SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KEB

KEÝE

KEJ

KEZ

KEÝ

KEK

KEL

KEM

KEN

KEP

KER

KES

KET

KEF

KEÇ

KEŞ


KENAR [kena:r], 1. Suwuň ýer bilen çäkleşýän ýeri, deňziň, derýanyň erňegi, gyra, ýaka, boý. Kanalyň sag kenarynda işleýärler («Sowet Türkmenistanynyň aýallary»  žurnaly).      Anha deňiz  kenary hem  görünýär (B Kerbabaew, Aýsoltan).  Kenarynda belent tokaý ösüdir, Dyz boýy ot düýplerini basypdyr (Çary Aşyr. Poemalar).

2. Gyra, töwerek (mata, ýaglyk we ş m da)   Kenary seçekli ýaglyk.


KENARA [kena: ra],  Keşdelenen ýaglygyň  bir görnüşi.


KENARALY [kena: raly], Töweregi kenary nagyşly ! Ortada naz nygmat ýaýylyp ýatyr   Daşy kenaraly äpet ýaglykda («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KENDIR,  1. Kenep ösümliginiň  süýümi. Dolgunets zygyry we kendir ýaly möhüm tehniki ekinler-de özlerine üns berilmegini talap edýärler  (N. S.  Hruşýow,1 SSSR iň oba hojalygyny mundan beýläk-de giň çäreleri hakynda).

2.  Kenep  süýüminden işilen ýüp, tanap.  Portfeliniň   kendir  daňysyny çöşläp içinden kagyz çykardy. («Kolhoz günleri»).  Kendir bilen odun daşamak. Kendir bilen baglamak.


KENDIRIK, Üstünde un elenýän we hamyr öýülýän sanaç, mata. Akjamal kendirigiň üstünde unaş kesmäge oturypdy («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).


KENEK, Aşyk oýnunda atylyp oýnalýan saýlama aşyk ýa da sygyr, düýe aşygy. Tüweleme, Mawym gurşunly kenek ýalydyr (B Kerbabaew Aýgytly ädim). Kenegim suwa gaçdy, Menden, arany açdy—diýip, oglan dymanmyş (K. Taňrygulyew, Altyn aşyk).


KENEP, bot. Malьwa ösümlnginiň maşgalasyndan boalan bir ülüşli ösümlik. Kenep ýylylygy zygyrdan dolgunetsden has köp talap edýän ekindir («SSSR-iň ykdysady geografiýasy») Kenep ekmek.

KENEPLIK, Kenep ekilen ýer, kenep ösüp oturan ýer. Burmistriň tamy başgalaryňkydan gapdalda, gür we gök kenepligiň ortasyndady (I. S. Turgenew, Awçynyň hatlaryndan).                                                                     


KENIZ [keni: z], kön.s.  Patyşanyň aýalyna ýa da gyzyna hyzmat edýän gyz.  Bir zamandan soň kenizler Mahymyň ýüzüne güläp sepip, huşuna getirdiler («Häzirki zaman edebiýaty»).


KENIZEK [keni: zek], kön .s.   ser   K e n i z


KENT, kön .s. ser  O b a. Asly jonyň obasy bar, kendi bar («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»).


KENTLEWÜK Agyz boşlügynyň ýokarky digir digir bölegi. Kentlewüklerde tüýkülik ýerine onuň ýelim ýaly gurak şepbeşigi galypdy («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žrnaly).