SÖZLÜG ,,, KA- HARPY; |
KER |
|||
KER, Eşidiş organlaryndan mahrum bolan, gulagy agyr, eşitmeýän. Olaryň gözleri «kör», gulaklary ker», dilleri «lal» bolmalydy. «Ker bir ýana kör bir ýana», kanal bu ýere nireden geldi. «Ker eişdenini biler, kör tutanyny» diýen ýaly, sen hem şol bir sözüňi gaýtalap otyrsyň-ow! («Sowet edebiýaty» žurnaly).
KERAMAT [kera:mat], dini. Dini-mifiki düşünjä görä- tebigatdan daşgyn güýç, mifiki güýç, gudrat. Gördüňizmi, ol sadagasy boldugymyň keramatynyň güýçlüdigini («Sowet edebiýaty» žurnaly). Baý aga, beýik imperatoryň keramaty bar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).
KERAMATLY [kera:matly], Keramaty bar bolan, Dini-mifiki güýji bar bolan, gudratly. Işleriň hemmesi oňuna boldy, aýdyşym ýaly, keramatly atam-babam goldady (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).
KERA'MIKA, Toýundan ýa-da şykgydan bişirilip ýasalýan önümler. Antik döwür keramikasy.
KERAMIKI, Keramika degişli bolan, toýundan ýa-da şykgydan önüm bişirýän, önüm öndürýän. Keramiki tsehiň ussasy («Pioner» žurnaly).
KERWEN, Üsti ýükli barýan tirkeşdirilen hatar (düýe, maşyn we ş. m.). Kerwen geçer, emma üýrüşer itler, Güne zelel bermez gara bulutlar (Mollamurt, Saýlanan eserler). Pagta ýükli kerwenler («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Şol wagt Halnazaryň jaňly, hatarly kerweni üýşmek bugdaýa bakan ýetip gelýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Günorta bolanda ot-iým ýükli maşyn kerweniniň başy gelip ýetişdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). It üýrer, kerwen geçer (nakyl). Gyzyl kerwen ilkinji hasyl ýüklenip, ýörite ugradylan maşynlar, arabalar ýa-da düýeler topary, hatary.
KERWENBAŞY, Kerwene ýolbaşçylyk edýän adam. Kerwenbaşymyz daýaw bir garry adamdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).
KERWENGYRAN I, astr. Daň ýyldyzyndan bir-iki sagat öň dogýan ýyldyz.
KERWENGYRAN II, bot. Ýowşana meňzeş, tikenli, güýzde we ýazda gülleýän ösümlik.
KERWENSARAÝ, Kerwen düşleýän saraý, kerwençileriň myhmanhanasy. Gije ýarymdan agandan soň, Alioşa Tyçenkonyň komandasynda bolan gyzyl gwardiýaçylar kerwensaraýy gündogar hem demir ýol tarapyndan gabap aldylar. Eziz hanyň diwany Anna golagyn, kerwensaraýyndady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).
KERWENÇI, Kerweni alyp barýan adam. Başga bir kerwençi hem söze goşuldy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).
KERGAÝ [kerga:ý], dokm. Güläni aýak bilen basmak üçin ulanylýan çukur, gozak.
KEREM, kön s. Merhemet, rehim.
KEREMARA [kerema:ra], Ine-gana, arkaýynlykda, howlukman, gijräk. Ondan soň keremara prorabyň ýanyna giderin diýip oýlandy (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Ol howlukman, keremara ýerinden turdy («Sowet. edebiýaty» žurnaly).
KEREMLI, Merhemetli, rehimli. Gör, nähili görnükli, keremli daglar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Berimsiz baýlara barandan, keremli daglara bar (nakyl).
KEREN, «Sapar, gezek, mertebe, esse, ýola» manysyn-da ulanylýan ownuk söz. Ol ýol ýüz keren aýlanyp, ýüz keren dolanyp, şol başy agaryp görünýän garly dagyň içini söker-de gider (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).
KEREP, 1. Lenkebuduň, möýüň we ş. y. mör-möjejikleriň saraýan tory. Diwaryň ýüzüne ýelmeşen kerepleri bagşy gördi (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). 2. göç. m. Duzak, çorşak. Diniň kerebine çolaşyp galan aýallary özüňize çekip, özüňiz ýaly etmeli ahyry diýip, brigadir düşündirdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler).
KEREŞME, kön. s. Ýakymly, mylaýym garaýyş, näz. Ol bularyň kereşmesini görüp, oda-köze düşdi (N. Pomma, Sebäbini soň bildim). Kereşmeli ýüzüň meňzetdim Aýa, Haýsy hanyň ogly ekeniň bilmedim («Görogly» eposy).
