SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

ALÇ

ALÇA, bot. Üljä meňzeş, göjek ýaly togalajyk, sary reňkli suýjumtik iýmiş we şol iýmişi getirýän agaç. Gojaman daglaryň kert ýakalaryndaky ýabany erik, üzüm, alça agaçlarynyň miwesi şahalaryna agram berýär («Sowet Turkmenistanynyň aýallary» žurnaly).

Garrygalanyň dag jülgelerinde alça köp bitýär.


ALÇAK, Göwnaçyk, mylaýym, gadyrly, şoh.

Onuň özi-de bir alçak ýigit («Tokmak» žurnaly). Garaýagyz-alçak bir gelin Aleksandra Iwanowna ýüzlendi («Mydam taýýar» .gazeta). Bu alçak adam bizi gadyr bilen garşy aldy («Kolhoz günleri»).


ALÇAKLYK, Göwnaçyklyk, mylaýymlyk, gadyrlylyk.

Ine, onuň «alçaklygy» we akylly habar gatyşy "(N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Gylyç aganyň alçaklygy ýöne ýerden däl ýalydy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ALÇY, Aşygyň at münýän tarapy. Akpamygyň ogly men, Ýok ýagyrnyň egeni men, Altyn aşygym alçi gop! («Edebiýatdan hrestomatiýa»).

* Alçy mündürip, towha gopdurmak — birini oýnamak, başyny-gözüni aýlamak.

Aşygy alçy oturmak — ser. Aşyk II. Aşyr han, adama dost hem, garyndaş hem onuň aşygy alçy oturan wagtynda tapylýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).