SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

ALŇ

ALŇASAK, Gyssanmaç, howlukmaç.

Artyk alňasak ýagdaýda daşary çykdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ene göwni halamazlyk bilen baş egip: — Elhepus, alňasakdyklaryny — diýip, pikir etdi (M. Gorьkiý, Ene).


ALŇASAKLYK, Gyssanmaçlyk, howlukmaçlyk. Kim- dir biri alňasaklyk bilen gelýärdi (A. P. Çehow, Saýlanan eserler). Nikolaý alňasaklyk bilen gözden gaýyp bolup gitdi (M. Gorьkiý, Ene).


ALŇASAMAK, Howlukmak, gyssanmak. Garry Jygaly beg alňasaýar («Görogly» eposy).

Başlyk biraz alňasaýandygyny duýdurdy («Kolhoz günleri»). Saňa näme boldy? — diýip, Garýagdy, ýere gaçan haty galdyrmaga alňasady. (N. Jumaew, Ak derek).

Ajygan ölmez, alňasan öler (nakyl).


ALŇASATMAK, Birini howlukdyrmak, gyssamak. Çagany beýle alňasatmasana!


ALŇASAŞMAK, Howlugyşmak, gyssanyşmak. Kolhozçylar ir bilen alňasaşyp işe barýardylar.

Alňasaşyp biz işe,  düwünýärdik dänikden («Sowet edebiýaty» žurnaly).