SÖZLÜG ,,, KA- HARPY; |
KEB |
|||
KEBAP [keba:p], Otda bişirilen kakmaç et, çişlik. Ol ýolagçylara ilki çaý, soňra bolsa owlak etinden kebap edip berdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).
KEBELEK, zool. Mör-möjekler toparyna girýän goşa ganatly dürli reňkdäki kiçijik jandar. Bahar-da görk berýär ýatan boşluga, Kebelekler uçup, guşlar saýraýar («Sowet edebiýaty» žurnaly). Hoştap gyzgynly howanyň ýüzünde kebelekler, möjejikler güzzüldi turuzýarlar («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ot kebelegi. <> Daşynda kebelek bolmak yhlas bilen birine hyzmat etmek, gulluk etmek, daşynda pyrlanmak. Iýjegini, geýjegini taýýar edip, enem ikimiz daşynda kebelek bolmaly hem bolsa boljak (A Durdyew, Saýlanan eserler).
KEBELEKLEMEK, 1. Gaýmalamak, pelpellemek, ganaklamak. Bir gezgk, gyşyň aýazly säher çagynda gar kebelekläp ýagyp durka, men suw getireýin diýip tarap ugradym («Ýaş kommunist» gazeti). Ertir turanymyzda, gar kebelekläp ýagýardy. 2. Daşynda aýlanmak, yhlas bilen birine hyzmat etmek, gulluk etmek, pyrlanmak. Sestra syrkawyň daşynda kebeleklegläp ýördi. 3. Gözüň öňi uçganaklamak, ümezlemek. Ýerimden turanymda, gözümiň öňi kebelekläp başlady.
KEBER, bot. Ýaşy deresoganyň ýapragyna meňzeş nahar bilen iýilýän ot.
KEBZE, 1. anat. Arkanyň ýokary tarapynda ýerleşýän ýasy, kepjä meňzeş süňk, pilçe. Onuň kebzesi edil ýumak goýlan ýaly tüňňerip dur (N. Pomma, Sebäbini soň bildim). Kebze agyrmak. Kebze batmak. 2. gepl. d. Arka.Iki aýak haýwan geldi, gum peşäp, Biz urýas, ol gaçýar, kebzesin gaşap (Çary Aşyr, Poemalar).
KEBŞIRLEÝJI [kebşi:rleýji], Elektrik güýji bilen metaly biri-birine sepleýän işçi, sepleýji. Bize slesarlar hem, tokarlar hem, elektrik bilen kebşirleýjiler hem, metal eredijiler hem gerek («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ol zawodda kebşirleýji bolup işileýär.
KEBŞIRLEMEK [kebşi:rlemek], Metaly we ş. M. biri-birine tutdurmak, seplemek. Men elektrik bilen kebşirlemegi oňararmykam diýip ikirjiňledi («Sowet Turkmenistanynyň aýallary» žurnaly).
KEBŞIRLENMEK [kebşi:rlenmek], Biri-birine tutdurylmak, seplenmek.
KEBŞIRLETMEK [kebşi:rletmek], Metaly we ş. m. biri-birine tutdurtmak, sepletmek. Turbanyň döwlen ýerini kebşirletmek.
KEBŞIRLEŞMEK [kebşi:rleşmek], Kebşirlemäge kömekleşmek, sepleşmek. KEBŞIRLI [kebşi:rli], 1. Sepli, seplenen. 2. göç. m. Ýerbe-ýer, öz ýerinde, ýerli-ýerinde (saz hakda). Be, her ýerde kebşirli söze çeper adamlar bar-ow!diýip, kellesini yralap tassyklady (A. Durdyew, Saýlanan eserler). |