SÖZLÜG ,,, N-HARPY;

NAB

NAG

NAD

NAŽ

NAJ

NAZ

NAÝ

NAK

NAL

NAM

NAN

NAR

NAS

NAT

NAH

NAÇ


NAGA'N, ser. S a p a n ç a. Onuň bilinde sallanýan gapda alty okly nagan bardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Lal bol, gepleme, ataryn! — diýip, Sähediň ýüregine nagan goýdy (A Gowşudow, Mähri—Wepa).


NAGARA, 1. Gahar-gazap, igenç. 2. Ýüzüne eýlenen deri çekilen, kakylyp çalynýan saz guraly. Hem depregiň, hem nagaranyň sesi eşidilýärdi (N. W. Gogolь, Saýlanan eserler).

<> Nagara döwmek — biriniň üstüne ajyňy pürkmek, gazaplanmak, gaharlanmak. Sen meniň üstüme nagaraňy döwjek bolýarsyň (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


NAGMA, kön s. Şygyr, aýdym. Bilbil owazyňa ýaşlar nagmasy, Göwnuň açýar goşulanda saz bilen (G. Seýitliew, Saýlanan goşgular). Ýüpek tar heňi deý nagmalar düzüp, Ýüpekçi gözeller aýdymlar aýtdy (R. Seýidow, Saýlanan eserler). Nagmalar ýaňlanýar bu gün dört ýanda («Sowet edebiýaty» žurnaly).


NAGRA, Ýaragdan galan ýara yzy. Nasreddin şanyň okunyň salan nagrasy görünýärdi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

<> Nagra çekmek—1) ah çekmek, arman çekmek; 2) gazaply ses bilen aýylganç gygyrmak, elhenç ses etmek. Iki arslanyň söweş meýdanynda çekýän haýbatly nagralary topçy ýigitleriň gaýratyna gaýrat, güýjüne güýç goşýardylar (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Aždarlar nagra çekip, arslanlar arlaşardy (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler).


NAGT, 1. Nesýe däl, elin (berilýän pul, edilýän söwda). 2. Taýýar, häzir. Nagtym barka, nesýäňi nädeýin. Kejine gaýdaýsaň, almytyň nagt («Sowet edebiýaty» žurnaly). Wagt nagtdyr (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Haýynlara berjek jogabymyz nagt (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Nagt suwum barka, nesýe şerabyňy nädeýin! (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Bagbanyň gyzy).


NAGTÇYL, Nagt söwda etmäni gowy görýän. Nagtçyl söwdagär.


NAGYL: nagyl okamak — ýerliksiz öwüt-nesihat berjek bolmak, bir zat hakda bolgusyz zatlar aýtmak. Gaýta: — Men ony bäş ýüz manada beremok! — diýip, meniň başyma nagyl okaýar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


NAGYM, Buky üçin ýasalan garym. Ýeriň aşagynda tsementlenen tümler, nagymlar gurupdyrlar (A. Gowşudow, Eserler).


NAGYŞ, Matanyň, halynyň, kagyzyň we ş. m. zatlaryň ýüzüne salynýan bezeg, çekilýän çyzym. Bu halynyň näzik çitimi ýönekeý, hemişeki çitimden iki esse gür, nagyşlary-da nepis (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Seredýän, seredýän gözüm aýyrman, Bu gözel binanyň her bir nagşyna («Sowet edebiýaty», žurnaly). Näme üçin biriniň daşyna haly göli, birine kürte keşdesi, birine jambörük nagşy, birine gursakça çyzymy salmadyka? (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


NAGYŞLAÝJY, Nagyş çekiji, nagyş salyjy, nagyş ediji.


NAGYŞLAMAK, Nagyş bilen bejermek, nagyş salmak, nagyş çekmek. Nagyşlap ýolladym ol gahrymana, Ýönekeý sylagjyk, ýene bir ýaglyk (K. Işanow, Watan üçin). Bir ellik, bir sany temmeki gaby, Keşdeläpdir üstüni on nagyşlap (N. Amanow, A. Kowusow, Balykçylar). Düzüpdir mekdepde şeýle bir albom, Goýupdyr on gyralarny nagyşlap, Açsaň her sahypa durşuna bir tom («Sowet edebiýaty» žurnaly).


NAGYŞLANMAK, Nagyş bilen bejerilmek, nagyş salynmak, nagyş çekilmek. Kolhoz prawleniýesiniň jaýy görnükli bir jaý bolup, onuň agzynda sütün gazma nagyş bilen nagyşlanan giň eýwany bardy.(B. Kerbabaew, Aýsoltan). Ýüzi galaýy bilen nagyşlan sandyk görünýärdi  (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


NAGYŞLATMAK, Nagyş çekdirmek, nagyş bejertmek, nagyş saldyrmak.


NAGYŞLAŞMAK, Birine nagyş çekmäge kömdekleşmek, nagyş salyşmak, nagyş edişmek. Ol jorasyna kürte nagyşlaşmaga gidipdir.


NAGYŞLY, Nagyş  çekilen,  nagyş salnan, nagyş edilen, bejerilgi. Goçmyradyň aýaly üçin owadan nagyşly ýüň ýaglyk at-düýe beren ýaly boldy  (A. Gowtşdow, Mähri—Wepa). Ine, ol hat! — diýip,   owadan nagyşly sandykdan haty çykaryp oňa uzatdy  (A. Gowşudow,  Köpetdagyň eteginde). Nagyşly gabsanyň ýanyny hem birden açdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädnm).