SÖZLÜG ,,, N-HARPY;

NAB

NAG

NAD

NAŽ

NAJ

NAZ

NAÝ

NAK

NAL

NAM

NAN

NAR

NAS

NAT

NAH

NAÇ


NAZAR, Birine ýa-da bir zada bakyş, garaýyş. Bahar syr aňjak bolýan ýaly, bir hili şübheli nazar bilen seretdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Penjireden batly-batly bulanýan ýaglyk bularyň nazaryny özüne çekdi («Tokmak» žurnaly).

<> N a z a r dikmek — birine ýa-da bir zada üns bilen bakmak, dykgat bilen seretmek. Aýsoltan Begenje nazaryn dikdi (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

<>Nazar kaklyşmak — biri-biriňe gözüň düşmek, biri-biriňe garamak. Ýigidiň nazary howlynyň daşyna çykan gyz bilen kaklyşdy. (B. Gurbanow, Duşuşyk).

<>Nazar salmak — birine ýa-da bir zada garamak, seretmek. Ol elinde kepgir tutup, kä palawly gazana, kätä bolsa towukly gaba nazar salýardy (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Ýygnagyň gün tertibi bellenen kagyza gaýtadan nazar saldy («Sowet edebiýaty» žurnaly).

<>Nazar taşlamak — birine ýa-da bir zada garap goýmak, bakmak. Ol ýene bir zatlar ýatlap başlady, Maňa bir enaýy nazar taşlady (R. Alyew, Kommunizm ýolunda).

<>Nazar etmek — ser. Nazar salmak. Tebigatyň nazar eden adamlary.

<>Nazara almak (tutmak) — 1) göz ötsünde tutmak, hasaba almak. Eger kolhozçynyň şu günki doklugyny nazara alyp, ertir guşluk nahary üçin ammarymda artykmaç galla saklamasam, menden nähili başlyk bolar? (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Kemçilikleri ýakyn günlerde düzetmäge söz berendigini nazara alyp, men ony brigadirlikde galdyrmagy teklip edýärin («Zähmet gahrymanlary»); 2) nyşana almak, nyşanalamak. Ol çaltlyk bilen tüpeňiniň agzyny öwrüp, onuň goltugyny nazara alyp, meşäni çekdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň etegin-de).

<>Nazardan sypdyrmak — ünsden düşürmek, gözden salmak. Alasarmyk garaňkynyň içinde ýigitler her bir gymyldyny nazarlaryndan sypdyrmajak bolşup jan edýärdiler (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

<>Nazary düşmek — birini ýa-da bir zady görmek, birine, bir zada gözi düşmek. Heniz gyzişmandyr deňiz bazary, Goňşy gämilerne düşdi nazary (N. Amanow, A. Kowusow, Balykçylar).

<>Nazaryndan ganmak — biriniň seredişinden mähir tapmak, özüňi kanagatlandyrmak. Eziziniň nazaryndan ganypdyr («Sowet edebiýaty» Žurnaly).


NAZARKERDE, Özüne çekiji syratly, her bir işiň hötdesinden gelip bilýän, edenli, gaýratly. Nazarkerde orta boýuna garanda, Saglygna saýraýar bar halkyň dili (N. Pomma, Saýlanan eserler).


NAZARKERDELIK, Özüne çekiji syratlylyk, her bir işiň hötdesinden gelip bilijilik, edenlilnk, gaýratlylyk.


NAZARLAMAK, 1. Bir zada seretmek, çenine göz gezdirmek. Ala gözlerini Muhammede nazarlap — Men-ä seniň näme diýjek bolýandygyňa hiç duşünip bilmeýärin! — diýip, diňirgenip durdy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ol garymyň içindäki bugdaýy nazarlanda-«üç müň ýa bäş müň düýe bar bolsa gerek» diýip çak urdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Garawula almak, çenemek. Rezin turbany Orazalynyň döşüne nazarlap, suw pürkdi welin, Orazaly döşünden ok degen däldir öýtmedi    (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).


NAZARLANMAK, Dikanlap garalmak, çiňerip sereedilmek.


NAZBAÝ [na:zbaý], bog. Ýakymly  ysly, birýyllyk ösümlik.


NAZYM, Sazlaşykly owaz bilen çykýan ses. Nazym bilen gygyrdi, Şagal penjäni urdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


NAZYMLY, Sazlaşykly owaz bilen çykýan, sazlaşykly. Azan aýdýan garrynyň nazymly sesi ýaňlany-berse we buşlukçylar dumly-duşa çapyberse, örüp aýak üstüne galan oba şol öýe baka ýörüş eder (A. Gowşudow. Mähri—Wepa).