:ça:r], 1. Ejiz, biçäre, betbagt, erksiz, görgüli. Olar gullar ýaly hukuksyz we naçar bolupdyrlar (Gadymy dünýä taryhy). 2. göç. m. Aýal, gyz. Naçarlaryny ýesir et (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


NAÇARLAMAK , [na:ça:rlamak]. Naçarlyk etmek, naçar galmak, erksizlenmek, ejizlemek. Bu sesde daşardakynyň naçarlaýany açyk aňlanýan ýaly boldy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Ol bir gapynyň agzynda gysmyljyrap we naçarlap çyňsamaga durdy (A. P. Çehow, Saýlanan eserler).


NAÇARLANMAK , [na:ça:rlanmak], Özüni naçar, çäresiz halda duýmak, naçarlyk etmek, ejizlenmek, erksizlenmek, Naçarlanyp oturmak.


NAÇARLYK [na:ça:rlyk], Ejizlik, biçärelik, erksizlik.


NAÇÝOTÇIK, Okan  zadyny tankydy suratda däl-de, mehaniki suratda özleşdirýän adam, ýat  tutujy.


NAÇÝOTÇIKLIK, Naçýotçige mahsus gylyk-häsiýetde bolmaklyk, mehaniki suratda özleşdirijilik, ýat tutujylyk.