KERIM [keri:m], kön. s. Keremli, rehimdar. Ýa ýaradan kerim huda, Meni ýetir perizada («Görogly» eposy).
KERK, zool. Günorta ýurtlarda ýaşaýan süýtemdiriji haýwan (bir ýa-da iki şahy bolýar). Emma kerkiň ýanyn-da piliň hem manysy bolmazmyşyn (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).
KERKAW. [kerka:w], bot. Dagda bitýän ýasy ýaprakly beýik gaty agaç. Kerkaw agaçlary ony geň galdyrdy (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).
KERKI, Ýer gazylanda, iki ýüzi bilen işlenilýän çekiç görnüşli gural, külün .Iş kätmeniň we kerkiniň kömegi bilen geçirildi («Ýaş kommunist» gazeti). Elinde byçgysy, bilinde kerki, Adam güýji ýetmez, tokmagyň erki («Edebiýat»).
KERLEÇ, Gulagy gowy eşitmeýän, gulagy agyrrak. Ol garry töweregine gözi etdiginden seretdi hem-de kerleç diň saldy (N Saryhanow, Saýlanan eserler).
KERLIK, Eşidiş organyndan mahrumlyk, ker bolmaklyk. Kerlikden ýaňa horluk çekmek.
KERNAÝ, Üflenip çalynýan saz guralynyň bir görnüşi.
KEROGA'Z, Nebit bilen ýanýan, nahar bişirilýän, çaý gaýnadylýan enjamyň bir görnüşi. Kerogazyň ýa-da primusyň nebiti çakdanaşa bolanda, onuň ýanyşyna esewan bolmaly.
KEROSI'N, Nebitden alynýan hem-de çyrada, kerosinkada we ş. m ýakylýan suwuklyk, ak nebit. Kerosin bilen ýanýan priborlar ýanyp durka ýa-da olar gyzgynka, olara ýangyç guýmaklyk gadagan edilýär («Sowet Türkmenistany» gazeti).
KEROSI'NKA. Nebit bilen ýanýan, nahar bişirilýän, çaý gaýnadylýan enjamyň bir görnüşi.
KERPIÇ, Laýdan ýa-da gaty jisimden ýasalan dört burç formaly gurluşyk materialy. Eger bir bölejik kerpiji suwly stakanyň içine salsak, kerpiçden köpürjik çykyp ýokary galýar (M. N. Skatkin, Jansyz tebigat). Kerpiçleri ýekän-ýekän, Nagyş ýaly örýär ussa («Pioner» žurnaly). Ýaşuly ussa meniň kerpiç örmek işindäki ilkinji kemçiliklerimi häli-şindi düzet-di («Mydam taýýar» gazeti). <> Kerpiç gant ser G a n t
KERPIÇÇI, Kerpiç guýýan, ýasaýan işçi Kerpiççiler kerpiç guýýarlar.
KERREW. Çala eşidýän, zordan eşidýän, eşidiş organy çala işleýän. Gulagy ýok. kerrew, gözi ýok sokur («Mydam taýýar» gazeti). Kerrew adam.
KERRI, Gulagy çala eşidýän, gulagy agyr (mal barada) Kerri goýun giç ürker (nakyl).
KERSEN, Agaçdan içi oýulyp ýasalýan uly çanak. Mawy ortaky öýden bir kersen düýe süýdüni alyp çykdy (B Kerbabaew, Aýgytly ädim). Öňki tallar kersen bolup, Köp obalar gonup-göçen (R Seýidow, Bagtlylar). <> Tur-otur, kersen getir etmek her hili ownuk (içeri) işde ulanmak, öýdeniçer ýaly etmek, dürli hymaty, ýumşy etdirmek. Ony «tur-otur, kersen getir» işlerinde ulansa-da, aýlygyny öz hojalygynda harçlamaklygy başarýar («Tokmak» žurnaly).
KERSENGÖTI, zool Mör-möjekler maşgalasyndan bolan, tomzaga meňzeş, üsti ýarym şar gernüşli mör-möjik. Men-ä heniz kersengötiniň adamyny çakanyny göremok.
KERSENLEMEK, Kerseni doldurmak, kersene salmak. Onun bilen kakyny garry aýaly kersenlep göterip, çöpüň üstünde serýärdi (B Kerbabaew, Aýgytly ädim).
KERT I. Dagyň ýa-da kenaryň eňňit gyrasy, erňegi. Ylgap kertiň gyrajygyna gelenimde, ýüregim etmedi («Pioner» žurnaly) Galanyň orta bilinde sämelip çykyp duran kertiň ýokarsynda bir deşik garalyp görünýärdi (N Jumaew, Syrly gala).
