ALBAÝ, Guşa aw öwredilende ýüzi bölejik gyzyl mataly bulaýlanýan akja keçe. Albaý bulap çagyrsam, şuňkarym sen gola gel («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»). ALBASSY [a:lbassy], mif. Gara basmaklyk ýagdaýynda göze görünýän al-arwah. ALBINI'ZM, med. Pigment etmezligi zerarly deri we saçlaryň agarmagy, reňk etmezligi. ALBO'M, Suratlary, kollektsiýalary goýmak üçin depder. Suratyňa albomymda jaýym bar, Seniň söýgiň ýüregimde daýym bar (Çary Aşyr, Poemalar). Albomy maňa, şol suraty bolsa Aýdogda berdi (R. Alyew, Sülgüniň hatlary). Amangül ullakan alboma seretmegi gowy görýär («Sowet Türkmenistanynyn aýallary» žurnaly). |