SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KEB

KEÝE

KEJ

KEZ

KEÝ

KEK

KEL

KEM

KEN

KEP

KER

KES

KET

KEF

KEÇ

KEŞ


KEPBE, 1 Hyşadan ,ýylgyndan, gamyşdan örülýän tärime meňzeş gurluşyk materialy. Gamyş kepbe. Hyşadan örülen kepbe.Ýylgyndan kepbe.

2. Şonuň ýaly materialdan daşy suwalyp salynyn jaý. Gutly bolsun tutan kepbäň, eýjejik (Mollamurt Saýlanan eserler). Tamlaryň, kepbeleriň turba garyndan çykýan tüsseler duw- dagyn bolup pytraýardy (A Durdyew Saýlanan eserler).


KEPBEGÖWEN, bot. Sakyz alynýan tikenli gyrymsy ösümlik. Kolhoz kepbegöwen sakgyjyny ýygnaýjylaryň brigadiri bilen şertnama baglaşypdy («Tokmak» žurnaly) Tragakant astragallary ýa-da kepbegöwen diýip atlandyrylýan ösümlik kösükliler maşgalasyna girýär («Mydam taýýar» gazeti).


KEPGIR, Palaw bişirilende, et gowrulanda agdarmak üçin ulanylýan uzyn saply, deşik deşik gura1. Ol elinde kepgir tutup, kä palawly gazana  käte bolsa towukly gaba nazar salýardy (M Ibrahlmow  Ol gün geler). Gazançylar, jerçiler   kepgirgerini galgadyşyp gygyryşýardylar (B   Kerbabaew,  Aýgytly ädim).  Kepgir ýasamak.


KEPDERI, zool.   Elde ekdi  edilip  saklanýaýa ýa-da meýdanda ýaşaýan gögerçine  meňzeş guş. Mekdebimizde guralan janly burçda towşan, kepderi, towuk boljak («Mydam taýýar» gazeti). Akja patrak ýyldyzlar, Nirly patrak ýyldyzlar, Akja kepderiler ýaly Bezeýärler asmany (G. Seýitliew, Saýlanan goipular).

<> Parahatçylyk kepderisi — parhatçylyk simwolyny aňladýan ak kepder şekili.


KEPDIRMEK, Birneme guratmak, çalykdyrmak, ölüni aýryp gatatmak, kepetmek.

Agşamky gury ýel bolsa ýerin, yzgaryny has hem kepdirdi (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


KEPEK, Üwelen dänäniň elenenden soňky galýan bölejikleri, gabyklary.

Men towşanlary bede, şugun-dyr, kepek we nahar galyndysy bilen günde bäş wagtyna naharlaýaryn («Mydam taýýar» gazeti). Bu gapdaky näme-de bolsa suwa gaýnan kepege meňzeş bir zatdy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


KEPEMEK, 1. Birneme guramak, öli aýrylyp gatamak, çalykmak.

Onuň gözüniň ýaşlary kepäpdir («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).

2. Suwsuzlykdan guramak, suwsamak. Ol meýdanyň kepän mähri ganmandyr, Gyşda gar, ýazda hem ýagyş suwundan («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KEPEN, Ölüniň daşyna dolanýan ak mata. Ýere berdiň ýanyňy, Biçýäs kepen donuňy (Ata Salyh, Saýlanan eserler).


KEPENLIK, Kepen etmek üçin ýararly, kepen edilýän. Kepenlik mata alyndy.

KEPETMEK, ser  K e p d i r m e k.


KEPJE, Kiçijik pil, pilçe. Alyp kepje-çäýnegini, Ýetjek ýerne ýetip barýar («Pioner» žurnaly). Hatyja ir bilen baranda, balagyny dyzyndan ýokary çermäp, kepjesini egnine atyp, batga bolup ýatan atyzyň içinde şolkuldap ýören Sähede uçrady (N. Jumaew, Ak derek).


KEPJEBAŞ, zool Kellesi uly, zäherli ýogyn gara ýylan. Adaty kepjebaşlaryň zäher mäzleri gözüniň ýeňsesinde ýerleşendir («Mydam taýýar» gazeti).


KEPIL [kepi:l], 1. Biri hakda güman edilýän jogapkärlige boýun boluş, zamun. Kemi ýok, kepil bolaryn («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Biriniň etmeli işini eder ýa-da bir iş ýerine ýeter diýip boýun boluş. Öňünden ýaýradylan reklama kitabyn, satylyp gutaryljagyna kepil boljakdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KEPILLIK [kepi:llik], Biriniň etmeli işi hakynda öz üstüňe alynýan jogapkärlik ýagdaýy, zamunlyk. Prawlenie çlenlerinden biri şaýatlyk kepilligini berenden soň, ony kolhoza götermeli edildi (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).