w

SÖZLÜG ,,, N-HARPY;

NAB

NAG

NAD

NAŽ

NAJ

NAZ

NAÝ

NAK

NAL

NAM

NAN

NAR

NAS

NAT

NAH

NAÇ


NAKLADNOÝ, Otly ýol we ş. m. transport arkaly ugradylýan ýüküň ýany bilen iberilýän dokument.


NAKYL, Öwüt, nesihat, tälim berýän gysga manyly halk aňlatmasy. «Dagy-daşy ýel bozar, dost arasyny söz bozar» diýen nakyl bar (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Gurt özüniň hemişeki gylygyna görä hiç bir gürrüňini nakylsyz ýa-da mysalsyz aýtmaýardy (A. Gowşudow, Eserler). Hoşgeldi beýik alymlaryň parasatly sözlerini nakyl hökmünde ulanýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


NAKYS, kön s. 1. Iş başarmaýan, çepiksiz, emelsiz, nalajedeýin. Olar munuň gözüne has nakys göründi («Tokmak» žurnaly). 2. Suwumsyz, biderek, ugursyz, içýakgyç. Besdir, Ýazhan, bilseň, sylagyň ýetdi, Nakys sözüň halys süňňümden ötdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


NAKYSLYK, 1. Iş başarmazlyk, çepiksizlik, emelsizlik, nalajedeýinlik. Bolsa-da, Narly, sen nakyslygyň hem gözüni çykarýarsyň (N. Pomma, Sebäbini soň bildim). 2. Suwumsyzlyk, bidereklik, ugursyzlyk, içýakgyçlyk (söz hakda).