SÖZLÜG ,,, KA- HARPY; |
KEM |
|||
KEM, 1. Bolmaly derejesinden az, egsik bolan; ýeterlik däl. Deňizde hem uruş hereketleriniň üstünligi şondan kem bolmandyr (Orta asyrlar taryhy). Kolhozyň alan bugdaýy bir million tonnadan kem çykmaz. 2. Ýetmezçilnk, ýaramazlyk, ugry ýok. Ýeri, janym, niresiniň kemi bar («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). <> Kem işlik gram. ser. I ş l i k. «Myş-miş» kem işliginiň goşulmasydyr. <>Kem ýaramazlyk gowy ýaramaklyk, oňat görülmeklik. Göroglynyň goýun diýeni Öweziň gulagyna kem ýaramandy («Görogly» eposy).
KEMAKYL, Akyly ýeterlikli bolmadyk, akyly kem, akylsyz, akyly gelip-gitmeliräk. Käbir adamlar bar weli, akyllydygyny, kemakyldygyny olaryň sesinden we gülküsinden hem dogry bilmek bolýar (A. P. Çehow, Saýlanan eserler).
KEMAKYLLYK, Akyly kemlik, az akyllylyk, akyly ýeterlik dällik. Sen kemakyllyk etmede, aýdylanyny ýerine ýetir.
KEMAL [kema:l]: 1) kemala gelmek 1) kämillik ýaşyna etmek, ýetişmek. Abaý ulaldy, kemala geldi («Sowet Türkmennstanynyň aýallary» žurnaly). Bir wagt kemala geldiň-le, balam! («Sowet edebiýaty» žurwdly); 2) ýetişmek, bişmek. Ekin kemala gelipdir; 2) kemala getirmek ösdürip ýetişdirmek, ek-ler-saklamak, ulaltmak, Çünki eneler ekläpdirler/ saklapdyrlar, kemala getiripdirler (A. Durdyew, Saýlanan eserler).
KEMALLY [kema:lly], 1. Oňly, mazaly, oňat. Gowaçanyň bir näçesi entek inini-boýuny kemally almandyr (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Kemally bolmak. Kemally maşgala. 2. Ýeterlikli, doly, emelli-başly. Kemally jogap bermek. Kemally edilen iş.
KEMALSYZ [kema:lsyz], 1. Ýeterlikli däl, doly edilmedik, emelli-başly edilmedik. 2. Ugursyz, bolgusyz, gowy däl, mazasyz.
KEMALSYZLYK [kema:lsyzlyk], Ugursyzlyk, bolgusyzlyk, gowy dällik, mazasyzlyk.
KEMAN [kema:n], kön söz. ser. Ýaý. Slawýanlaryň hem, germanlaryň hem adatdaky ýaragy naýza, keman bolupdyr. (Orta asyrlar taryhy). Gylyjyn aýlady, atdy kemany, Kawkaz daglarynda köp dökdi gany (Çary AŞYR, Poemalar).
KEMANÇY [kema:nçy], Ýaý atyjy, ýaý atmak hünärine ökde, türgen adam, ýaýçy. Iňlis kemançylary bütin Ýuwropada şöhrat gazanypdyrlar (Orta asyrlar taryhy).
KEMBAHA; 1. Bahasy ýeterlik däl. Maly kembaha satmak. 2. Sowuk-sala, göwnüýetmezçilik bilen, äsgermän. Kolhoz başlygyna hiç wagtda kembaha garalmady («Kolhoz günleri»). Işe kembaha garamak bolmaz.
KEMELMEK, 1. Aşak düşmek, azalmak, peselmek, egsilmek, gowşamak. Derýanyň suwy kemelipdir. 2. Agramy azalmak, ýeňlemek. Kakan etiň agramy kemelýär. 3. Agralyşmak, pese düşmek, gowşamak. Köneler agtardy günä-sogaby, Gün-günden kemelýär duşmanyň taby. (Mollamurt, Saýlanan eserler).
KEMELTMEK, 1. Aşak düşürmek, pese düşürmek, azaltmak, peseltmek. Ýaraglary we ýaragly güýçleri kemeltmek ugrunda göreşiň! («Mugallymlar gazeti»). 2. Agramyny azaltmak, ýeňletmek.