KERT II bot. Gumda bitýän çalymtyl reňkli, bir-ýyllyk ösümlik. Gyşyna düýeler iýer ýaly kert, ýandak basylýar.
KERTDIRMEK. 1 Kertik-kertik etdirmek, pyçak ýa-da ige bilen kesdirip bellik etdirmek. 2. Gemriji mör möjege iýdirmek. Çuwalyň bagyny syçana kertdirmek. 3. Daňylmak netijesinde bedende belli yz galdyrmak. Ýüpe eliňi kertdirmek.
KERTIK, Pyçak, ige we ş . m zatlar bilen oýulýan ýer, galdyrylýan yz, çapyk, bellik.
KERTIK-KERTIK, Pyçak ýa-da ige bilen bir näçe gezek oýulyp bellik edilen, köp kertigi bar bolan. Diňe munuň ak süňkden sapy, kertik-kertik edilip, çyzykdan doldurylypdyr (A Gowşudow, MähriWepa).
KERTIKLI I, bot. Saryja gülli meýdan oty.
KERTIKLI II, Kertigi bar bolan, kertilip bellik edilen, kertilen. Emin kertikli taýagyny ýokary galdyrdy.
KERTIKÇI, Ýüzük oýnalanda, oýunçylaryň utuk hasabyny alyp barýan, taýaga, agaja we ş m. bellik edýän adam.
KERTILIŞMEK, 1. Kertilip başlamak, iýlip inçelişmek, inçelip üzülere ýakynlaşmak. 2. Epininden ýyrtylyşmak, epininden gitmek, kertilip gyrasyndan gidişmek. Durdy epinleri kertilişen hatlary okady (B Kerbabaew, Aýgytly ädim).
KERTILMEK, 1. Iýlip ýolunmak, inçelip üzülmek. (ýüp, kendir, sapak we ş m. hakda). Köp ulanylmak zerarly kertilmek. Ýup kertildi. 2. Yz galmak, kertik emele gelmek. Onuň orak kesen barmagy kertilipdir. 3. Epininden ýyrtylmak, gyrasyndan gitmek. Ýüpek köýnekler sandykda kertilip gidipdir.
KERTIŞMEK, Kertmäge kömekleşmek, pyçak ýa-da , ige bilen kesip bellik edişmek.
KERTMEK, I Kertik etmek, kertik emele getirmek, pyçak bilen kesip bellik etmek. Çeke her gezek çykarylanda, emin taýajygynyň ujuny kertýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). 2. Yz etmek, yz galdyrmak, kesmek. Onuň zömmejik şypyrmasynyň tüýi düşen erňegi maňlaýyny kertýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). 3. Ýolmak, üzmek. Meniň sargymy kertip, meni azat ediň . («Mydam taýýar» gazeti).
KERÇ, Käselenen gawunyň ýa-da garpyzyň bir bölejigi. Häzir çykaranok hiç haýsy sesin, Käsäň kerçleri-de gädilmän durýar («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ol adam garpyzyň birini ýaryp, Kelewe bir kerç beripdir («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»). Aşyr iki kerç gawun iýdi.
KERÇELEMEK, 1. Kerç-kerç etmek, kerçäp kesmek, kerçäp çykmak, käselemek. Gawun dilimlerini kerçeläp, myhmanlaryň öňünde goýdy. 2. Çapym-çapym etmek, kerçim-kerçim edip kesmek, kesip bölek-bölek etmek. Kerçeläp et dogramak.
KERÇELETMEK, 1 Kerç-kerç etdirmek, kerçäp çykdyrmak, käseletmek. Gawun dilimlerini kerçeletdiler. 2. Çapym-çapym etdirmek, kesip bölek-bölek etdirmek, kerçeläp kesdirmek.
KERÇELEŞMEK, 1. Kerçelemäge kömek etmek, gawun dilimlerini kerç-kerç edişmek, käseleşmek. Gawun kerçeleşmek. 2. Çapym-çapym edişmek, kesişmek, kesip bölek-bölek edişmek.
KERÇEMEK, Kesip ýa-da çapyp bölek-bölek etmek, kesmek. Kolhozyň ot kerçeýän maşyny işe girşidi-(«Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).Ýorunjany kerçemek.
KERÇEM-KERÇEM, Kesim-kesim, dogram-dogram, bölek-bölek. Dakilen çybyklary gylyçlary bilen kerçem-kerçem edip kesişdirip barýandyklaryna gyzygýanyndandyr diýip, belli birini aýtmak gaty kyndy (
KERÇELETMEK, Kerçem-kerçem etdirmek, dogram--dogram etdirmek, kesdirmek.
KERÇEŞMEK, Kerçemäge kömek etmek, kerçem-kerçem, dogram-dogram edişmek, kesişmek.
|