SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KEB

KEÝE

KEJ

KEZ

KEÝ

KEK

KEL

KEM

KEN

KEP

KER

KES

KET

KEF

KEÇ

KEŞ


KEL, med. 1. Kellä çykýan ýokanç deri keseli, ýara. 2. Şol kesel bilen kesellän. Ol kel hem däldi, emma oňa şol at has bolup galdy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

Keliň iň ýuwaşy köpriniň aşagynda oturyp, mal ürküzer (nakyl).


KELAÝY [kela:ýy], kön. S. Başa atylýan öýme (ýaglyk, gyňaç).


KELAM [kela:m], kön s. Söz, sözlem Biri-birlerine kelam agyz-da aýtmaýardylar (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).


KELAMYLLA [kela:mylla:], kön. s Gurhan. Mollalaryň aýtmagyna görä, soňky inen aýat bilen öňkini laguw edýän kelamyllada-da barmyşyn (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


KELEW, Tentek, samsyk, ugursyz, ýeňil. Kelew gylyk--häsiýetli adam.


KELEWLIK, Tenteklik, samsyklyk, ugursyzlyk, ýeňillik. Kelewlik etmek nämä gerek.


KELEK, Şahy bolmadyk, şahy ýok, şahsyz. Kelek geçi ,Kelek sygyr.


KELEKBAZ [kelekba:z], Oýunçy, pyrrylakçy, aldawçy.


KELEKBAZLYK [kelekba:zlyk], Oýunçylyk, pyrryllakçylyk, aldawçylyk. Kelekbazlyk gowy däl.


KELEM, bot. Uly ýasy ýaprakly we ýaprak-ýaprak togalak hasyl getirýän bakja ekini hem-de şonuň hasyly. Atyzlaryň içini kelem, sogan ýaly gök önümler bezeýärdiler («Pioner» žurnaly). Kelemi, pomidory, hyýary we başga her hili gök ekini üç esse artyk ekmeli («Sowet edebnýaty» žurnaly). Kelem ýapragy. Duzly kelem.


KELEME I, kön s. Dört suw, ýagny on iki sagatlyk suw nobaty. Bir keleme suwuň bolsa, Iki ýylda baý bolsarsyň (Çary Aşyr, Poemalar).


KELEME II, 1. dini Musulmanlyk şertini kesgitleýän gurhandan alnan bir tsitata we onuň ady, 2. Söz, sözlem. Delminip bäş keleme söz aýdar gerek («Görogly» eposy). <> Kelemäňi çöwürmek (öwürm e k) dini — dine ynanýandygyňy subut etmek üçin ýörite aýdylýan sözleri sesli aýtmak. Her top sesi çykanynda, Nagçobaý yzly-yzyna kelemesini öwürýär (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


KELEMENLEMEK, Beýiklikden başaşak kebelekläp gaýtmak. Horaz dik başaşak kelemenläp gaýtdy-da, patlap ýere düşdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


KELEMENLETMEK, 1. Beýiklikden başaşak kebelekledip göýbermek. 2. Bulaýlamak. Aýna ellerini kelemenledip, Ballynyň ýüzüne-gözüne urdy-da, aşak sallandy. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


KELEP, Belli bir derejede külterlenen haly ýüpi ýa-da ýüplük Reňklenen kelepler asylgy durdy.

<> Kelebiň ujuny ýitirmek — başyň çaşmak, aljyramak, ugruňy ýitirmek.

Kelep agajy— daşyna ýüpek sarap kelep edilýän agaç.


KELEPLEMEK, Haly ýa-da tara dokamak üçin ýüplügi kelep agajyna külterlemek, kelep etmek. Ýüplük keleplemek. Ýüpek keleplemek.


KELEPLETMEK, Kelep etdirmek. Haly ýüpüni kelepletmek.


KELEPLEŞMEK, Keleplemäge kömek etmek, ýüp ýa-da ýüplügi kelep edişmek. ýüp kelepleşmek.


KELESAŇ, Bir işi emelli-başly alyp baryp bilmeýän adam, saňsar.


KELESAŇLYK, Bir işi emelli-başly alyp baryp bilmezlik, kelesaňyň gylyk-häsiýeti,   saňsarlyk. Men düşnüksiz, geçirimsiz kelesaňlyk etdim  (A.  S. Puşkin, Saýlanan  eserler).


                    

KELLE, 1. Adamyň ýa-da haýwanyň beýni süňklerin-den emele gelen we ýüz böleginiň ýerleşýän organy, baş. Ol oglan onuň kellesini sypalaýar («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Onuň kellesinde saç ýok,

2. Bir predmetiň ýa-da zadyň iň ýokarsy, başy. Tudy kesip ýöne kelle edip ötäýdipdirler. <>Kelle göçm e k — ser. Kelle gyzmak.

