SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

ALA


ALA [a:la] I, 1. Dürli reňklerden, zolaklardan ybarat bolan. Ondan soň galyň gabaklaryny galdyryp, ala gözlerini Aýna bakan aýlady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Gurbantäjiň süýtli ala sygry bar.

2. Bir sydyrgyn bolmadyk. Ýer — ala, ýurt — ala (nakyl).

* Ala tutmak— hemme kişini bir gözde görmezlik.


ALA [a:la] II, Bir giden takyr, düz ýer. Goşumyz dagady gumda-alada, Tapylsa, odunmyz çör eden kanun (N. Pomma, Saýlanan eserler). Ýeňseki alada keýik bar.


ALABASGY [a:labasgy], Uly başagaýlyk, aladalylyk; dyknyşyk, basa-baslyk, aljyraňňy ýagdaý.

Agyr goşun alabasgy bolaýdy («Gerogly» eposy).


ALABAHAR [a:labahar], Ýaz paslynyň ýaňy başlan döwri, ýany ýaz çykan wagty. Tejeniň derýasy bu ýyl alabahardan joşup başlady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Kolhoz ýazlagynda alabahardan soň, janly hereket başlanýar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ALABEDER [a:labeder], Zolaklar bilen örtülen, gelşiksiz, ýaramaz görnüş, reňk. Alabeder çarygy bilen meniň alabeder paltomyň syýyny hapalady (M. Gorьkiý, Eserler). Ol aňkarylyp duran alabeder kostýumly üçünji ýolagça seretdi (N. Jumaew, Ak derek).


ALA-BÖLE [a:la-bö:le], Diňe, aýratyn, aýry-başga. Ýeri, indi onuň ala-böle menden ýüzüni sowmasy näme?! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Ala-böle saňa näme boldy?!— diýip, aýalym ýer depip gygyrmaga başlady .(«Tokmak» žurnaly).


ALAW, dial. Ot.


ALAWUZ,  gepl.d.  Alyp-ýolup barýan,  aldajy.


ALAGAIYŞ [a:lagaýyş], Atyň göwsünden aýlanyp dakylýan ýüzi nagyşly gaýyş, esbap.


ALAGALMAGAL [a:lagalmagal], Gykylyk, goýgun, zenzele, wagyr. Traktoryň daş-töweregi alagalmagaldy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ALAGARAŇKY [a:lagaraňky],    Daň atmazynyň öňü-syralary ýa-da ilkagşamlar, iňrik garalan wagtynyň soň ýanlary. Alioşa ata çalasyn atlandy-da, gamça basdy, alagaraňkynyň içinde süýnüp giden ýyldyrym ýaly gözden ýitdi. Gijeki aýaz daňdanyň alagaraňkysynda biraz ýumşady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ALAGARAŇKYLYK [a:lagaraňkylyk], Ne garaňky, ne ýagty bolup duran wagt. Jeňňel alagaraňkylygy.


ALAGOWURDAK [a:lagowurdak], Hala, aýal eşigine salynýan nagyş.


ALAGOWURDY [a:lagowurdy],  Köpçülik tarapyndan düzgünsiz, tertipsiz çykýan cec, galmagal.

Ýaş ýigitler özbaşlaryna alagowurdy döretdiler (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


ALAGOPGUN  [a:lagopgun],   ser.  Alagalmagal.


ALAGÖZ [a:lagöz], Garasyndan agy köpräk bolan göz .   Ol alagöz bir ýigitdi.


ALAGYKYLYK   [a:lagy:kylyk],   ser.   Alagalmagal.


ALAGYRMYLDY [a:lagyrmyldy], Haýwan sürüsiniň mör-möjekleriň ýa-da topar-topar adamlaryň

tertipsiz eýläk-beýläk hereket etmegi. Güne ynsan bilen bilelikde şatlanýan mör-möjekler-de hinlerinden çykyşyp, ertir çagynda alagyrmyldy  bolýardylar (A. Nyýazow, Saýlanan eserler).


ALADA, Bir zat barada edilýän pikir ýa-da iş,  gam, gaýgy. Şonuň üçin-de ol öten agşamdan bäri köp alada çekdi, köp iňkis etdi (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Süleýmanow onuň aladasyny ýeňletmäge çalyşman, işiň hakykatyny mälim etdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ALADALANMAK, Alada edinmek, gam çekmek, pikir etmek, gaýgy etmek.

Kolhozyň ýolbaşçy işgärleriniň köpüsi diňe pagta planyny doldurmak, barada aladalanyp, kolhoz hojalygyny hemme taraplaýyn ösdürmek barada işleri planlaşdyrmagy ýatdan çykarýar («Sowet edebiýaty» žurnaly). Mehanizator kadrlaryny taýýarlamak barada öňünden aladalanmak gerek .