KEMEMEK, ser. Kemelmek. Goýnuň agramy birneme kemäpdir.
KEMENT, kön. s. Ýogyn ýüp. Kement bilen baglamak.
KEMENÇE, Gyjak çalmak üçin atyň guýruk gyly dartylan inçejik uzyn taýažyk. Gyjakçy kemençesini gyjagyň kirşine syhap çalmaga başlady.
KEMER, 1. Gaýyş guşak, gaýyşdan edilen bil bagy. Kemeriňi guşanyşyňa bir seret, başgalaryňka-da bir seret! (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Possunynyň daşyndan pugta guşalan kemerini düzetdi (N. W. Gogolь, Eserler). 2. Gurşaw, aýlaw-aýlaw ýol, çyzyk (dag hak-da). Gök öwsüp oturan arçalaryň içi bilen aýlanyp geçýän kemer, dagyň ýüzünde ýol ýaly agaryp görünýärdi.
KEMERLI, 1. Kemer guşanan, gaýyş guşakly. Bili kemerli oglan. 2. Bili aýlawly, aýlaw-aýlaw ýoly bolan (dag hakda). Jülgeli, kemerli Kawkaz daglary, Gezmäge sapaly, hezil çaglary (N. Pomma, Saýlanan eserler). Kemerli daglar.
KEMZOL [kemzo:l], dial. Uzyn syýly üstki geýim, ektaý, don. Emma biri göräýse-de, men seni öz kemzolyma dolaryn (N. W. Gogolь, Eserler). Onuň egninde kemzol bardy (M. ÝU. Lermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymany).
KEMIS, Doly wagtynda bolmadyk, öz wagtyndan öň bolan, kem.
KEMIŞ-KEMIŞ: kemiş-kemiş etmek aglajak-aglajak bolup dodaklaryňy müňküldetmek, aglamjyramak. Onuň näzijek dodaklary kemşi-kemşi etdi («Bahar»). Onuň dodaklary kemşi-kemiş edýärdi (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).
KEM-KEM, ser. Kem-kemden. Köpetdagyň garly gerşini ýaldyradyp duran Aý kem-kem pessaýlap, garaňky derelere batdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).
KEM-KEMDEN, Ýuwaş-ýuwaşdan, az-azdan, gitdigiçe, kem-kem, barha. Agaçlar kem-kemden selçeňläp ugrady (A. S. Puşkin;Saýlanan eserler). Asmanyň ýiti ýyldyzlary kem-kemden ölügsilenip, gündogardan göterilen daň şapagy dünýä ýüzüne çalymtyk çekmen bolup çaýyldy (B. Kerbabaew, Aýsoltan).
KEM-KÄSI, Biraz, azajyk, az-owlak, birneme, sähelçe. Samoliot kem-käs çaýkap başlady (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Ilat aw awlamak, ekerançylyk we kem-käs maldarçylyk bilen meşgul bolupdyr (SSSR taryhy).
KEM-KÄS II, Ýeter-ýetmez, kemçilik, ýetmezçilik. Kem--käs ýerlerini düzedip göýberseň, arkaýyn işläp biljek maşyndy («Sowet edebiýaty» žurnaly).
KEMLIK, San, mukdar taýdan ýetmez derejede bolmaklyk, azlyk, ýetmezlik. Dur, gözelim, bäri gel, Bize bir nazaryň sal, Kimlerden kemligim bar, Jogabyn ber şu mahal (Ş. Borjakow, Kaspi kenarynda). Işçi güýji kemlik edýär. Ýorgana mata kemlik edýär.
KEMMEK, Nyrhyny azaltmak, bahasyndan aýyrmak. aýyrmak, azaltmak.
KEMPAÝ [kempa:ý], gepl. d. Arka tarap, arka, ýeňse. Artyk ýylanyň yzyndan okdurylyp, piliň ýeňsesi bilen kempaýyna berdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).
KEMPERMEK Oýulyp galmak, emrilmek. Eňekleri kemperip, durşuna dym-ak tüý bolup duran garry salamyny aldy (Ata Salyh, Saýlanan eserler).
