ALGEBRA, Matematikanyň harplar arkaly bellenilen ululyklaryň häsiýetini öwrenýän bölümi. Algebra sapagy. Olar algebradan berlen ýumuşlary işläp taýýarlapdyrlar. ALGEBRAIK, Algebra esaslanýan, algebra degişli bolan. Geometrik jemi, algebraik jem bilen garyşdyrmaly däl («Fizika kursy»). ALGY, Birine karz berlen pul ýa başga bir zat. Talap edişmeli bolsa, biz hem köne mirasymyzy, emläklerimizi, algylarymyzy talap etmeli bolarys. («Sowet edebiýaty» žurnaly). Gowaçadan azu-köp tohum almak mümkin bolsa-da, ýorunjadan tohum almak, edil gedaýdan algyňy alan ýalydyr (N. Jumaew, Ak derek). Şu ýerden çykan badyma, kentliden bir şaýy-da algy alman (M. Ibrahimow, Ol gun geler). Açda algyň, bege bergiň bolmasyn (nakyl). * Gan algy nähak öldürilen hossaryň üçin gandar tarapyňdan ar almak, öç almak ýagdaýy. Başyny etegine salyp gelen adama gan algyň bolsa-da geçilýändir! diýmegi, Halnazary has hem köşetdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). ALGYDAR [algyda.-r], ser. A l g y l y. ALGYLY, Birine pul ýa başga zat karz beren adam, algydar. O ýaman algyly jan alyjy, öldüriji, «ezraýyl». Ýeri, näme beýle ýaman algyly ýaly seredýärsiň?! (B. Pürliew, Ilkinji gün). ALGYR, 1. zool. Çüňki, dyrnagy ýiti, gözleri ullakan çalymtyk mele reňkli, ýyrtyjy guş. Wepanyň gürrüňine görä, olar kemerlerden algyr guşlaryň höwürtgesini gözläp ýörkäler, bu ogryn çykalga tapylypdyr (A. Gowşudow, MähriWepa). 2. Gowy alýan, alagan. Olaryň çaga guşy -algyr bolup çykdy. 3. göç. m. Edermen, gaýratly, batyr. |