ALADALY, Aladasy köp bolan, pikirli, gaýgyly, gamly.

Aýal aladaly nazar bilen uzaga garap başlady (M. ÝU. Lermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymany).

Ol ilki gaýgyly, aladaly ýaly göründi (B. Kerbabaew, -Aýgytly ädim). Eýsem näme üçin ol ulaldygyça onuň atasy aladaly, ünjüli görünýär (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Olardan göreniň boldumy?! — diýip, aladaly garşylady («Sowet Türkmenistany» gazýeti).


ALADALYLYK, Aladaly halda bolmaklyk, aladaly ýagdaýda bolmaklyk, gaýgylylyk, gamlylyk.

Mallary örän aladalylyk bilen idetmeklerini berk talap edýäris («Sowet Türkmenistany» gazýeti).


ALADAŇDAN [a:ladaňda:n], Daň atmazynyň öňü-syrasy, ýaňy daň agaryberen wagty.

Uzyn gije ýatman taýýarlyk gören, aladaňdandan bäri dynman batareýa komanda berýän kapitan, leýtenant Morozowa atyş nyşanlaryny berip, özi çilim çekmäge oturdy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Aladaňdan ýolaýyrtda ýolagçy maşyn togtady (N. Jumaew, Ak derek). Ol ertir aladaňdan meniň ýanyma gelip: — Cara jan, göwnüňe degen bolsam bagyşla, baharym we guwanjym! — diýdi («Tokmak» žurnaly). Awçylar aladaňdanlar awa gidýärler.


ALADASYZ, Hiç zady pikir etmeýän, aladasy bolmadyk,   gamsyz. 

Çagaly kolhozçy eneleriň  aladasyz işlemekleri  hakynda uly alada edilýer («Sowet Türkmenistanynyň aýallary»  žurnaly).


ALADASYZLYK, Aladasyz bolmaklyk, biagyrylyk, gamsyzlyk.


ALADAÇY, Köp alada edýän, pikir çekýän, gam çekiji. Sapar gaty aladaçy oglan.


ALAJA [a:laja], 1. Bir tary, dini ak, beýlekisi gara edilip işilýän ala ýup ýa-da ýüplük. Ol alaja sapak işip monjuklaryny düzdi.

2. Halynyň gyrasy-na bir ak ýüp çitilip, bir gara ýüp çitilip edilýän akly-garaly çyzmyk nagyş.

3. Geýimiň gyrasyna, ýakasyna gara sapagy ak sapak bilen basdyryp salynýan nagyş.


ALAJAGÖZEN [a:lajagözen], zool. Pişige görä kiçiräk, syçan pisint, ala reňkli, porsy ysly kiçýjik haýwan. Haýwanat bagynda alajagözen bar.


ALAJA-MULAJA      [a:laja-mu:laja],  Ala reňkli, reňki  ala bolan. 

Myratlaryň alaja-mulaja  pişigi bar. . 


ALAZENZELE   [a:lazenzele],   ser.  Alagalmagal.


ALAKA ,I zool. Syçanlar maşgalasyndan syçana röpä ulurak, mele reňkli gemriji haýwan.

Biz awa gidenimizde, alakalar, ýalmanlar duş gelýärdiler («Pioner» žurnaly). Şu gummeziň gündogar düýbünde bir alaka ýaşaýar («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»). Ine, birdenkä sarymtyl alakalar eserdeňlik bilen durup, daş-töwerege garanjaklaşdylar (N. Jumaew, Ak derek).


AlAKA II, gepl. d. Aragatnaşyk, baryş-geliş. Onuň Meret bilen öňden alakasy bar.


ALAKASYZ, gepl. d. Aragatnaşygy bolmadyk, baryş-gelişsiz, aragatnaşyksyz.


ALAKJAMAK, Ýetişiksiz halda bolmak, alňasamak.

Alakjap barýan Wüşi kel hem indi bu sesiň nämedigini aňlady (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Obanyň içinde edil aç it ýaly alakjap gezýärin, Ene maňa azgyrylyp sögýär (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


ALAKJATMAK, Ýetişiksiz ýagdaýda goýmak, alňasatmak.

Men ony iki ýaňa alakjatdym, emma hiç zat çykmady.


ALAKJAŞMAK, Ýetişiksiz halda eýläk-beýläk ylgaşmak, alňasaşmak.

Olar alakjaşyp ýördüler.