Kelle gyzma k— bir zada ähli ünsüňi, pikiriňi bermek, gyzgalaňa düşmek, badyň göterilmek, kelläň göçmek (oýunda, uruşda we ş. m.). Gürrüňe kelle gyzyp, bir ýerde köp oturmak. Kelläňden uçmak — ýatdan çykmak, huşdan çykmak.

Kelläň hum ýaly çişmek — gaty ýadamak, kelläň ýadap halys bolmak.

Guş kelle — samsyk, pähimsiz.


KELLEBAŞAÝAK, 1. Öldürilen malyň kellesi we aýaklary. Köne mollalaryň ýas ýerinde gurhan okap, goýnuň kellebaşaýagyny alýanlaryny, ol wagt Wepa nireden bilsin (A. Gowşudow, Saýlanan eserler). 2. Kellebaşaýakdan edilen, taýýarlanan nahar. Goňşymyzdan Kellebaşaýak iýdim.


KELLEKESER, gepl d. 1. Kelle kesiji, garadan gaýtmaz, ýol çapan. 2. Ile ot ýakdyrmaýan, guduz adam.


KELLEKI, 1. Atyň ýa-da eşegiň kellesine salmak üçin ýörite edilýän gaýyş nogta. Ata kelleki salmak. Eşege kelleki tikmek.

2. Içi gyrlan gawunyň paçagyna salnyp gatadylan kak.


KELLEKILEMEK, Kelleki geýdirmek. Aty keldekilep mündi-de, ýola düşdi.


KELLEKILENMEK, Kelleki geýdirilmek, kelleki salynmak. Mallaryň hemmesi kellekilendi.


KELLEKILETMEK, Kelleki saldyrmak, kellekisini geýdirtmek.


KELLEKILEŞMEK, Kelleki salyşmak, kellekisini geýdirişmek.


KELLELI, I. Kellesi bar bolan, kellesi ýerinde bolan. Hemmämiz ýaňky ullakan kelleli adamyň töweregine üýşdük (A Gowşudow, Powestler we hekaýalar). 2. Akylly, pähimli, paýhasly. Ol kelleli adam.


KELLESIZ, 1. Kellesi bolmadyk. Kellesiz göwre 2. Akylsyz, pähimsiz, paýhasyz. Ýene goýmaň bir kellesiz çüýrügi, Halkynyň göwnüni bilenden seçiň (Mollamurt, Saýlanan eserler). Onuň ýaly işi kellesiz adamlar eder.


KELLESIZLIK, 1. Kellesi ýokluk. 2. Akylsyzlyk, pähimsizlik, paýhassyzlyk. Kellesizlik etmgk gerek däl.


KELLIK, Kelläňe ýokançly deri keseli ýokuşyp kel bolmaklyk, keliň ýagdaýy. Kellik erbet zat. Keselhani-da özüňi bejerdip, kellikden dynmak.


KELPEZ, ser. K e l p e k

KELPEZE.   ser. H a ž ž y k.


KELPEŇ, Batnyksyz, ýeňilkelle, kelçik, suwumsyz (adam hakda). Obamyzdaky käbir kelpeň jahyllar jowlan urardy (N. Pomma, Taýlak hyzzyn) Hawa, sözüň agzyňda, kelpeň gwardiýaçylaryň seniň üstüňe çozup, ýüregiňi bulanlaryny men bilýärin (B. Kerbabaew. Aýgytly ädim).


KELPEŇLIK, Batnyksyzlyk, kelçiklik, ýeňillik, ýeňilkellelik, suwumsyzlyk. Kör hem kelpeňligine garamazdan , garyp bolandygy üçin, ýerden-suwdan paý aldy (Pomma, Taýlak hyzzyn). Kelpeňlik etmek.


KELTE. 1. ser. Gysga 1. Ine, kelte boýly Annagül özüniň bloknotyna elini uzadýar («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Palьtoň kelte bolýar. Kelte geýim .

2. göç. m. Ýetmez, ýeterlik däl, doly däl. Işi kelte edipsik. Sen kelte gaýdypsyň.


KELTEKÇE, gepl. d. Güpbi, kelte palьto. Derrew keltekçesini geýmäge durdy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Keltekçe tikdirinmek. Gyş günleri keltekçe geýilýär.


KELTELIK, ser. G y s g a l y k. Boýumyň käwagt keltelik edýän ýeri bolýar.

<>Keltelik etmek — bärden gaýtmak, gysgalyk etmek.


KELTELMEK, 1. Gysgalmak. Gyş aýlarynda gün keltelýär. 2. Girip gysgalmak, girmek. Köýnegiň ýeňi keltelipdir. Jalbar keltelipdir.


KELTELTMEK, ser Gysgaltmak. Palьtoň gaty uzyn, birneme kelteltmek gerek.


KELÇIK, ser. K e l p e ň. Käbir kelçik adamlar şeýle edýärler («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KELÇIKLIK, ser.  Kelpeňlik. Kelçiklik etmek.