SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

ALM

ALMA, Togalak görnüşli miwe we şol miwäniň agajy.

Seleň saýa salýan bilbilli baglaň, Alma, enar, üzüm, peýwende berýär (N. Pomma, Saýlanan eserler). Ýaňaklary alma dek, dodaklary gunçadyr (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Gurban Jepbara ýumruk ýaly gyzyl alma hödürledi («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Almany göge at, ýere düşýençä ýa pelek (nakyl).

Alma biş, agzyma duş (nakyl).

* Bir- almany iki bölen ýaly — örän meňzeş (ýüz keşbi barada). Bujagaz çagalar edil bir almany iki bölen ýalydy.


ALMAZ, 1. Berkligi bilen tapawutlanýan, ýaldyrawuk, reňksiz, gymmat bahaly daş.

Hatda almaz gaşly bir ýüzük-de alyp, barmagyna dakdy (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Elimde gylyjym, almazdan ötgür, Atym ýyldyrym dek uzaga gitgir (N. Pomma, Saýlanan eserler).

2. Şu daşyň bölejigi berkidilen aýna kesýän gural. Aýnany almaz bilen kesmeli.

3. gepl. d. Sakgal syrmak üçin polatdan ýasalan üç deşiklije ýasy we ýukajyk päki. Sakgal syrar ýaly almazyň ýokmy? («Tokmak» žurnaly).


ALMAK, 1. Eliňde ýerleşdirmek, elinde ýa-da başga bir ýerinde saklamak.

Garry stoluň üstündäki jamy, alyp, içini suw bilen çaýkady (M. Gorьkiý, Ene).

2. Belli şertlerde haýsy-da bolsa bir maksat bilen kabul etmek. Harby gulluga almak.

3. Bir zada eýe bolmak, gola salmak, özüňe boýun egdirmek. Duşmanyň ýaraglaryny zor bilen aldyk.

4. Tölemek, bermek (baha hakda). Her adamdan näçe alýar?

5. Ýanyň bilen geterip gitmek. Ol ugrajak bolanda, çemedan, ýorgan-düşek hem aldy.

6. Kömekçi işlik funktsiýasynda ysnyşyp gelýän isimleriniň manysy bilen baglanyşykly hereket aňladýar. Dynç almak, garşy almak, salgy almak, dem almak.


ALMALYK, Alma agajynyň köp biten ýeri. Tiz git-de dermanlaryňy göterip baga bar, biz almalykda ýa şetdaly bagynda bolarys (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


ALMANA'H, Aýry-aýry awtorlaryň edebi eserlerini öz içine alýan eserler ýygyndysy.

Ata Salyhyň ençeme eserleri almanahlarda bardyr.


ALMYT, 1. Para, peşgeş. Mollaň almyty, gargaň iýmiti (nakyl).

2. göç. m. Jogap, gaýtargy, hak. Hä-ä, sopy aga, aldyňmy almityňy? (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Meniň diýenimi etmän, almytyňy aldyň-my? — diýipdir (Myraly).