SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KEB

KEÝE

KEJ

KEZ

KEÝ

KEK

KEL

KEM

KEN

KEP

KER

KES

KET

KEF

KEÇ

KEŞ


KES: 1) hiç  kes — hiç kim, hiç bir adam. Muňa Oktýabrь rewolýutsiýasynyň  beren azatlygyny hiç kes bilmez ( N  Saryhanow , Saýlanan eserler)   Biz öz ýerimizi hiç kese bermeris  (B   Kerbabaew,  Aýgytly ädim ).

2) her  kes — her bir  adam . Her kes öz planyny ýerine ýetirmek ugrunda çalyşýar.


KESANASYNA [kesa:nasyna]  kesanasyna tutmak, belli  bir  möçberde nyrh  kesip, hak    berip işletmek, hakyna tutmak.  Men seniň kesanasyna tutan bagşyňmydym («Görogly» eposy).


KESBI-KÄR, 1 ser K ä r 1,1. Hojanyýazyn, esasy kesbi käri daýhançylyk bolupdyr (Mollamurt, Saýlanan eserler) Biz bu kesbi-kärimizi taşlap bilmeris (A Durdyew, Saýlanan eserler). 2. Gylyk häsiýet, özüňi alyp baryş. Sen hem öz bildigiňden, kesbi-käriňiňden galma (B Kerbabaew, Aýgytly ädim).


KESGIN,  1.  Ýorlikli, berk, pert-pert. Artyk onuň sözüni şorta ýolup, kesgin jogap gaýtardy (B   Kerbabaew, Aýgytly ädim). 2. ýiti, ötgür, sowuk. Gündogar-dan kesgin sowuk şemal öwsüp başlady («Kolhoz günleri»).


KESGIR, 1. Gaty ýiti, ýalaw ýaly, ötgür. Eziziň özleri üçin kesgir ýaragdygyny ol unutmady (B Kerbabaew, Aýgytly ädim). Seň bedew atyň bar, kesgir gylyjyň bar, Parçala duşmany, ýegsan et ony (A Nyýazow, Şygyrlar). 2. göç. M. Berk täsir edýän, ötgür (söz hakda) Kesgir sözli bolmak. Kesgir sözler bilen aýtmak.


KESGIRLIK 1. Ýitilik, ötgürlik, ýalaw ýalylyk. Pyçagyň kesgirligi çakyň däl.

2. Berk täsir edijilik, ütgürlik. Aýdylýan sözleriň kesgirligi.


KESGIT, Belli bir netije, karar.


KESGITLEÝJI, Takyklaýjy, aýdyňlaşdyryjy, anyklaýjy. Ol atomy kesgitleýji dürli mehanizmler bilen birlikde radiometri, gulaga tutulýan apparatly guraly hemmelere görkezýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KESGITLEMEK, Belli etmek, äşgär etmek, netije çykarmak, takyklamak.

Imperialazmi — monopolistik kapitalizm diýip, Lenin kesgitleýärdi (SSSR taryhy). Garaköli baganalaryň sortlaryny kesgitlemek işine onuň nähili beýle ökdelenligini soradyk. Şondan başga zat bolmagy mümkin däl — diýip, Geldi bada bat kesgitledi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KESGITLI, Anyk açyk, belli, takyk.

Elbetde, belli bir eser hakynda şeýle kesgitli dürli pikirleriň, aýdylmagyny çekişmäniň gyzykly we işjeň geçendiginj aýdyň, şaýady hökmünde belläp geçmek gerek («Sowet edebiýaty» žurnaly). Olaryň her biri kesgitli bir reňk bilen reňklenipdir (Gadymy dünýä taryhy).


KESDIRMEK 1 Kesmäge bermek, kesim kesim etdirmek. Bir zuwala hamyry aş bişirmek üçin kesdirmek.

2. Ýiti ýaraga endamyňy dildirmek, ýaralatmak. Çekä kesdirmek, Eliňi pyçaga kesdirmek.

3. Öldürtmek, çapdyrmak, soýdurmak. Daýhanlary aldap, içiň sowatdyň, Asdyrdyň kesdirdiň meýdana atdyň, Wagtyň ötdi seniň, ýok bol köne adat (Mollamurt, Saýlanan eserler). Inisin çagyryp kesdirdi goýun, Garamazdan gijigenligne günüň («Sowet edebiýaty» žurnaly).

