SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KEB

KEÝE

KEJ

KEZ

KEÝ

KEK

KEL

KEM

KEN

KEP

KER

KES

KET

KEF

KEÇ

KEŞ


KEÇ, 1. Diýenini edýän, kesir, keçjal. Keç gylykly oglan. Keç adam.

2. Ugruna däl, ters, nädogry. Kejine gaýdaýsaň, almatyň nagt («Sowet edebiýaty» žurnaly). Indi dogry dört ýyl bäri Meniň işim çekýär keje (Çary Aşyr, Poemalar).


KEÇE, Goýun ýüňünden basylyp edilýän düşek. Ýasa batmaň, gara keçe düşenip, Ýagta çykyň, nadanlykdan boşanyp (Mollamurt, Saýlanan eserler). Oglanlar keçäň üstüne geçip oturdylar («Pioner» žurnaly).

 Keçe basmak — keçäniň hilini gowulandyrmak üçin bilek bilen togalamak, bişirmek.


KEÇELIK. Keçe etmek üçin goýlan ýüň. Bir keçelik, ýüňümiz bar.


KEÇJAL [keçja:l], ser. Keç

1. Beýleki çagalar bilen bir hatarda keçjal Rejep-de tertibe münýär (H. Ysmaýylow, Powestler) . Özüniň keçjal häsiýetine görä hiç boýun alman, özüni aýpsyz hem müýnsüz görkezmäge çalyşdy-da, haýýarlyga tutundy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


KEÇJALLYK [keçja:llyk], ser. K e ç l i k. Ýöne kejallyk edip aýdyp otyr-da («Kolhoz günleri»). Meniň ýatasym gelenok — diýip Aýdogdy keçjallyk bilen jogap berdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KEÇJE, 1. Baş çykaryp bilmeýän, tiz aňşyrmaýan, düşünmeýän, kütek. Aý, sen-ä bir keçje ekeniň! Aşyr keje adamdyr.

 2. ser K e ç 2. Şu sapar beri şulardan zameçanny almaýyn daýip öňürtdim hasap etseň, seniňki ýene keçje (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


KEÇJELIK, 1. Baş çykaryp bilmezlik, tiz aňşyrmazlyk, düşünmezlik. Keçjelik etmek.

2. ser. K e ç l i k. Çyn ýürekden, dostlarça gürrüň edilse, Sapa-da keçjeligine tutup oturasy ýok-la! («Sowet edebiýaty» žurnaly) .


KEÇLIK, Öz diýeniňi edijilik, kesirlik, keçjelik, keçjallyk. Keçlik etmek gerek däl.