KEMPERTMEK, Oýulan ýaly etmek, empertmek (agza degişli). Ol agzyny kemperdip sözledi.
KEMPIR, 1. Gaty garry aýal. Bir kempir bilen bir goja bar ekeni (N Pomma, Saýlanan eserler). 2.gepl d.Umuman «aýal, heleý, keýwany» manysynda degşilip ulanylýan söz. Bagtymyza meniň garry kempirim stoluň üstüne gyzgynja ýagly çörek äbermegi duýdy (N W Gogolь Eserler).
KEMPIRLIK, Kempiriň ýagdaýy, garrylyk Gün-gün-den kempirlik basyp barýardy.
KEMPUT [kempu:t], Konditer önüminiň bir sorty, süýji konfet. Me, oglum, men saňa kemput getirdim (A Durdyew, Saýlanan eserler). Kakam maňa kemput alyp bererdi (B Kerbabaew, Aýsoltan).
KEMRYSGAL, Rysgaly az, paýy, nesibesi kem, az rysgally. Ýöne weli, kakasy bir kemrysgaldyr, şony göwnýetmäň işi bardyr (B Kerbabaew, Aýgytly ädim).
KEMRYSGALLYK, Rysgaly azlyk, paýy, nesibesi kemlik, az rysgallylyk. Nabat, görýärmiň muny, biziň kemrysgallygymyzyň sebäbi şunuň dilindendir (A Gowşudow, Powestler we hekaýalar).
KEMSIZ, Kemi ýok, doly, ýeterlikli. Bir gün jaý kemsiz taýýar boldy (A Durdyew, Saýlanan eserler). Tokmak goýup kakmagyn, Eýesine ýüzlendi, Şunluk bilen bir kemsiz, Zulm ojagy. düzlendi («Mydam taýýar» gazeti).
KEMSIK, Nägile edilen, kem tutulan, ynjan. Çarýar kimin garyplaryň, Kemsik göwnün biraz aldy (Çary Aşyr, Poemalar).
KEMSINMEK, Bir zady özüňe kemlik bilmek, bir zatdan göwnüň galmak, nägile bolmak, çökgün göwünli bolmak. Ol özüniň näme üçin şol gelýänçe pagta ýygyp bilmändigine kemsinýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Bike gyzyny çykaranynda, çagyrylmanyna gaty kemsinipdi (N Saryhanow, Saýlanan eserler).
KEMSITMEK, Kemlik duýdurmak, nägile etmek, çökgün göwünli etmek, bir zatdan göwnüni galdyrmak. Siz sergini gördüňizmi, ol niçik? Bu soragňyz bizi kemsidýär açyk («Sowet edebiýaty» žurnaly) Kemsidýän däpler.
KEMTER, Birneme kemräk bolan, ýeterlikli däl, ýetmez, kelte, azrak, çala. Okuwçylaryň her biriniň düzen planynyň kemter ýerlerini mugallym düzedýär («Mugallymlar gazeti»).
KEMTIK, Bellekilere garanda kemi bar bolan, kemter. Gulagy döwük, burny kemtik gazanlaryň içinde etler jyzyrdaýardy (B Kerbabaew, Aýgytly ädim).
KEMÇILIK, Işde, mehanizmlerde we ş. m. bolýan näsazlyk, ýetmezçilik. Äşgär bolsun zähmetkeişň özüne, Her bir kemçilige ýarar tygşytlyk (Mollamurt, Saýlanan eserler) Işiň ýerine ýetirilişinde hiç bir kemçilik tapmadylar («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» Žurnaly).
KEMÇILIKSIZ, Kemçiligi bolmadyk, ýetmezçilik-siz. Işi kemçiliksiz ýerine ýetirmek.
KEMŞERILMEK, ser Kemşermek
KEMŞERMEK, Kemiş-kemiş etmek, aglamjyramak. Onuň galyň dodaklary gülmäge utanýan ýaly kemşerýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).
KEMŞERTMEK, Dodaklaryny müňküldetmek, aglamjyratmak. Dodagyn kemşerdip, gözün delmirdip, «Aýlar jan» diýip, gujaklady gyzyny (B Kerbabaew Aýlar).
|