4. Ýardyryp, depdirip bejertmek, operatsýa etdirmek.


KESE, 1 Gorizont tekizligine parallelь ýerleşýän däl, gyşyk gorizontal. Onuň ýolunyň üstünde ýogyn pürsi kese goýan bolsam ine, onda ähtimal (A P Çehow. Saýlanan eserler) Çagany kese halda tutman, has brek halda tutmak gerek («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).

2. Başga, özge, ýat. Kese ýerden gelenler üçin bellenilen jaýda biz tiz ýerleşdik («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).

3. Zolak bolup giden, tutuş. Köprüden aňyrsy kese giden odunlyk ýer.

4. Kömekçi at rolunda. Ak pagtanyň kesesinden giripdir (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Obanyň kesesinde durup seretseň, bütinleý gök öwüsýär.

<> K e s e ç y z y k — ser Ç y z y k . Gepleşikde (dialoglarda.) her bir adamyň sözüniň öň ýanynda kese çyzyk goýmaly.

Kesä çekmek — gepi, gürrüňi başga ýana sowmak. Aýsoltan ejesiniň aýdanyny kesä çekip, onuň sözüni aýratyn geňirgemek bilen gep urdy (B Kerbabaew, Aýsoltan).

Ýüzüňi kesä sowmak — nägile, göwnüýetmezçilik we ş. m zerarly ýüzüňi bir gapdala sowmak. Başlyk kinaýaly ýylgyrmak bilen, ýüzüni kesä sowup sorady («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KESATYM, dokm. Nah gatyşykly gyzyl mata.


KESEWI, Ot gorsamak, dörmek üçin taýak. Şol wagt hem elim kesewi, saçym sübsedi (A Durdyew, Saýlanan eserler) Kesewi bilen ot gorsamak.

<> Kesewisi gögermek — diýeni bolmak, näme etse ugra barmak.


KESEK, Tokgalanyp gatan toprak, tokga tutup gatan toprak bölegi. Han küýli agyr harsaň kesekleri piliniň üstüne mündürip, raýyşdan aňryk gütde-gütde aşyryp başlady (A Durdyew, Saýlanan eserler) Kolhozçylar köne jaýlaryň keseklerini ýere dökýärler.


KESEKI, 1. Başga ýerden, ýurtdan gelen, ýat, bigäne. Keseki adam.

2. Özüňki bolmadyk, başga degişli bolan. Özge Kesekiniň saçy bilen saçly boljak bolýar («Tokmak» žurnaly).


KESEKLEMEK, Kesek zyňmak, kesek salmak, kesek bilen urmak. Ol itleri nabat bilen kesekläpdir (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Oglanlar ýylany kesekläp başladylar.


KESEKLETMEK, Kesek zyňdyrmak, kesek bilen urdurmak. Ekabyrrak oglanlar gelnalyjylary oba çagalaryna kesekletdirdiler.


KESEKLEŞMEK, Biri birike kesek zyňmak, kesek zyňyşmak. Ikisiniň arasyndaky gürrüň — körleriň kesekleşine döndi (B Kerbabaew Aýgytly ädim).


KESEL,  1. Organizmiň kadaly işlemeginiň bozulmagy, dert.  Duşmandan hiç wagt düşmeris assa, Emma ýokanç kesel etmesin hassa (Mollamurt, Saýlanan eserler).

2. ser   S y r k a w .

3. gepl .d. Ürç edilen zat, ýoň.


KESELBENT, Keselden açylman ýören, uzak wagt keselläp ýören.


KESELLEMEK, Syrkawlamak, nähoşlamak, näsaglamak, hassalamak. Keselläp gören görgüsi Çekipdir niçe aýlara (Çary Aşyr, Poemalar). On ýylyň içide adam hem kesellemän ýaşaýar, emma bir gün görseň bir-den ýok bolýar (G Muhtarow, G Seýitliew, Çopan ogly).


KESELLETMEK, Kesele duçar  etmek, kesel ýokdurmak, syrkawlatmak, nähoşlatmak, hassalatmak.


