SÖZLÜG ,,, N-HARPY;

NAB

NAG

NAD

NAŽ

NAJ

NAZ

NAÝ

NAK

NAL

NAM

NAN

NAR

NAS

NAT

NAH

NAÇ


NAR [na:r], bot. Köplenç yssy gortlarda ösýän, miwesiniň içi digir-digir, turşumtyk süýji däneli, daşy galyň gabyk bilen örtülen agaç we onuň miwesi. Biz almadan başlap, tä nar ekilen meýdana çenli aýlanyp çykdyk. («Sowet edebiýaty» žurnaly). Onda erik-de, alma-da, ülje-de, garaly-da, şetdaly-da, hat-da nar-da bardy. Injirler, narlar gaýalary bezeýär.(B.Kerbabaew. Aýgytly Ädim).Onuň Alma ýaňaklary, tegelek ak ýüzi nar ýaly gyzardy.(Ata Gowşudow. Köpetdagyň eteginde). Iki ýyllyk narlar, Injirler heniz miwe getirmän, ösüp barýan ýaş çaga ýaly, inçemik boýlaryny ýaňy ýetripdirler.


NARWAL, zool.Deňizde ýaşaýan,kite meňzeş süýtemdriji haýwan.


NARÝAD, bot. Otluk ýerlerde bitýän ösümlik we şol ösümlikden edilýän ýakymly ysly atyr.


NARZAN, Sagaldyş üçin ähmiýetli bolan mineral suw. Ýene-de bir ýerden narzan çykyp dur, peýdaly suwlary bardyr kurortyň.( Ata Salyh. Saýlanan eserler). Buz ýaly narzany bulgura guýup, Ýazhan hüdür etdi garşydaşyna. («Sowet edebiýaty» žurnaly).

<>Narzan wannasy—Sagalmak üçin düşülän mineral suw.

Inha gerek bolsa narzanly wanna, Bir däne kemçilik goýmaýar sende.(Ata salyh. Saýlanan eserler). Maňa narzanwannasy örän gowy ýarady.(N. Pomma.Sebäbini soň bildim). 


NARKOZ, med.Beýhuş edýän ýa-da endamyň bir organyny duýmaklykdan aýyrýan serişde.

XIX asryň birinji ýarymynda Russ alymlary gan guýmak we narkoz ulanmak bilen baglanşykly bolan meseleleri öwrenýärdiler.( A.N.Kabanow, Adamyň anatomyýasy we fiziologiýasy).


NARKOTIK, Agyry aýryjy Ya-da uky getiriji, beýhuş ediji seride, Tirýek we ş.m.  


NARKOTIKI, Agyry aýyrýan ýa-da uky getirýän.


NARLYK, [na:rlyk], Nar agajynyň bol biten ýeri. Şol döwürde onuň suwunyň ýeten ýerinde narlyk we gür baglyk bolupdyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly).


NARODOWOLÝAÇY, tar. XIX asyrda Russiýa-da «Narodnaýaýa wolýa» diýen gizlin halkçylar guramasynyň çleni.


NARPYZ, bot. 1. Medtsina, parfýumeriýa we konditer maksatlary üçin peýdalanylýan ot. Ýylanyň ýigreneni narpyz, ol hem hininiň agzynda gögarer.(Nakyl).

2. göç m.Ýürege düşgünç, batnaksyz adam. Narpyz adam.


NARYNÇ, [na:rynç], Naryň reňkine meňzeş, nar reňkli. Nrynç ýalyn lowlap, asmana göterildi.(H. Ysmaýylyow. Powestler). Gül tozanjyklary narynç reňkli bolýar.(B.Kulebýaýew, inçe süýümli sowet gowaçysynyň SSSR-däki täze sortlary).


NARÝAD, 1. bir işi ýerine ýetirmek, bir zady bermek, ýa-da bir ýere ibermek baradaky dokument.Oraz oduna narýad aldy.

2. Aýratyn tabşyrlyk boýunça gulluk wezipesini ýerine ýetirýän adamlar topary we su gulluk wezipäniň özi.Narýad güýçlendirildi.