ALAMAN, kön. s. Rewolýutsiýadan öň: çapawulçylyk etmek, talamak maksady bilen edilýän çozuş.

Hä, ol alamana gidip, ýesir düşendir (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Atam pahyr alamana gidişlerinden gürrüň bererdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Galanlary bolsa ýow güni, alaman güni ýygnanýarlar («Görogly» eposy).


ALAMANÇY, kön. s. Alamana gatnaşyjy.

Ýol üstünde alamançy, Sowul-ha gyzlar geleýdi («Görogly» eposy).


ALAMANÇYLYK, kön. s. Rewolýutsiýadan öň: olja almak maksady bilen keseki ýurda edilýän çapawulçylyk. Eger ruslar şu ýerik gelmedik bolsalar, siz,  belki, alamançylyk döwründe ýaşardyňyz. Eýran bilen arada alamançylyk, talaňçylyk dowam ederdi (B, Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ALAMAT [ala:mat], 1. Nyşan, belgi, tagma. Ine şu nyşan hem mergenligiň alamatydyr — diýdi (J. Akyew, Mergeniň ogly).

2. Bir düşünjäniň simwoly.

Dymmak — razylygyň alamaty (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).

Parahatlyk alamaty — kepderi, Depämizde uçsun diýip, gol çekýän. (R. Alyew, ).


ALAMATLANDYRMAK [ala:matlandyrmak], 1. Belläp görkezmek, bellemek.

2. Bellik etmek. Emin utuk sanyny taýagynda alamatlandyrýardy.


ALAMATLY [ala:matly], Alamaty bar bolan, nyşan, belgi goýlan.


ALA-MULA [a:la-mu:la], ser. Alaja-mulaja. Ala-mila sygyr.


ALAN-ALDY, Kim alsa şonuňky, kim öň almaşak. talaň.


ALAN-ALDYLYK, Kim alsa şonuňky ýaly edip dargatmaklyk, talap, bölüşen ýaly etmeklik.


ALAŇ, Depe, beýigräk ýer, beýiklik .

Adalary hem alaňlary pugta barlagyn! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Maşynlar gabatdaky sazakly alaňa golaýlaşdylar («Kolhoz günleri»). Üstünde çöp bitmän, titräp ýatan, Ol alaňlar howalaňy basýardy (A. Nyýazow. Şygyrlar).


ALAŇLYK, Alaňyň köp ýeri. Ýoluň iki tarapy alaňlykdyr («Sowet edebiýaty» žurnaly). Süri alaňlykdan ýaňy aňryk aşypdy.


ALAŇŇYRT, zool. Gemrijiler toplumyndan bolan alaka pisint kiçijik haýwan.


AL-ARWAH [a:l-arwah], ser. Al II,

Ol töweregini al-arwah gabandyr öýdüp, has-da gorkup başlady (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


ALARMAK [a:larmak], Ala bolmak, ala bolup görünmek.

Okadykça gahary gelip, gözleri alaryp, hanasyndan çykaýjak boldy (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


ALARTMAK [a:lartmak]: 1) göz alartmak — ser. G ö z.

Emma kakasy gözüni alardyp seredeni üçin, sözüni şol ýerden kesdi (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Sahawat gözlerini alardyp, tekepbirlik bilen dymýardy (M. Gorьkiý, Eserler);

2) agyz alartmak — ser. A g y z.

Emma Lýudowik olaryň agzyny alartmagy başarypdyr (Orta asyrlar taryhy).


ALARYLMAK [a:larylmak], Birine gaharly, gazaply görnüşde äňetmek, seretmek.

Eziz han Aşyra alarylyp seretdi. Şeker Aşyra bir hili alarylyp seretdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ALARYŞMAK [a:laryşmak], Biri-birine gaharly, gazaply seredişmek.


ALASAMSYK [a:lasamsyk], Samsygrak, akyly gelip gitmeliräk.

Iliň gepine gidip, näbelet obalardan gelin alsaň alla alasamsyk çykjakmy, alla darsdaban çykjakmy — kim bilýär? (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ALASARMYK [a:lasarmyk], Düşnüksiz, gümürtik, ne eýläk, ne beýläk.

Bu bulam-bujarlygyň barysy onuň üçin alasarmykdy (M. Gorьkiý, Ene). Howa, sen nätdiň, bizi alasarmyk edip goýduň-la! («Sowet edebiýaty» žurnaly). Garrynyň aýdanlary nähili adama duşeňligini bilmän, alasarmyk bolup oturan Şirne pugta täsir etdi (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Artyk Aşyra alasarmyk jogap gaýtardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ALAS-GOPAS, Alňasak, aljyraňňy (ýagdaý).