KESELLI, Keseli bar bolan, kesel ýokuşan, nähoş, näsag, syrkaw, hassa. Arabaçy keselliniň haýkylygynyň arasyna «hä-çüw» diýip sesini goşdy-da, köprü-den assalyk bilen arabany sürüp geçdi (B Gurbanow, Duşuşyk). Keselli adamlaryň sany gitdigiçe azalýar.


KESELHANA [keselha: na] Kesellileriň ýatyrylyp bejerilýän jaýy, edarasy. Respublikamyzda häzir 196 keselhana bar («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly) Gadam, Kümşüň kakasy biziň keselhana düşdi (G Muhtarow G Seýitliew, Çopan ogly).

Keselhana — poliklinika kolhozçylara hyzmat edýär («Pioner» žurnaly).


KESER, Haly dokalanda çitilýän ýüpp kesmek üçin ulanylýan kiçijik pyçak. Ussa ertir turup dükana girdi, günortana çenli bäş alty sany gowy keser ýasady (A Durdyew Saýlanan eserler).


KESERMEK, 1. Keseligine  uzalyp gitmek,  uzalyp ýatmak.  Keserip ýatan gara dagyň arkasynda gizlenipdi (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).

2.  Gyşarmak, süýnmek. Ol halynyň üstünde keserip ýatyrdy.

<> K e s e r i p    durmak — öňüni tutup durmak, öňüni alyp durmak. Ýolda keserip durmak.

KESIK, 1. Kesilip aýrylan, byçgy ýa-da pyçak bilen kesilen, bölünen. Kesik agaç. Kesik saç. 2. Çapyk yzy, çapyk. Kesik ýer.


KESIK-KESIK, Bölek-bölek edilen, çapyk-çapyk. Agajy byçgy bilen kesik-kesik edipdirler.


KESILMEK, 1. Bölünip aýrylmak, bölünmek. Eýerlik, horjunlyk, gapy kilimi, Yz-yzyna kesilerdi telimi («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Sem bolmak, galmak, diňmek. Aýdym sesi birdenkä, tapba kesildi (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Aglaýan çaganyň, üýrýän itleriň sesi kesildi.

3. Akmasy galmak, ýatmak. Ýabyň suwy kesildi. Kran kesildi.

4. göç. m Zaýalanmak, çüýremek. Süýt kesildi. Kesilen süýt.

5. göç. m. Dowam etdirilmän galmak, goýbolsun edilmek, arasy ýolunmak, üzülmek.

<> Işdä kesilmek — ser, I ş d ä.


KESIM-KESIM, ser K e s i k-k e s i k. Olar täjirleri kesim-kesim edip, diri ýerlerini goýmandyrlar (A P Çehow, Saýlanan eserler).


KESINDI I, Kesilip aýrylan zat, predmet, gyýkyndy. Uzanlygy 40 santimetr bolan gysgajyk agaç kesindilerini taýýarlamaly («Mydam taýýar» gazeti). Mata kesindilerini toplap, hapa ýaşigine taşladyk.


KESINDI II, Bir ujy ýanyp duran agaç bölegi. Kesindini ölçermäge başlady (I. S. Turgenew, Awçynyň hatlaryndan). Hellew ýanyp duran otly kesindini eline alan badyna, Osan eýýäm köwşüni eline alyp, dazlap daşaryk çykyp barýardy, («Tokmak» žurnaly). Ýanyp duran kesindini babamyň dogry maňlaýyna somlady (N. W. Gogolь, Eserler).


KESIR I, Öz diýenini etdirýän, tutanýerli, erjel, keçjal. Kesir oglan.

KESIR II, kön. s., mat. Maýdalawçy, drobь.


KESIRLIK, Öz diýeniňi etdirijilik, erjellik, tutanýerlilik, keçjallyk. Kesirlik etmek.


KESIŞDIRMEK, Kesip çykmak, kesim-kesim edişdirmek, kesip dogram-dogram etmek. Ol şaralyk et kesişdirip, kaklap otyrdy (A. Gowşudow, Eserler). Ýaş ýigitler duşmanyň telefon liniýalaryny kesişdirýärdiler («Mydam taýýar» gazeti).


KESIŞMEK, 1. Kesmäge kömek etmek, bölmäge kömek etmek, bilelikde kesmek, bölüşmek. Çybyk kesşimek. Tut kesşimek. Agaç kesişmek.

