SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

ALT

ALTATAR, Daragynda alty ok ýerleşýän tupeň. Atamyň altatary bar.


ALTMYŞ, 60 tsifriniň ady we onuň mukdary. Gara aga altmyş ýaşyna girip ugran süňňi sagat adam («Sowet edebiýaty» žurnaly). Şol öýüň keýwanysy altmyş ýaşly epeý aýal iş-alada arasyndady («Sowet Turkme-nistanynyn. aýallary» žurnaly). Oraz aga häzir altmyş ýaşynda.


ALTY, 6 tsifriniň ady we onuň mukdary. Alty adamynyň altysy hem dymdy (M. Gorьkiý, Ene). Aýsoltan şol meýdanyň alty aý mundan öňki görnüşini göz öňüne getirdi (B.. Kerbabaew, Aýsoltan).

Onuň alty çagasy bar. Giç ýat-da ir tur, alty pişegi artyk ur-(nakyl).


ALTYGANAT [altygagnat], kön. s. Aýry-aýry alty-tärimden ybarat uly öý.

Myhman ýerimiň altyganat öýüne oba adamlary üýşüp başladylar (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).

Agyr sepli altyganat öýüň eýesi baýyň lälik gelni bar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ALTYLYK, 1. Altyny bildirýän tsifr. Hany altylyk ýaz göreýin!

2. Oýnalýan alty gülli kart. Gara altylyk.

3. Käbir zatlaryň ölçegini kesgitleýän san. Altylyk galoş.


ALTYN, ser. Gyzyl II, 1, 2. Gumuň arasyndaky ýyldyraşýanlar altyn ekeni (Myraly).

Altyn ýerde-ýatmaz, ýagşylyk — ýolda (nakyl,).

Akyl aýnamaz, altyn çüýremez (nakyl).

* A k altyn—.pagta. Gara altyn — nebit. Gara altyndan joşgun derýa döredýäs («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ALTYÝAŞAR, Alty ýaşyny dolduran, alty ýaşly (mal hakda). Kolhozyň altyýaşar aty geçen aýlawda birinji ýeri aldy.