SÖZLÜG ,,, N-HARPY;

NAB

NAG

NAD

NAŽ

NAJ

NAZ

NAÝ

NAK

NAL

NAM

NAN

NAR

NAS

NAT

NAH

NAÇ


NAMA [na:md], kön. s. Hat, ýazgy, kitap; «borç, şert, äht» ýaly sözler bilen goşulyp, «borçnama, şertnama, ähtnama» kimin formada ulanylýan bölek. Bir gezek mertebeli getman, näme üçindir, patyşa aýala nama ibermeli boldy (N. W. Gogolь, Eserler).


NAMAZ [nama:z], dini. Musulmanlaryň aýat, doga okap, hudaýa ýüzlenmeklik däbi. Agşam namaz wagtlary öýüne bardym. (A. Kekilow, Saýlanan eserler). Namazy hem bilenok, orazany hem bilenok (A. Durdyw  Saýlanan eserler). Men saňa: — Namaz oka! — diýemok ahyry. (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Häzir namaz wagty däl (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


NAMAZLYK [nama:zlyk], Üstünde namaz okalýan aýratyn keçe, halyça ýa-da mata bölegi.


NAMAZHON [nama.zhogn], Sypdyrman namaz okaýan, dindar. Senem namazhon bolduň! — diýip, Sähet aýlanyp duran kellesini eli bilen saklajak bolýan ýaly, maňlaýyny tutdy (A. Gowşudow, Mähri — Wepa).


NAMAZHONLYK [nama:zho:nlyk], Sypdyrman namaz okamaklyk, dindarlyk.


NAMART [na:ma:rt], Bigaýrat, gorkak, bolgusyz. Häzirki ýaly aýgytly minutda gorkyny, howatyry diňe namartlar agzap biler (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Namart asgyn ger her ýerde, Ýow gün özün salar derde (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler).

Namart aş üstünde arlar (nakyl). Mert özünden görer, namirt — ioldaşyndan (nakyl). Namarda zar bolandan, gara derýa gark bol (nakyl). Assa gaçan — namart (nakyl).


NAMARTAÝ, ser. Naýynsap . Goýup otur, namartaý, oba baryny berer welin, ony alyp geler (N Saryhanow, Saýlanan eserler).


NAMARTLAMAK [ýaa:ma:rtlamak], 1. Namart bolmak, gorkaklyk etmek, namartlyk etmek, bigaýratlap başlamak, ejizlemek. 2. Sözünden dänmek, sözüňde tapylmazlyk, ähtinden dänmek.


NAMARTLANMAK [na:ma:rtlanmak], 1. Gorkaklyga ýüz urmak, ejizlenmek, bigaýratlanmak. 2. ser. Namartlamak. 3. Namartlanyp gezmek.


NAMARTLYK, [na:ma:rtlyk], 1. Namart ýagdaýda boluş, mert dällik, ejizlik, gorkaklyk, bigaýratlyk. Gyz ogurlamaklyk juda namartlyk bolar («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Sözüňden dänmeklik, sözüňde tapylmazlyk. Eziz han, men senden beýle namartlyga garaşmaýardym?! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


NAMARTÇYLYK [na.ma:rtçylyk], ser. Namartlyk.Namartçylyk edip, iş bitirmezlik.


NAMESTNIK, Patyşa Russiýasynda: bir oblastyň işini dolandyryjysy, naçalьnigi, dikme. Has ulurak şäherlerde halifatyň ygtyýarly namestnikleri we mydamalyk arap garnizonlary peýda bolupdyr (SSSR taryhy). Her bir oblastyň başynda namestnik durupdyr (Gadymy dünýä taryhy).


NAM-NYŞAN [na:m-nyşa:n], Birinden, bir zatdan galan alamat, derek, yz. Bäşimiň ýüzündäki tukatlykdan nam-nişan galmady (J. Akyew, Mergeniň ogly). Baharyň hem ýüreginde gülki tolkunyndan nam-nyşan galman uçdy-da, onuň ýerine pessejik galpyldy peýda boldy. Onuň ýandyryjy howrundan nam-nyşan ýokdy (A. ýuwşudow, Köpetdagyň eteginde).


