NAH |
NAH, dokm. Pagtadan egrilen ýüplük we şu ýüplükden dokulan mata. Orta Aziýadan Astrahanyň üsti bilen Russiýa nah we ýüpek mata çykarlypdyr. (SSR Taryhy). Respublikamyzyň dokmaçylary 1960-nji ýylda bir million metr nah mata, 300 müň metr ýüpek mata dokasa, aýakgapçylary 200 müň jübüt gön aýakgaplaryny öndürerler. («Pioner» žurnaly).
NAHAL, Erik, tut, we ş.m. ösümlikleriň ýaşajyk kökli çybygy. Siziň taýýarlan üzüm nahallaryňyzy hem başga täze eken agaçlaryňyzy görmäge geldim. (A.Gowşudow. Köpetdagyň eteginde). Nahal ekiljek çukurlar ozaldan taýýar edilip goýlupdy («Mydam taýýar» gazeti).
NAHALHANA [nahalha:na], Agaç nahallary ösdürilip ýetişdirilýän ýörite jaý.
NAHAR, Bişirilip taýýarlanan iýmit, damak. Kolhozçylar nahar iýip, çaý içenlerinden soň kluba geldiler (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Her gün nahary öňümize alanymyzda, kakaň ikamiziň ýadymyza düşýärsiň (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde) . <> N a h a r seljermek naharyň birini iýip, beýlekisini iýmezlik. <>Agyr nahar kynlyk bilen siňýän nahar, güýçli nahar.
NAHARLAMAK, 1. Nahar bermek, nahar iýdirmek. Gul eýeleri öz gullaryny bütinleý diýen ýaly naharlamandyrlar (Gadymy dünýä taryhy). 2. Nahardan doýurmak, doýa nahar iýdirmek. naharyny etdirmek, doýa iýdirmek.
NAHARLANMAK, Nahar edinmek, nahar iýmek. Iýmişler we kökler bilen naharlanmaly bolupdyr (Gadymy dünýä taryhy).
NAHARLATMAK, Nahar berdirmek, nahar iýdirmek. Myhmanlary naharlatmak.
NAHARLY, 1. Nahar edinen, nahar iýen, dok. Men naharly, siz arkaýyn naharyňyzy iýiberiň! 2. Içine nahar guýlan, içinde nahar bar bolan. Naharly okaralar myhmanlaryň öňüne daşalyp başlandy. Naharly tabak. 3. Köp iýýän, iýermen, horan. Naharly adam.
NAHARLYK, Nahar etmek üçin gerekli bolan. Naharlyk huruş. Bazardan naharlyk et alyp gelmek.
NAHARHANA [naharha:na], Köpçüligiň nahar iýýän jaýy. Bu gün ol üçüsi bile gezip, Aşgabady aýlandylar we Onuň päkize naharhanalaryna girdiler (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Kolhozymyzyň prawleniýesi kolhozçylar üçin çaýhana we naharhana açdy.
NAHIMOWÇY, Nahimow harby-deňiz uçilişesiniň okuwçysy.
NAHLY, Nah garyndysy bolan, nah gatyşykly. Nahly mata.
|