SÖZLÜG ,,, N-HARPY;

NAB

NAG

NAD

NAŽ

NAJ

NAZ

NAÝ

NAK

NAL

NAM

NAN

NAR

NAS

NAT

NAH

NAÇ


NAS, Kül, hek, Ýag we ş.m. garylyp, neşe üçin diliň aşagyna atylýan kül pisint gök madda.

Agzyndaky nasyny palçyldadyp, çem gelen ýere pürküp otyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Gök çaý içýärdiler, nahar iýýärdiler, soňundan bolsa nas atyp, çylym çekip gyzykly gürrünler edişýärdiler.( A.Goşudow. Mähri - Wepa). Aşyr agzynyň nasyny dökmäge maý tapman gulak asdy. (B.Kerbabaýew. Aýgytly ädim).


NASKEŞ, Nas atýan ada.


NASOS, Suwuklyk, gaz çekip çykarmak, ýel bermek we ş. m. üçin ulanylýan gural. Toguň güýji bilen şol nasosy çümdirip çykarýan hem ine şujagaz ştanga. (B.Kerbabaýew. Nebitdag).Kanalyň boýunda nasos stantsiýlarynyň üçüsi bar. («Pioner» žurnaly).


NASOSÇY, Nasosy işledýän adam.Ol nasosçyny çagyrdy. («Sowet Türkmenistanyň aýallary» žurnaly).

NASÇY, Nas satyjy adam.