SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KEB

KEÝE

KEJ

KEZ

KEÝ

KEK

KEL

KEM

KEN

KEP

KER

KES

KET

KEF

KEÇ

KEŞ


KEŞ I, 1. oba h. Gowaça ýa-da başga ekinlerde hatar arasyndaky suw akýan ýapjagaz, joýa. Hol aňyrki kartanyň gowaçalarynda suwuň doly etmedik keşleri hem bar. («Sowet edebiýaty» žurnaly). Olar keşleriň ýrasyny ketmen bilen ýeňiljek dyrmaýardylar, ýumşadýardylar (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Keşleriň arasyna düşen syçan-da pil ýaly görünýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KEŞ II, Goşulan sözüniň manysy bilen baglylykda adamyň meşgul bolýan kärini aňladýan söz ýasaýjy affiks. Arabakeş, düýekeş, çilimkeş.


KEŞARA [keşa:ra], Başaşa keş, bir keşi, joýany geçirnp. Gowaça meýdanlaryny keşme-keş däl-de, diňe keşara suwarmagy dowam etdirýär eken («Sowet Türkmenistany»gazeti).


KEŞDE, 1. Börüge, kürtä we ş. m. salynýan çylşyrymly nagyş. Barmagyna ýüwsesini ötürip, keşde etmäge oturdy (A- Durdyew, Saýlanan eserler). Dokme dokap, hat ýazyp, Keşde çekmek sende bar (N. Pomma, Saýlanan eserler).


KEŞDELEMEK, Keşde çekmek, nagyş salmak, nagyşlamak. Tylla pioner baýdagyny keşdeläp boldy («Sowet Türkmenistany»gazeti).Bir ellik, bir sany temmäki gabyn Keşdeläpdir üstüni oň nagyşlap( Amanow, Kowusow. Balykçylar).


 KEŞDELENMEK,   Keşde  bilen bejerilmek, keşde  salynmak.  Çeper el bilen keşdelenen haltajyk elden- ele geçdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KEŞDELETMEK. Keşde çekdirmek, keşde saldyrmak,   keşde etdirmek.   Çilim   haltajygynyň  agzyny keşdeletmek.


KEŞDELEŞMEK, Keşde çekişmek, keşde edişmek.


KEŞIK: keşigini çekmek — hyzmatyny etmek, gullugyny etmek. Myrat jan öz enesiniň gözüniň öňünden hiç bir ýana gitmän, kişiniň keşigini çekmän, hat öwrendi (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


KEŞIM, ser. K e ş p. Şol wagt hem penjireden günüň ýagtysy syçrap, onuň keşimlerini aýyl-saýyl şekillendirşrdi (N. Jumaew, Ak derek).

<> K e ş i m  e t m e k — çala meňzemek, ogşamak.


KEŞLEMEK, Keş çekmek, joýa çekmek, suw akar ýaly ýapjagaz çekmek. Gowaça suwarmak bolsa başga hili, suwuny şildirdedip akdyryp, keşläp suwarmaly («Sowet edebiýaty» žurnaly). Gowaçalaryň hatar aralaryny keşläp suwarmak. Gowaçany keşläp ekmek usulyna geçildi.


KEŞP, Ýüz sypaty, şekili, daş görnuşi. Men keşbi boýunça ol koreýdir öýtdüm («Mydam taýýar» gazeti) Bu sözlerden soň, onuň ýüz keşbini göz öňüne getirmek kyn däl («Tokmak» žurnaly). Kakasьşyň keşbi hiç wagt onuň gözüniň öňunden gitmeýärdi (B. Kerbabaew, Aýsoltan) Turkmenistanyň keşbi tanalmaz ýaly özgerdi («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Kolhozlaryň jemgyýetçilik hojalygynyň çalt depgin bilen ösmegi çölüň keşbini gün-günden özgerdýär. Watan keşbini wasp edip, Ülkämde ýazýaryn gazal («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KEŞT, kön. s. 1. Gezelenç, syýahat. Keşt edip gezer men ilden-illere («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Işdä,  mäde. Seniň bişiren  naharlaryňy  keşdiň çekip iýer  ýaly däl (N. Pomma, Taýlak    hyzzyn).

3.  Alada, hyzmat, iş. Artyk gidenden soň, öýüň bütin keşdi Aýnanyň  boýnuna  düşüpdi   (B.  Kerbabaew, Aýgytly ädim).