SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KEB

KEÝE

KEJ

KEZ

KEÝ

KEK

KEL

KEM

KEN

KEP

KER

KES

KET

KEF

KEÇ

KEŞ


KEKENE, zool. Gawun pazylyna düşýän we oňa zyýan beriji kiçijik möjejik. Oraz han kekene iýen terne kimin goturak ýüzüni güldürip, sypaýyçylyk bilen oturdy (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda). Gawuna kekene düşende, dermanlap gyrýarlar.


KEKEÇ, I. Käbir guşlaryň we süýreniji haýwanlaryň kellesine çykýan ösüntgi. Harazyň kekeji uly bolýar.


KEKEÇ II, Sakynyp gepleýän, sakaw. Kekeç adam.


KEKEÇLEK, Kekeji uly bolan.  Kekeçlek horaz.


KEKEÇLEMEK, Sakynyp gürlemek, sakawlamak. Kekeçlemen geplemek.


KEKIRDEWÜK, anat 1. Haýwanlaryň we adamlaryň organizmindäki syklygy we çeýeligi bilen tapawutlanýan birleşdiriji dokumanyň bir görnüşi.

2. Halka--halka turba görnüşli bokurdak düwni ýerleşýän dem alyş organy.


KEKRE, bot I Ajy haşal ot. 2. göç. M. Gaty ajy. Çaýyr düýbi kekre ýaly bolupdyr.