ALHA-ALLYK [alha:-allyk], Bir zady nebsewürlik bilen almaklyk, ýerli-ýerden almaklyk. Bolşuňyz ne-tüýsli, alha-allyk bar ýaly! ALHI'MIK, Alhimiýa bilen meşgul bolýan adam. ALHI'MIÝA, Orta asyr mistikleriniň ýönekeý metallary tebigatda bolmadyk fantastik «filosofik daş» arkaly gymmat baha metala öwurjek bolup geçirýän gözleg ýollary. AL-HOWA [a:l-howa:], Belent, örän ýokary, al-asman. Güýçli gürrüldili, haýbatly sesli, Al-howada gezýär, polatdyr asly (Ata Salyh, Saýlanan eserler). |