SÖZLÜG ,,, N-HARPY;

NAB

NAG

NAD

NAŽ

NAJ

NAZ

NAÝ

NAK

NAL

NAM

NAN

NAR

NAS

NAT

NAH

NAÇ


NAÝ I, Gargy gamyşdan ýasalan saz guraly.


NAÝ II, Aýakly çilimiň ýa-da şuňa meňzeş zadyň turbajygy, burny, naýçasy. Halnazar aýakçy çilimiň naýyna agzyny goýup, bir-iki gezek pakyrdatdy-da, demini içine bakan çekdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Papirosynyň naýyny küldana taşlady (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Ol apparatyň rezin naýynyň ujundaky mis jüründigini ýokaryk galdyryp, agajyň töwerwgine çaltlyk bilen aýlanýardy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


NAÝBAŞY, Iň gowy, owadan, syratly, saý. Halnazar bu gün ýüzi gemrilen terne ýaly gotur, dul ogluna naýbaşy gyzy — Merediň gyzyny alyp bermekçidi. Eý keçjal agsak, şu adamlary görýämiň? Bular biziň ilimiziň naýbaşy adamlary (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Meniň naýbaşy ýigitlerden 500 atlym bar («Mydam taýýar» gazeti).


NAÝZA, 1. Ujy uzyn demir çişli sowuk ýarag. Ýun Gir Su eline naýza aldy-da, baýyrlyga tarap ugrady («Pioner» žurnaly). 2. Tüpeň niliniň ujuna berkidilip dürtülýän sowuk ýarag. Onuň tenine naýza dürtüp soranlarynda-da jogap bermedi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Bu rehimsiz zalymlar Naýza diräp döşün-en, Hany habar ber! — diýdi — Sowet harby işinden (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler). 3. sport. Belli daşlyga ýetirmek üçin zyňylýan, ujy demir çişli taýak, sport enjamy. Şol apparatlarda ilkinji gezek naýza zyňýan ýaşlar kino ekranyna alynýar («Pioner» žurnaly).


NAÝZALAMAK, Naýza sançmak, naýza sanjyp ýaralamak, naýza bilen dürtüşmek. Duşmany naýzalamak.


NAÝZALANMAK, Naýza sanjylmak, naýza sanjyp ýaralanmak, naýza dürtülmek. Duýdansyzlykda naýzalanmak. Naýzalanmakdan emele gelen ýara.


NAÝZALATMAK, Naýza sançdyrmak, naýza dürtdürip ýaralatmak, naýza urduryp ýaralatmak. Duşmany naýzalatmak.


NAÝZALAŞMAK, Naýza bilen uruşmak, biri-biriňe naýza sançmak, biri-biriňi naýzalamak. Onuň mylaýym howalarda bukdaklaşyp atyşmak, naýzalaşmak höwesi hem bardy (H. Ysmaýylow, Powestler).


NAÝÇA I, dokm. Daşyna ýüplük, sapak saralan, mäkiniň içinde durýan dokma şaýy, tara enjamy. Maşynlarda pyrlanyp duran naýçalary synlaýandyr («Sowet edebiýaty» žurnaly).


NAÝÇA II, bot. Bossan ekinleriniň gülüniň düýbündäki ýaňy düwen düwünçegi, miwesi. Joýamyza gidip, gawunyň naýçalaryny görüp geldim (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


NAÝÇALAMAK, Naýça emele gelip başlamak, düwüp başlamak, düwmek. Hyýar gülüni dökenden soň, naýçalap, başlaýar.


NAÝYNJAR [na:ýynja:r], 1. Ejiz, görgüli, gözgyny (adam). Dürre gamçy naýynjaryň tenini dilip geçdi (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda). 2. ýürek awadyjy, zaryn, aýylganç. Ahyret sözleri bilen gulagy ganan Halnazara Hojamyň pessaý, naýynjar sözleri aýratyn täsir etdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Onuň naýynjar sesi güýçli ýolde hiç ýana ýetmeýärdi (B. Kerbabaew, Nebitdag). Gözlerinden boýur--boýur ýaş döküp, gije-gündiz. gözgyny, naýynjar iňläp çarpьşýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).

3. Göwni çökgün, bialaç, umytsyz. Artygyň şeýle naýynjar görnüşi Aşyry hem gozgalaňa saldy. Onuň öňki naýynjar keşbiniň ýerine-de merdemsilik gonupdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ol göýä özüne haraý gözleýän ýaly, naýynjar nazar bilen seretdi (B. Pürliew, Ilkinji gün).


NAÝYNJARLYK [na:ýynja:rlyk], 1. Ejizlik, görgülilik, betbagtlyk, gözgynylyk. Naýynjarlyk etmek örän haýypdyr, Maňa päsgel bermek senden aýypdyr (B. Kerbabaew, Aýlar). 2. Zaryn, elhenç haldalyk, ýürek awadyjylyk. 3. Bialaç halda bolmaklyk, naçarlyk, umytsyzlyk, göwnüçökgünlik.


NAÝYNSAP [na:ýynsa:p], 1. Ynsapsyz, wyždansyz, bihaýa, zalym. Naýynsap Halnazar bilen men bir tabakdan ýal ýalap bilmen (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Naýynsaplar ýalardy, Dabanmyzyň derini (A. Kekilow, Saýlanan eserler).

2. ser. Nebsewür.

3. Otritsatelь manyda ýüz tutulyp aýdylýan söz. Haý, naýynsap, dur! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Gara naýynsap, «mollanyň diýenini et-de, edenini etme» diýmän-midirler («Sowet edebiýaty» žurnaly).


NAÝYNSAPLYK [na:ýynsa:plyk], 1. Ynsapsyzlyk, bihaýalyk, wyždansyzlyk, zalymlyk. Seniň şu naýynsaplygyň ynsan gylygy däl (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Hiý, şeýle-de bir naýynsaplyk bormy?! (Myraly). 2. ser. Nebsewürlik.