SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

ALL

ALLA [alla:] I, dini. Hudaý, taňry.

Madyr işanyň allany, pygamberi çagyrmagy näme üçinkä?! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ALLA II, Bir zat dogruda ikirjindemegi, ynamyň doly ýoklugyny, şübhelenmegi aňladýan söz.

Alla, meniň pişik bilen oýun salyşmak höwesim bard-ow («Turkmen halk ertekiler ýygyndysy»).


ALLALAMAK [alla:lamak], Ýaş çagany ýatyrmak maksady bilen hüwdülemek.

Ogulşeker bäbegini allalap ýatyrdy.


ALLANIÇIGSI: allaniçigsi bolmak — gorkuly tisginmek, üşerilmek, özüni ýitirmek, geň galmak, zähräň ýarylan ýaly bolmak.

Ene allaniçigsi boldy we zor bilen goşaryny gerjeşdirip, ýerinden turdy (M. Gorьkiý, Ene).

Gyrat allaniçigsi bolup gaýra çekildi («Görogly» eposy).


ALLANÄME, Örän oňat, juda ýagşy, bir geňsi, bir kemsiz.

Ine, seret, allaneme durmuşymyz bar! (B. Purliew, Ilkiiji gun).

Onuň ogluna-da at dakyp biljek däl, allaneme (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Jeren allaneme maşgala.


ALLANÄMELIK, Örän oňatlyk, bir geňsilik, bir kemsizlik.


ALLASYZ [alla:syz], Hudaýa, dine ynanmaýan adam, hudaýsyz.


ALLEGORIK, Göçme manysy bar bolan. Allegorik stil.


ALLEGO'RIÝA, edeb.   Göçme  manyly obraz.


ALLE'ÝA, Iki gapdalyndan hatar bag ekilen ýol.

Men bulwaryň lipa agaçly alleýasy bilen gezelenje çykdym (M. ÝU. Lermontow, Biziň zamaiymyzyň gah-rymany).


ALLITERA'TSIÝA, edeb. Şygyrda çekimsiz sesleriň sazlaşyp gelmegi.

Seýdiniň şygyrlarynda alliteratsiýany, anaforany kem görmek bolýar («Edebiýat»).