NAW
|
||||
NAW, [na:w] I, Kesilip goýlan ýogyn göni agaç, pürs. Nawdan howul-hara ýasalan sal suwa göýberildi («Mydam Taýýar»gazeyti). Ol konýuşnýa bilen täze gurulan jaýyň aralygyndaky naw we şuňa meňzeş ýanmaga çemeli zatlary aýyrdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).
NAW [na:w] II, Nowa görnüşli gaýyk. Nawumyzy ýükden dolduryp, göni Şagadama tarap ýelkeni çekdik (N. Amanow, A. Kowusow, Balykçylar). Adamlar derýajygyň öňüne bent çekdiler, onuň ýolunda degirmen tigirlerini goýdular, gaýyk we naw ýasadylar (M. N. Skatkin, Jansyz tebigat).
NAWÇY [na:wçy], 1. Naw ýasaýan ussa. 2. Naw sürýän adam.
NAWIGATSION, Nawigatsiýa mahsus, degişli bolan. Nawigatsion abzallar. Nawigatsion karta.
NAWIGATOR, Nawigatsiýa boýunça spetsialist.
NAWIGA'TSIÝA, deňizç. 1. Gämi gatnawy, deňizde ýüzme sungaty. 2. Korablь, gämi sürmeklik ussatlygy hakyndaky taglymat. Nawigatsiýa boýunça okuw kitaby. Nawigatsiýa mekdebi.
NAWSUDÇIK, Topy, pulemioty nyşana dogrulaýan urşujy. Nawodçik edin-de al meni, Pena, Janym, okopyňa sal meni, Pena (Çary Aşyr, Poemalar). |