2. Biri-birini kesip geçmek, biri-biriniň üstünden atanak bolup geçmek. Galanyň eteginde iki ýol kesişip geçýär. Iki göni çyzyk kesişip, dört sany burç emele getirýär.


KESMEK I, 1. Ýarag bilen bölmek, bitin zatdan bölüp aýyrmak, bölek-bölek etmek. Daşdan kesip zat ýasamak boýunça örän ussat ussalar bolupdyr. (Orta asyrlar taryhy).

2. Ýara salmak, dilmek. Pyçak onuň elini kesdi.

3. Dilim-dilim etmek, ýarmak. Kerim kesjek bolup duran kyrkgünlügini goýup, ylgap kakasynyň ýanyna geldi («Sowet edebiýaty» žurnaly).

4. Ujundan tutup alyp galmak, tutup saklamak. Aýlygymdan on manat kesipdirler.

5. Bes etmek, goýmak, üzmek Geplemäňi hem kesdiň — diýip, Surkow pikirlen-di («Mydam taýýar» gazeti). Denis gözüni gyrpyldatmagyny kesýär (A. P. Çehow, Saýlanan eserler).

Oglanlar takyr meýdançanyň daşyndan aýlanmaga başladylar. Mugallym yzyny kesmän: 1—2—3 — diýip, gapdallaryndan gygyryp barýar (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

6. med. Operatsiýa etmek, ýaryp bejermek. Meni diňe Gadam kessin, diňe Gadam kessin (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Çopan ogly).

7. Çapyp aýyrmak, çapmak. Tut kesip duran wagty, gapdalyndaky ýol bilen geçip gidipdirler (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).

8. Pyçak bilen çalmak, öldürmek. Gan içen jellatlar pyçagyn ýalap, Kän kelle kesdiler köne döwürde (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Goýun kesmäge adam ýok. Başyny kesseň, jany ýok, çagasynyň sany ýok (matal).

Kesip    geçmek — göni geçip gitmek, gabatlap geçmek. Üstünden geçmek. Keýikler ýoly kesip geçdiler «mydam taýýar» gazeti). Olar biziň öňümizi kesip geçdiler.

A k y l     k e s m e k — ser.    A k y l.

Aýagyny k e s m e k — ser. A ýa k.   Ol näme üçin bizden  aýagy kesdikä?

B a h a    k e s m e k — ser. B a h a. Bu gün dosty geldi onuň öýüne, Kolhoz brigadiri — söweşdeş dosty, Syn edip Baýjanyň inçe işine, Her bir reňkine bir baha kesdi (A. Atajanow, Iki poema).

Gözuň k e s m e k — ser. Göz.

ÝOL    kesmek— ser.   Ýol.

I ş   k e s m e k — ser. I ş.


KESMEK II, 1. Köplenç ýaranyň ýüzünde emele gelýän gaty gabyk. Ýara kesmek baglapdyr  2. Käbir nahar bişirilende, gazanyň düýbünde galýan ýanyk galyň ýa-da emele gelýän gatlak. Gazanyň düýbündäki kesmegi gazap aýyrmak.


KESMEKLEMEK, 1. Kesmek baglamak, ýüzi gatamak (bir zadyň üsti hakda). Aradan bir näçe wagt geçenden soň, kepderjigiň ýarasy kesmekledi    («Mydam taýýar» gazeti).

2. Kesmek tutmak,  aşa bişip   kesmek gelmek.


KESMEKLETMEK, Kesmek baglatmak, ýuzun gatatmak. Ýaraňy kesmekledipsiň.

2. Gaty bişirip kesmek emele getirtmek. Gazanyň düýbüni kesmekletmek.


KESMIK, Gaçyp gitmez ýaly gaçak malyň aýagyna dakylýan ýa-da boýnuna dakylyp, aşak sallanylyp göýberilýän agaç. Kesmikden boşan açmaňyz sygyrlar ondan-oňa hars urýarlar (B. Kerbabaew, Aýgytly Ädim).


KESP, ser. Kär I, 1. Gyzyň alym enesiniň kesbini alar («Sowet Turkmenistanynyň aýallary» žurnaly).

Ata kesbi — ogla halal (nakyl).