SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KEB

KEÝE

KEJ

KEZ

KEÝ

KEK

KEL

KEM

KEN

KEP

KER

KES

KET

KEF

KEÇ

KEŞ


KEJEBE, 1. Gelin alnanda, gelni düýä mündürip alyp gaýtmak üçin, ýörite agaçdan ýasalýan üsti dört tarapa ýapgyt enjam. Gaty kän günler ýöräp, bir çölüstanlyga ýetenlerinde, gözüne bir kejebe görüdi («Görogly» eposy).

2. Hala salynýan nagşyň bir görnüşi. Öňler «kejebe» gölüni hala salardyk («Sowet Türkmenistany» gazeti).

<> Kejebäň Garyşmak — bir zada gaharyň gelmek, ganyň gyzmak bulaşmak, çaşmak. Ylaýta-da Aýtagyň öz dilini oýnatmagy onuň kejebesini garyşdyrdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KEJELEŞMEK, Kejine gaýtmak, biriniň tersine gitmek, sene-mene edişip durmak, jedelleşmek. Öz ogly ýaly adam bilen kejeleşmegi özüne uslyp bilmedi '(N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Onuň bilen kejeleşip oturmagy uslyp bilmedi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KEJEŇEK, Hiç kimiň aýdan-diýenine gulak asmaýan, Öz diýenini edýän, kesir. Heý şeýle kejeňegi hem yryp bolarmy («Türkmen pьesalary»). Adam diýeniň beýle garagol, kejeňek bolmaz («Görogly» eposy).


KEJEŇEKLIK, Öz diýeniňi edijilik, öz diýenlilik, keçlik, kesirlik. Şeýle kejeňekligşi edip, berkine tutup otursa, näme diýip, näme aýdarsyň, janlarym («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KEJEŞMEK,  ser   Kejeleşmek.


KEJI, Arassa ýüpek çekilenden soň galan ýüpek galyndysy, ýüpegiň ýaramaz hili.