SÖZLÜG ,,, KA- HARPY; |
KET |
KETGEN, bot. Mal oty hökmünde peýdalanylýan, baldaklary tikenli birýyllyk ösümlik, haşal ot.
KETDE, gepl. d. 1. Ser. Uly. 2. Uly gullukda işeleýän, ýaşuly, ýolbaşçy. Ketdeleriniň biri bolmaga çemeli, onuň egninde polkownik nyşanlary bar (A. Gowşudow, MähriWepa).
KETEW, zoowet. Atlara we ýeke toýnakly haýwanlara degýän ýokanç kesel, maňka. Heý, seniň, bir baýtalyňi ketew degsin diýip sögdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler).
KETEWLEMEK, Ketew keseli degmek, ketew keseli bilen kesellemek.
KETEK, 1. Towuk, it we ş. m. üçin salnan jaý. Göreniň keteginde towuk goýmady (A. Gowşudow, Saýlanan eserler). Meniň towuklarym juda köpelip gitdi, indi maňa ýörite ketekler, giň jaýlar gurap beriň (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). It ketegine kürsäp urdy. 2. gepl d. Kiçijik, ýaramazja ýaşaýyş jaýy, öý. Her kim ketekli-ketegine dargady!.
KETENI, Aýal köýnekligi üçin elde dokalýan ýüpek , mata. Ketenisi el degirse pasyrdap, Ýüregine guwanç--kuwwat berýärdi (K. Işanow, Watan üçin). Egni keteni köýnekli, sallanyp suwa gidipdi (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).
KETHUDA [kethuda:], Maslahat beriji, baştutanlyk edijk, ýaşululyk edýän, aksakgallyk edýän, geňeşdar, kähuda. Salyh işan hem, başga kethuda aksakgallaryň gürrüňlerine ynananlar hem olara goşulypdyr. Ýşulular, kethudalar üýşüpdir («Sowet edebiýaty» žurnaly).
KETHUDALYK [kethuda:lyk], Kethuda bolmaklyk, geňeşdarlyk, ýaşululyk, aksakgallyk, baştutanlyk, kähudalyk. Kethudalygy, aksakgallygy öz ellerine alan Pirguly başlyklaýyn süýthorlar, baýlar, suwumyzyň alkymyna çykdy (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).
|