NAMYRAT [na:myra:t], Maksat-myradyna ýetmedik, armanly, zürýatsyz. Çarwa jan neresse namyrat gitdi («Sowet edebiýaty»  žurnaly). Biçäre, namyrat dünýä-den ötdi (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Çopan ogly).


NAMYS, [na:mys], 1. Umumy hormata laýyk  bolan ahlaklylyk, ýokary mertebä  eýe bolan wyždan. Namys hemme zatdan öňdedir. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler). Watanyň namysyny goramak.

2. Ar, utanaç, haýa-şerim bilen baglanyşykly bolan duýgy. Şol barada  Artygyň namysynyň  özüniňkiden öteräkdigini  ýadyna saldy. Seniň aryň, seniň namysyň — meniň namysym (B.Kerbabaew, Aýgytly ädim).

<>Namys bilmek —bir zady utanç hasap etmek, peslik bilmek.

Babahan öz gyzyny bir garyp guluna bermegi özüne namys bilýär («Edebiýat»). Men şonuň ýaly ilden çykan mülhit bilen sud öňünde durmagy özüme namys bilýärin («Sowet edebiýaty» žurnaly).

<>Namys getirmek — biabraý etmek, abraýdan düşmegine sebäp bolmak. Sen biziň kolhozymyza namys getirdiň (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

<>Namys etmek — aýyp bilmek, çekinmek, utanmak. Hakymyzyň köýenine birneme namys edýändiris (A.Gowşudow, Mähri—Wepa).

<>Namysa goýmak — dilini gysga etmek, betnam etmek, masgara etmek, erbet utandyrmak. Hiç wagt namysa goýmarym seni («Sowet edebiýaty» žurnaly).

<>Namysyna degmek—1) abraýdan düşmegine sebäp bolmak, betnam etmek, biabraý etmek, mertebesini pese gaçyrmak. Aýgülüň ilki söýgüsiniň şowsuzlygi Annatuwagyň namysyna degen bolsa, Onuň ýaňadandan gaýtalanmagyna ol çydap biljek däldi («Sowet edebiýaty» žurnaly); 2) el degirmek, zorlamak.

<>Namysyny depelemek — mertebesini peseltmek, hatyrasyny aşak düşürmek, masgara etmek. Soňa bakan perileriň namysyny depelemäge başlapdyrlar (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).


NAMYS-AR [na:mys:a:r], ser. A r-n a m y s. Ökde bilýäris her işiň tärini, Goraýarys halkyň namys-aryny (Ata Salyh, Saýlnan eserler).


NAMYSJAŇ [na:mysjaň], Sähelçe zady namys bilýän, öz mertebesini ýokary tutýan, namysyny arassa saklamaga çalyşýan, arjan. Her niçik-de bolsa, namyjaň oglan ýürekde bolan gorky syryny aňlatmazlyga dyryşýar (A Gowşudow, Powestler). Ol dogruçyl, namysjaň hem wepaly, Nejisligi düýpden ýigrenýän adam (Şekspir, Otello).


NAMYSJAŇLYK. [na:mysjaňlyk], Sähelçe zady namys bilijilik, öz mertebäňi ýokary tutujylyk, namysy arassa saklamaklyga çalyşmak, arjaňlyk. Namysjaňlyk etmek.


NAMYSLY [na:mysly], Namysyny saklaýan, namysy bar bolan, mertsbesini ýokary tutýan, wyždanly, arly. Doktor, biziň zamanymyzda namysly, wyždanly adam üçin syýasatdan daşarda durmak aňsat iş däl (G. Kulyew, Köpetdagyň atsyrsynda).


NAMYSLYLYK [na.myslylyk], Namysy bar bolmaklyk, mertebäni saklaýjylyk.


NAMYSSYZ [na:myssyz], Namysy bolmadyk, mertebesini saklamaýan, utanç-haýasyz, wyždansyz, bigaýrat, binamys, arsyz. Ol pikir meni göterip, namyssyz, dili gysga, gorkaklar hatarynda goýdy (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


NAMYSSYZLYK [na:myssyzlyk], Namysy ýokluk, mertebesi peslik, binamyslyk, arsyzlyk. Şu nammssyzlygyňy indi taşla, ýogsa-da sen bizden git! (A. Gowşudow, Eserler). Indi näme işlemeli? Ýa  namyssyzlyga salyp gezibermelimi? (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).