SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

ALJ


ALJYRAMAK, Howsala düşmek, özüňi ýitirmek, eliňi-aýagyny çaşyrmak, başagaý bolmak.

Onsoň men aljyrap, öz dilime getirip oturanymy diýip goýberdim (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Aklar aljyrady. (B. Kerbabaew, Aýgytly edim). Garly aljyrady (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


ALJYRAŇŇY, Gara başyna gaý, başagaý.

Anna-täjiň aljyraňňy ýagdaýyny duýanda, halypasy düşündiriş berdi («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).

Aljyraňňy Mawy:—Artyk! — diýip, gygyryp galdy (B. Kerbabaew, Aýgytly edim). Dogry, olar häzir aljyraňňy. bolupdyr (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


ALJYRAŇŇYLYK, Başagaý halda bolmaklyk, aljyraňňy ýagdaýda bolmaklyk.

Ol aljyraňňylyk bilen kürekleýärdi (M. Gorьkiý, Eserler). Aýna olaryň aljyraňňylygyna ýylgyrdy (B. Kerbabaew, Aýgytly edim). Onda bir hili aljyraňňylyk peýda boldy (J. Akyew, Mergeniň ogly).


ALJYRATMAK, Birini utandyryp, howlukdyryp, başagaý etmek, garabaşyna gaý etmek, elini-aýagyny ýitirtmek, başagaýlatmak.

Hoşgeldi, sizi adatdan daşary bir pikir aljyradýar öýdýän! (A. Gowşudow, •Kepetdagyň eteginde).

Mama adatda kinaýaly sözlere düşünmezek, gyjatly söze üns bermezek bolsa-da, Aýnanyň soňky sözi ony aljyratdy (B. Kerbabaew, Aýgytly edim).


ALJYRAŞMAK, Köp bolup aljyrap oturmak, bir näçe bolup aljyramak, başagaýlaşmak.

Olar näme etjeklerini bilmän, aljyraşyp ýördüler.