SÖZLÜG ,,, N-HARPY;

NAB

NAG

NAD

NAŽ

NAJ

NAZ

NAÝ

NAK

NAL

NAM

NAN

NAR

NAS

NAT

NAH

NAÇ


NADAN [na:da:n],  1. Medeniýetden yza galan, düşünjesi az bolan. Bir nadan ogul zerarly agyr güneniň astynda  galdym   (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

2. Sowatsyz, bilimsiz,  okuwsyz. Nadan  bolduk, horladylar kän bizi. (A.  Kekilow, Saýlanan eserler). Habarçyny bolsa sungatdan başy çykmaýan nadana öwürdi    («Tokmak» žurnaly).


NADANLYK [na:da:nlyk], 1. Medeniýetden yza galanlyk, az düşünjelilik. Beýik Oktýabrь soňialistik rewolýutsiýasyndan ozal türkmen halky garyplykda, nadanlykda, hukuksyzlykda ýaşap, aç-ýalaňaç gün görýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2.  Sowatsyzlyk, bilimsizlik,  okuwsyzlyk. Halk köpçüligi doly suratd nadanlykda we garaňkylykda galypdyr (SSSR taryhy). Nursuz gara bulutlar, Üstümizde gezerdi, Garaňkylyk, nadanlyk, Ili horlap ezerdi (Ş. Kekilow, saýlanan eserler).


NADANPARAZ [na:da:nparaz], Bilimsizligiň tarapdary.


NADANPARAZLYK [na:da-nparazlyk], Bilimsizligiň tarapdary bolmaklyk. Şol mekdepde nadanparizlyk däp, sholastika hökum sürýärdi (I. T. Ogorodnikow, P. N. Şimbirew, Pedagogika).


NADANÇYLYK [na:da:nçylyk], ser Nadanlyk.Bu ýazgylar nadançylykly hekaýalardan doludy (Orta asyrlar taryhy).


NADARA [nadara:], Haýýar, şermende, gykylykçy.


NADARALYK [nadara:lyk], Haýýarlyk, şermendelik, galmagalçylyk. Meni getirip,  öýümize    taşladylar. Ejeligim: — Waý, äkidiň! — diýip, nadaralyk etdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).    Men Akgözel  ejäniň şu nadaralyklaryny görüp, aňk bolup galdym (N.Pomma, Taýlak hyzzyn). Besdir, ýoldaşlar  nadaralyk edşimäliň. Onuň nadaralygy ýol almady  («Sowet edebiýaty» žurnaly).


NADARAÇYLYK [nadaragçylyk], ser. Nadaralyk. Nadaraçylyk etmek.


NADSTRO'ÝKA, syýasy. Jemgyýetiň syýasy, dini, çeperçilik,  filosofik garaýyşlary we şuňa laýyklykdaky syýasy, hukuk we başga edaralary. Ykdysady esasyň üýtgemegi bilen, onuň üstünde mündürlenip duran äpet nadstroýka-da azdan-köpden haýal ýa-da tiz üýtgeýär (W. I. Lenin, Eserler).


NADYL [na:dyl], kön. S. Bir zatdan närazy, göwnüne deglen, bir  zatdan göwni galan,    kanagatlanmadyk. Şu gezek hem salamymy gowşurman geläýseň, mydam nadyl bolup gezerin.  (H. Ysmaýylow, powestler). Brigadir ol ýigidiň  işinden nadyl bolmady («Zähmet gahrymanlary»).


NADYLLYK [na:dyllyk], Bir zatdan närazyly ýa bir zatdan göwni galanlyk, göwne deglenlik. Kempiriň dodaklary nadyllyk bilen sandyraýardy (0. Gonçar. Baýdak göterijiler).