NAT |
||||
NATRIÝ, him. Himiki element, ýumşak we ak reňkli metall.Himiýa mugallamy Natriýň nämedigini düşündirmäge başlaýar. ( S.N.Winogradow, A.F. Kuzmin, Logika).
NATUWAN, [na:tuwa:n], kön.s. Kömeksiz, biçäre, görgüli.Men natuwanyň hatyny yzyna gaýtarmarsyň diýip, ötünç soramak bilen uzak ýoldan, ýakyn ýürekden saňa salam göndürýärin.(A. Gowşudow, MähriWepa).
NATURA, Töleg hökmünde puluň ýerine berilýän haryt, önüm. Natura görnüşinde azyk alypdyrlar. (SSSR taryhy).
NATURAL, Natura tölegine degişli bolan, natura hökmünde öndürilýän, alynýan,tölenýän. Araplar tarapyndan agyr natural salgytlar salnypdyr.(SSSR taryhy).
NATURALIZATSIÝA, Bir döwletiň daşary ýurtlyny öz raýatyna ýa-da graždanlyga kabul etmegi.
NATURALIZLEMEK, Daşary ýurtdan gelenlere, graždanlyk hukuky bolmadyklara graždanlyk hukugyny bermek.
NATURALIZM, XIX asryň ikinji ýarymynda edebiýat-da we sungatda realizmiň tersine bolan ugur. Bu teoriýalar reaktsion romantizmden başlap, naturalizme we dekadentçiligiň beýleki hadysalaryna çenli çeper ugurlaryň bir näçesinde ulanylypdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly).
NATURALIST, 1. Tebigaty öwrenmeklik bilen meşgullanýan adam. Ýaş naturalistler kružoklary işleýär. («Mydam Taýýar» Gazeti). 2. Naturalizmiň tarapdary.
NATURALISTIK, Naturalizme esaslanýan, naturalizme degişli bolan. Biziň halkymyzyň tarapyndan gowy görülýän re4alistik çeper obrazlaryň hakykaty ýöne birnaturalistik esasynda suratlandyryp görkezmeklik bilen hiç bir umumylygy ýokdur. («Sowet edebiýaty» žurnaly).
NATUROPLATA, Ösüm bilen hak tölemeklik, natura (puluň deregine haryt, önüm) görnüşde tölemeklik.
NATURFILOSOFIK, Naturfilosofiýa degişli bolan, naturfilosofiýa esaslanýan. Naturfilosofik taglymat.
NATURFILOSOFIÝA, Tebigatyň filosofiýasy, tebigat hakynda idealistik filosofik taglymat.
|