Köçä-niň ugrundaky adamlar alas-gopas bolşup barýardylar.


ALAS-GOPASLYK,   Alňasaklyk, aljyraňňylyk.


AL-ASMAN [a:l-asma:n], Örän ýokary, belent asman.

Al-asmanda polat guşlar uçurýar (Durdy Gylyç, goşgular). Al-asmanda gyzyl raketa pel-pelledi («Sowet Türkmenistany» gazýeti). Al-asmanda beslenip, Älemgoşar göründi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ALATAKYRDY [a:latakyrdy], Predmetleriň goz-galmagy, çakyşmasy, biri-birine degmegi ýa-da aýak sesi zerarly emele gelýän zenzele, şakyrdy.

Paýtua alatakyrdy turzup, gapy basgançaklarynyň ýanynda saklandy (M. Gorьkiý, Eserler).


ALATOGAN [a:latogan], zool. Torgaý ululygynda-ky garala guş.

Näme üçin bu alatogan, zýablik, snegir bolman, hut jikjikimiş (M. Gorьkiý, Eserler). Kesellerden başga ýüpek gurçuklaryna serçe,  goýunguş, geçiguş,  alatogan, her hili arylar, çyrlawuklar, çal alaka ýaly gemrijiler uly zyýan berip biler .


ALAHEKIK [a:laheki:k] zool. Ganatlarynda ak peri bolan gargalar maşgalasyna girýän guş.

Dändi Eje: — Waheý, haram ölmüş, jakyrdyklap geçen, ala-hekik, tamyň üstünde seren gurdumyň ählisini ogurlap tükedäýse nätjek — diýip gargandy.


ALAHÖWREN [a:lahöwren], zool. Boýnundan tä guýrugyna çenli arkasy tegmilt, garala reňkli, zäherli ýylan.

Käte bolsa alahöwren ýylanyny görýärdik («Pioner» žurnaly). Ýol üstünde mähnet ýogyn, Alahöwren ýylan ýatyr (B. Kerbabaew, Poemalar). Ine, hinden çykyp gelýär, Alahöwren, okýylan-da («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ALAÇ [ala:ç], 1. Çäre, tär.

Saňa hudaý kämek etsin, belke-de, alajyny-çäresini taparsyň, belki hudaý! (M. Gorьkiý, Ene). Her taraplara sürüp gördüm, hiç alaç bolmaýar («Görogly» eposy). Etjek aljyň ýok! (B. Pürliew, Ilkinji gün).

2. Mümkinçilik, ugur, ýagdaý.

Musa aga, meniň hiç bir alajym, ýok! — diýýär (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Aý, işiňiz şol bolsa, onuň bir alajy tapylar («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»).


ALAÇA [a:laça], Erşi gyzyl, argajy gök, elde dokalýan nah matanyň bir görnüşi.

Şol ýetim gyza ýa-da onuň jigisine bir döwüm çörek beren ýeriňiz barmy, egnine bir alaça etdiňizmi? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Onuň başynda börügi we egninde duz ýaly agaran alaça köýnegi bardy (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


ALAÇALY [a:laçaly]: alaçaly ýag—toşap garylan guýruk ýa-da sary ýag.

Onuň üstünde içi alaçaly ýagly jamy goýdy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Çaý teýi ýerine alaçaly ýag hem düýäniň agarany bilen bakdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ALAÇSYZ [ala:çsyz], Çäresiz, ýagdaýsyz, alaç tapmaýan.

Alaçsyz bolup iýsem hem inime ýokmaýar («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»).

Firidun alaçsyz pil süňküni çykaryp, Sudaba uzatdy (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


ALAÇSYZLYK [alagçsyzlyk], Alaç tapmazlyk, çäresizlik.

Onun bütin göwresi özüniň alaçsyzlygyna düşünip, tukat gaharlandyrýan biderek dözmezçilik döredýärdi (M. Gorьkiý, Ene).


ALAŞA, zool. Tohum at bilen tohum däl baýtaldan bolan ortaça at.

Emma alaşadan ýykylyşyňa biz-ä haýran (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Kümüş gapyrjak).

Gylyç aga özüniň satanlak dor alaşasyny idip gelýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ALAÝAZ [a:laýa:z], Şatlykly, şowhunly, gülşükli ýagdaý.

Hoşgeldiniň deň-duşlary onuň töwereginde ýygnanyp degişýärdiler, gülüşýärdiler, alaýazdylar. Jaýyň içi alaýazdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Zähmete yhlasly hem-de hoş owaz, Mydam, göreş, iş üstünde alaýaz (N. Pomma, Saýlanan eserler).