SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AL


AL [a:l] I, Gyzgyldrak goňur renk, gyzylymtyl. Seni kim ýaratdy beýle al ýaňak

(«Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).

Jaýyň depesinde bolsa, belli zat, al baýdak pasyrdaýar (N. Jumaew, Ak derek).


AL [a:l] II, 1. Fantastik, mifologik düşünjä görä: arwah, jyn, eýe.

2. Hile, aldaw, mekirlik. Kakam türkanadyr, alarlar daşyn, gorkýaryn, al bilen aýlarlar başyn («Sowet edebiýaty» žurnaly).

*Al açmak— bedeniňi, saçyňy ak-ala edýän kesele duş bolmak.

AL-ELWAN [a:l-elwa:n], Gyzylala, gyzyly köp bolan (geýim-gejim hakda). Mamagül al-elwan geýnip, çyrpy hem gyzyl kürte atynyp, gelin ýaly bezenýär (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

Al kakmak mif. — ser. Al çalmak.

Al petinden almak — biriniň ýüzüni almak, dalamak. Halnazar onuň öz üstünden düşmeginden howatyr edip, al petinden aldy, herreldi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Al çalmak mif. — arwah, jyn täsir etmek.